gul✿
05.09.2024 12:17
Hassahanada praktika gecemde ozumde bolan waka:
Hassahananyñ adaty iş günleriniñ biridi, sagat takmynan 08:30 töwerekleri. Ýaşy 80-den aşan bir ýaşuly başam barmagynyñ dikinini aýyrtmaga gelipdir. Howlugýandygy görnüp durdy. Naýynjar tolgunçly ses bilen sagat 9-da mühüm bir işiniñ bardygyny aýtdy. Men kellämi ýaýkadym-da gynansakda ähli lukmanlaryñ işlidigini we azyndan bir sagatsyz boşamajakdyklaryny aýdyp ýaşulyny oturtdym. Ýöne onuñ nähili gynançly gözler bilen sagadyna seredişini görüp ýüregim awady we entek tejribäm az bolsa-da kömek etmegi ýüregime düwdüm. Barmagyny gowja gözden geçirip ýarasynyñ bitişendigini gördüm we lukmanlaryñ birinden maslahat sorap gerekli gurallary we medikamentleri ýygnadym. Dikinlerini aýyrma işine girişip biraz gürrüñdeş boldum. Men çydam bilmän: "Beýle howlugyşyñyza görä i$iñiz gaty möhüm bolsa gerek?" diýip soradym. Onda ol: "Hawa, hassahana barmaly, aýalymy naharlamaly" diýdi. Aýalyna näme bolandygy bilen gyzyklandym. Ýaşuly gynanç bilen aýalynyñ Alsgeýmer (seýrek duş gelýän beýni bilen baglanyşykly çäresiz hassalyk, adatça 65 ýaşdan ýokary adamlarda duş gelýär) keseline duçar bolandygyny aýtdy. Onýança men dikinlerini aýyryp, ýarasyny dañdym. Men sagadyma seretdim-de: "Biraz gijä galsañyz aýalyñyz tolgunmaz-a?" diýip soradym. Soñky 5 ýyldan bäri ayaly ony tanamaýandygyny eşidip haýran galdym. Soñundanam: "Aýalym hat-da men onuñ nämesidigimem bilenok" diýdi. Menem haýranlyk bilen: "Ol siziñ kimdigiñizi bilmese-de her gün irmän gatnap ýörsiñizmi?" diýip soradym. Ýaşuly ýylgyrdy-da egnimden kakyp: "Ol meni tanamasa-da men ony tanaýana." diýdi. Men gözýaşlarymy zordan sakladym...
Şular ýaly adamsynyñ bardygy üçin ol aýal hassa hem bolsa şüphesiz dünýädäki iñ bagtly aýaldyr. Çyn söýgi - diñe bir fiziki hyjuw ýa-da romantika däldir. Hakyky söýgi - ähli zady (öñki, häzirki, soñky) bolşy ýaly kabul edip bilmek ukybydyr.
Ýaşulynyñ güni biziñ başymyza düşende bizem şonuñky ýaly hereket edermikäk?"

#Туркменистан Live.
vk.com
18
164
ylham_gurbanaly
11 Sentýabr 2024
Ol meni tanamasa-da men ony tanaýana...
flowers_
6 Sentýabr 2024
@okyyjy, "ilki bagtym, soňky görgümem" bolaýýa käwagt, ondan bolonyňa şükür etmek ýerliklimikä diyyan, gadryny bilseler şeýle kakalarynyñ, çagalaram.
okyyjy
6 Sentýabr 2024
@sazsoft, siziňkäde ýalňyş diýip bolmaýar. Ýöne her adam özüçe ýaşaýa diýilse has dogry boljak ýaly
okyyjy
6 Sentýabr 2024
Men bir ýaşulyny tanaýan, aýaly ir aýrylypdyr, şo mahal ýaşuly 30-35 ýaşlarynda eken, 1 ogly 1gyzy bar. Soň öýlenmändir. Öýlen diýenlere "ogul ýerinde oglum bar, gyz ýerinde gyzym bar. Men näme üçin öýleýin" diýýän eken
flowers_
6 Sentýabr 2024
@sazsoft, şeý diýsene hälden "isleglere bagly"(maksadynyñ tapawdy ýok elbetde)
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@flowers_, Maksimumy ýok onuň, ♾️ Ýöne diňe gözlegiň maksady hem ähtimallygy tapawutly bolup biler. Şeýle-de gözläp-gözlemezlik zerurlyga we isleglere bagly...
flowers_
6 Sentýabr 2024
@sazsoft, K. Gurbannepesowyň "ikinjiň gözlegine ylgar diýdiler" diyeni yadyma düşdi), meselem maximum näçe ýaşdan soň gözlemzler?
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@flowers_, Bolýa 😐
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@flowers_, Hä, ýöne soragy ýazmankaňyz, oňa-da gytaklaýyn jogap ýazypdyryn, ýöne soragdan soň gidipdir. Hawa, näçe ýaşam bolsa, gözlegine çykylýar. Ýöne ýaş näçe uly bolsa, ähtimallyk şonça peselýär...
flowers_
6 Sentýabr 2024
Hassahana barada söz açmaly gowsy, ýaralam täzelenýä😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.