gul✿
11.09.2024 21:20
Gülüñ näme günäsi bar, aslynda bu gülüň näme ýazygy barka? Ol şol gün şol oglanyň gözüne özüniň owadan görki bilen beýleki güllerden öňürti ilmekden başga ýazyk etmedi ahyry. "Gözelligi gülleriň kemçiligimikä. Aşa owadan bolanlygy üçin bagyndan ir ýolunan gülleriň ilki söýülip soň guramak ýaly ýowuz ykbalyna sebäp olaryň gözelligimi, owadanlygymyka?.." Solan gülleriñ ysy gamgyn bolýa.
Gyz özüni şol solan güllere meňzetdi. Aslynda güli ýürekden söýýän ynsanyň olary ýolmajagyny, soldurmajagyny ol şugün bildi. Bildi hem ýaşdan dolan gözlerini süpürdi.Soňam öz bolşuna gahary gelen gyz ähli zady unudyp guran gülleri aldy-da zible oklady. Ol durmuşa bolan höwesini ýaşaýyşa bolan hyjuwyny ýitirerden erklidi hem güýçlidi.
13
122
ylham_gurbanaly
12 Sentýabr 2024
Gül satýanam, aşygam: ”Gülümi alýan ýok” diýip nalady...
ideallider
11 Sentýabr 2024
"Oýlanma" gönüşi(Žanr) öýdýän. Onda awtory kim?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.