gul✿
11.09.2024 21:20
Gülüñ näme günäsi bar, aslynda bu gülüň näme ýazygy barka? Ol şol gün şol oglanyň gözüne özüniň owadan görki bilen beýleki güllerden öňürti ilmekden başga ýazyk etmedi ahyry. "Gözelligi gülleriň kemçiligimikä. Aşa owadan bolanlygy üçin bagyndan ir ýolunan gülleriň ilki söýülip soň guramak ýaly ýowuz ykbalyna sebäp olaryň gözelligimi, owadanlygymyka?.." Solan gülleriñ ysy gamgyn bolýa.
Gyz özüni şol solan güllere meňzetdi. Aslynda güli ýürekden söýýän ynsanyň olary ýolmajagyny, soldurmajagyny ol şugün bildi. Bildi hem ýaşdan dolan gözlerini süpürdi.Soňam öz bolşuna gahary gelen gyz ähli zady unudyp guran gülleri aldy-da zible oklady. Ol durmuşa bolan höwesini ýaşaýyşa bolan hyjuwyny ýitirerden erklidi hem güýçlidi.
13
122
gul✿
10.09.2024 16:09
Ine, biz ýene sataşdyk. Sen bir tarapda, men bolsa garşy tarapyňda duryn.Salam berip, ýagdaýyñy soramak isledim, öñkiler ýaly, gülüşip -degişmegiñi isledim, ýöne indi durmuş bizi bir ýolda gaşylaşdyrsada, bile bir ugura ýöretmez. Senä öz ýoluña, men bolsa seniñ garşy ýoluña.. Emma seretsene takdyr bizi sataşdyrda. Iň bolmanda azsalymlyk säginmäne pursat berdi.Şoñ üçin takdyra gargamok. Ol bizi telim gezek sataşdyrdy, ençeme gezek bize bu ýoly bile ýöremäge pursat berdi. Şonuň üçin ikimiziñ aýry ýollarda ýôremegimize takdyr däl, biz, özümiz günäkär..
Bilýäňmi? Sen meniň düýşümdekäň düýşüme girýäň. Aýdasym gelýä, "gynama çyk aklymdan" diýip, ýöne seni ol ýerden kowsam soñ düýşüme girmersiñ öýdip gorkýan. Seni ýeke şol düýşlerimiñ içinde öñkiler ýaly gürleşip, özümi bagtly duýýan. Nädeýin isleýändä seni. Aklym bolmajagyna düşünýär, ýöne ruhum düşünenok. Ol seni isleýär. Ol seni görmek isleýär. Bilýäñmi hool ýylgyramda peýda bolýan ýañagymdaky çukurçyklar indi mende ýok, sebäbi men ýylgyrmagymy bes edenim bäri olar menden öýkeli, meni terk etdiler..Sen meniň arzuwymdyň. Arzuwym hem bolup galarsyñ. Ondan ne köp ne-de az.. Nädeýin? Arzuwlaryñ hemmesi hasyl bolup baranok.
Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda...
13
137
gul✿
09.09.2024 22:11
Beýle gaýgyly zatlar ýazýanyma seretme sen, men hemishe gülýan we gülýan wagtym hic kim ýalandygyny bilenok.
12
76
gul✿
07.09.2024 23:11
Ali we Nino "Batumi aýlagynyň kenarynda ýerleşdirilen ajaýyp heýkel yadygärligi, Batumi (Gruziýa) şäherindäki heýkeltaraşlykdyr. Bu heýkeli döredijisi Gurzin heýkeltaraşçy zenan Tamara Kvesitadze. Heýkeli döreden ussat zenanyñ aýtmagyna görä, heýkel her gün agşam sagat 19: 00-da, uzynlygy sekiz metrlik gyz bilen oglan heýkeli ýuwaş-ýuwaşdan bir tegelekde hereket edýär, we bir bitewilige gelip bir-biri bilen birleşýär, soň bolsa olar ýene biri-birinden zaklaşyp, daşlaşýarlar. Bu hereketli aýlaw 10 minut dowam edýär. Bu ajaýyp ýadigärligiñ we onuň töweregi ýagty neon yşyklandyryjylar bilen bezelip, ol ýer jahankeşdeleriñ ünsüni özüne çekýän ýerleriñ biri. Bu ýadygärlik gurlandan soň asyl ady “Erkek we aýal” dakylyp ol at soñ “Ali we Nino” diýen aşyklaryñ ady bilen çalşyryldy.

