gula
26.11.2023 11:11
Käte güler ýüzüň solanda gamgyn
Saňa beren güllerimi ýada sal...
Ynjama sen,kalbyň galanda ýalňyz
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Gövnüňi ýykanda indi ol özge
Aňýanyň bolmasa,bakyp gözüňe
Gulak goýup şol öňküje sözüme
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Mensiz uzak ýoda ýatyr öňüňde
Baryp bilmen, durup bilmen deňiňde
Birden meni duýsaň alan demiňde
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Ýatlamalar ga:lar ýük bolup arka
Ýörärsiň bagtyňa,ýörärsiň ertä
Keşbim,sesim,küýsän vagtyň,birdenkä
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Soňky sözüm aýtýan dolup damagym
Çözle öz geljegiň täze ýumagyn
Soň soň ýaşlar syrygaýsa ýaňagyn
Eliň tutan,ellerimi ýada sal...

Durmuşda kä ejizleseň,ýadasaň
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Avtor:Şanazar Hydyrov
30
46
okayjy
26 Noýabr 2023
Ynjama sen, kalbyñ galanda ýalñyz...👍
okan
26 Noýabr 2023
Gaty manyly goşgy 👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.