gul✿
01.09.2024 15:05
Käbir zenanlar hemişe ýylgyrýandyr...

Gelersiñ ýylgyrar, söýersiñ ýylgyrar, öpersiñ ýylgyrar, gujaklarsyñ ol ýene ýylgyrar, saçlaryny ysgap, herbir tarynyñ ysyny içiñe çekersiñ ol sada gözlerini güldürip ýene-de ýylgyrar...
Gidersiñ ýene-de ýylgyrar, gam-gussalary berersiñ ýene ýylgyrar. Gözleri ýaşdan dolup, damagy gatar ol ýene-de ýylgyrar.
Gyýylar, gynanar ýöne hiç nägilelik bildirmez, biz bolsa töweregimize, durmuşymyza, dünýämize nur saçyp, ýüregimizi ýylatýan, ýörejek ýolumyzy ýagtylandyrýan, gözleri gülsede, ýüregi aglaýan, ,,Ol ýylgyrýar-a, diýmek bagtly" diýip pikir etýän ynsanymyzyñ aslynda içinde nähili uly bir ajy derdiñ ýatanyny, içindäki bolýan söweşlerden her gün nähili ýaralanyp, ynjaýanlygyny, ýylgyrýan wagty ,,ýagdaýym gowydäl" diýmek isleýänini duýup, añyp bilmejek derejede kördürüs, we bularyñ hemmesiniñ aslynda çyn sebäpkäri özümizdigine aklymyzy ýetirip bilmeýän wyźdansyzlaryñ biridigimizi unutýarys.

#🌹
19
103
sazsoft
6 Sentýabr 2024
Aslynda ähli zadyň günäkäri özümizdigini bilsegem, bir wagtlar şo dereje kör hem wyždansyz bolanymyz üçin, şu wagt şonuň bilen deň derejede hesret çekýäris... 😐
zumerret_
1 Sentýabr 2024
Ş
zumerret_
1 Sentýabr 2024
Zenan "öziňe gowja seret" sözinede mätàç bolýar käte . Şol söz bilen sagalamasada gowni ho# bolýar.
ideallider
1 Sentýabr 2024
Post bar, ne at dakyp bolýar, ne teswir ýazyp bolýar. Hatda ýazara ajaýyp söz hem dile gelenok🙁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.