Ali. Nina söýgüsi barada bolsa "Kurban.Said" iñ ,,Ali ve Nina" romanynda giñişleýin beýan edilen. Kitapda 1918,1920 ýyllarda bir musulman, Azerbeyjanly ýaş ýigit Aly. Han bilen, Gurzin hemde hristiýan gyzy Nina. Kipiani atly ýaş gyzyñ arasyndaky başabarmadyk söýgisi barada ýazylan.

Kitaby okamagy maslahat berýän sebäbi bu roman 1937-nji ýylda Wenada ,,Ýüzýylyñ hekaýasy " diýilip dillere dessan bolup biziñ günlerimize gelip ýetipdir.

Toplap ýetiren: 🌹
18
161
gul✿
06.09.2024 21:13
Ümsümlik

Gorkynyñ penjesi garbap bogazy,
Döwlende şol bada ruhuň ýelkeni,
Ýaňlanyp gulaga bagtyň owazy,
Orap aldy ümsümligiň tikeni.
.
Dört pasly bir günde geçirip başdan,
Oýnadym jebirde iň soňky rolum,
Ädimsaýyn gorkunç güne garaşyp,
Synladym gaýtadan ölümli soňum.
.
Urgularyň bady gaýdyp ýuwaşdan,
Göz öňüne seremde ýürekde baryn.
Elbet, bir gün asman dolup ak guşdan, Ümsümlikde orun alar mazarym...


(Nurullah Genç)
12
35
gul✿
06.09.2024 14:39
Güller gözelligi senden öwrener,
Göz degmesin, Gülüm, gül çagyñ seniñ.
Agşamyñ şapagy sönük görüner,
Säheriñ şapagy ýañagyñ seniñ.

Gözleriñe baka bilmän bakañda,
Baksam ýürek aýdym aýdar hakyñda,
Ak hünjiñi ak boýnuña dakañda,
Baglar gözlerimi bent bagyñ seniñ.

Dogañda dogupsyñ gaşy sürmeli,
Zülpleriñi ogşap-ogşap örmeli,
Bagty görmek islän seni görmeli,
Düşümlidir, Gülüm aýagyñ seniñ.

Görsem, ýüregimde bir tupan turar,
Görmesem, ýüregim mydam ah urar,
Alkymyñdan atyr ysy bark urar,
Gülabyñ gaýmagy dodagyñ seniñ.

Ölmez, Güljahanym, saña ýar bolan,
Gülmez, Güljahanym, saña zar bolan,
Körpejekäñ saña wepadar bolan,
Şahyr ýüregimde soragyñ seniñ.

Gara.Seýtliýew

Goşgy ähli Güljahanlar üçin)
16
73
gul✿
05.09.2024 12:17
Hassahanada praktika gecemde ozumde bolan waka:
Hassahananyñ adaty iş günleriniñ biridi, sagat takmynan 08:30 töwerekleri. Ýaşy 80-den aşan bir ýaşuly başam barmagynyñ dikinini aýyrtmaga gelipdir. Howlugýandygy görnüp durdy. Naýynjar tolgunçly ses bilen sagat 9-da mühüm bir işiniñ bardygyny aýtdy. Men kellämi ýaýkadym-da gynansakda ähli lukmanlaryñ işlidigini we azyndan bir sagatsyz boşamajakdyklaryny aýdyp ýaşulyny oturtdym. Ýöne onuñ nähili gynançly gözler bilen sagadyna seredişini görüp ýüregim awady we entek tejribäm az bolsa-da kömek etmegi ýüregime düwdüm. Barmagyny gowja gözden geçirip ýarasynyñ bitişendigini gördüm we lukmanlaryñ birinden maslahat sorap gerekli gurallary we medikamentleri ýygnadym. Dikinlerini aýyrma işine girişip biraz gürrüñdeş boldum. Men çydam bilmän: "Beýle howlugyşyñyza görä i$iñiz gaty möhüm bolsa gerek?" diýip soradym. Onda ol: "Hawa, hassahana barmaly, aýalymy naharlamaly" diýdi. Aýalyna näme bolandygy bilen gyzyklandym. Ýaşuly gynanç bilen aýalynyñ Alsgeýmer (seýrek duş gelýän beýni bilen baglanyşykly çäresiz hassalyk, adatça 65 ýaşdan ýokary adamlarda duş gelýär) keseline duçar bolandygyny aýtdy. Onýança men dikinlerini aýyryp, ýarasyny dañdym. Men sagadyma seretdim-de: "Biraz gijä galsañyz aýalyñyz tolgunmaz-a?" diýip soradym. Soñky 5 ýyldan bäri ayaly ony tanamaýandygyny eşidip haýran galdym. Soñundanam: "Aýalym hat-da men onuñ nämesidigimem bilenok" diýdi. Menem haýranlyk bilen: "Ol siziñ kimdigiñizi bilmese-de her gün irmän gatnap ýörsiñizmi?" diýip soradym. Ýaşuly ýylgyrdy-da egnimden kakyp: "Ol meni tanamasa-da men ony tanaýana." diýdi. Men gözýaşlarymy zordan sakladym...
Şular ýaly adamsynyñ bardygy üçin ol aýal hassa hem bolsa şüphesiz dünýädäki iñ bagtly aýaldyr. Çyn söýgi - diñe bir fiziki hyjuw ýa-da romantika däldir. Hakyky söýgi - ähli zady (öñki, häzirki, soñky) bolşy ýaly kabul edip bilmek ukybydyr.
Ýaşulynyñ güni biziñ başymyza düşende bizem şonuñky ýaly hereket edermikäk?"

#Туркменистан Live.
vk.com
18
164
gul✿
03.09.2024 15:52
NAMYS HAKYDASY.

(•Birinji mazar)

Üçleñ ulusy men.
Amanbike men.
Maýsalyk döwrümdi urdy bir bela.
Ogulbike bilen suwa gidipdik.
Gaýramyz tokaýdy, çepimiz gala.
~
Kir ýuwup otyrdyk derýañ boýunda,
Jeññellikden çykdy bir jübüt atly.
Saçymyzdan süýräp, çekdi tokaýa...
Soñ ýene kenara
Oklady gitdi.
~
Şondan soñ üç aýlap
Erkek telpegne,
Seredip bilmedik... Görünse telpek,
Göýäki diýersiñ, bir alahöwren,
Bizi öz demine dartyp barýan dek -

(•Ikinji mazar)

Ogulbike... Üçleñ ortanjysy men...
Amanbike aýtdy maña-da derek.
Şeýdip on altydan ätlän günümiz,
Namysyñ jebrinden
Jaýryldy ýürek.
~
Göýä bedenmizden aýryldy ýürek.
Bolmaz mundan beter işi gaýdanlyk...
Şeýdip ynha gyzyl kürte deregine,
Başymyza gyzyl toprak atyndyk.

(•Üçünji, dördünji mazar)

"Üçleñ ejesi men...
Jemal eje men!..."
"Üçleñ atasy men...
Yslam ussa men!..."
Gülki gatyşykly, eýmenç bir owaz,
Goşalanyp çykdy ýeriñ astyndan:
~
"Ýeriñ üstündäki gara külbeden,
Ýeriñ teýindäki garañky mazar
Has ýagşyrak eken, ýumşagrak eken..."
Başga-da ses çykmady.
Kesildi owaz.

(•Bäşinji mazar)

Şondan bärem ine,
ýatyrys şeýdip.
Tümlükden gaýdypdyk, ýene-de tümlük.
Ýöne bu mekanda bir Adalat bar:
Ýetime-de deñlik.
Hana-da deñlik.
~
Dünýäni sarsdyran hanlaryñ biri,
Ýatyr o ýanymda pezzerdip murtun.
Oñ çep ýüzünde çeşşerip ýatyr,
Bäş ýüz köýnek geýip,
Mesirgän hatyn.
~
Bizi har etse-de ýerdäki zulum,
Ýer astynda bizi deñledi Ajal...
Bir otag, bir eşik... hemmä-de deñlik.
Şu deñlik ýokarda bolarka haçan?
Haçan? Haçan?

(•Awtordan)

Şol deñlige ýetdik, Gadymy Ejem,
Bizi gaýgy etme, ýat sen arkaýyn...
Deñligistan edip ülkäniñ için,
Doganystan etdik gumun, tokaýyn.
~
Türkmenistan dakyp
onuñ adyna,
Uçmahystan etdik ýeriñ arkasyn...
Görsediñ bu döwrüñ Amanbikesin,
Görsediñ bu döwrüñ Ogulbikesin -
Dünýäni añk edip öz görki bilen,
Öz hukugy bilen, öz erki bilen,
Siziñ ýaşyñyza -
on alty ýaşa,
Ýetýärler ýüz arzuw,
Müñ gülki bilen.

°K.GURBANNEPESOW.
gysgaldyp alynan.
17
118
gul✿
01.09.2024 15:05
Käbir zenanlar hemişe ýylgyrýandyr...

Gelersiñ ýylgyrar, söýersiñ ýylgyrar, öpersiñ ýylgyrar, gujaklarsyñ ol ýene ýylgyrar, saçlaryny ysgap, herbir tarynyñ ysyny içiñe çekersiñ ol sada gözlerini güldürip ýene-de ýylgyrar...
Gidersiñ ýene-de ýylgyrar, gam-gussalary berersiñ ýene ýylgyrar. Gözleri ýaşdan dolup, damagy gatar ol ýene-de ýylgyrar.
Gyýylar, gynanar ýöne hiç nägilelik bildirmez, biz bolsa töweregimize, durmuşymyza, dünýämize nur saçyp, ýüregimizi ýylatýan, ýörejek ýolumyzy ýagtylandyrýan, gözleri gülsede, ýüregi aglaýan, ,,Ol ýylgyrýar-a, diýmek bagtly" diýip pikir etýän ynsanymyzyñ aslynda içinde nähili uly bir ajy derdiñ ýatanyny, içindäki bolýan söweşlerden her gün nähili ýaralanyp, ynjaýanlygyny, ýylgyrýan wagty ,,ýagdaýym gowydäl" diýmek isleýänini duýup, añyp bilmejek derejede kördürüs, we bularyñ hemmesiniñ aslynda çyn sebäpkäri özümizdigine aklymyzy ýetirip bilmeýän wyźdansyzlaryñ biridigimizi unutýarys.

#🌹
19
103
gul✿
31.08.2024 13:39
Sen dek gözel bolan bolsa Zöhre-de,
Derýada biderek akmandyr Tahyr.

Mejnunyñ gözünde Leýlini gördim,
Sençe ýok eken.

Men «bar» diýsem,
«ýok» diýjegne şübhe ýok,
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.

Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam
Seniň ölilerden näme parhyň bar

Ýigrenilýän adamdan öýkelenmeýär, ol diňe ýigrenilýär.

Iň belent hem hiç mahal gadry gaçmaýan söýgi ýetilmedik söýgüdir.

Gör hany nirde ýalňyşdyñ, bolmanka bir GIÇ.

HIÇEM, GIÇEM BOLÝA,
SERET SAŇA YNAM ÖLÝÄ.

Ýalñyzlyk bu çuñ ummanda ýeke küreklemek däl, ýalñyzlyk ymmgyr çöllerde ýeke galmak hem dăl, Ýalñyzlyk bu mähelläniñ içinde SENI gözläp tapmazlyk.

#Halanlarymdan.
14
81