NAMYS HAKYDASY.
(•Birinji mazar)
Üçleñ ulusy men.
Amanbike men.
Maýsalyk döwrümdi urdy bir bela.
Ogulbike bilen suwa gidipdik.
Gaýramyz tokaýdy, çepimiz gala.
~
Kir ýuwup otyrdyk derýañ boýunda,
Jeññellikden çykdy bir jübüt atly.
Saçymyzdan süýräp, çekdi tokaýa...
Soñ ýene kenara
Oklady gitdi.
~
Şondan soñ üç aýlap
Erkek telpegne,
Seredip bilmedik... Görünse telpek,
Göýäki diýersiñ, bir alahöwren,
Bizi öz demine dartyp barýan dek -
(•Ikinji mazar)
Ogulbike... Üçleñ ortanjysy men...
Amanbike aýtdy maña-da derek.
Şeýdip on altydan ätlän günümiz,
Namysyñ jebrinden
Jaýryldy ýürek.
~
Göýä bedenmizden aýryldy ýürek.
Bolmaz mundan beter işi gaýdanlyk...
Şeýdip ynha gyzyl kürte deregine,
Başymyza gyzyl toprak atyndyk.
(•Üçünji, dördünji mazar)
"Üçleñ ejesi men...
Jemal eje men!..."
"Üçleñ atasy men...
Yslam ussa men!..."
Gülki gatyşykly, eýmenç bir owaz,
Goşalanyp çykdy ýeriñ astyndan:
~
"Ýeriñ üstündäki gara külbeden,
Ýeriñ teýindäki garañky mazar
Has ýagşyrak eken, ýumşagrak eken..."
Başga-da ses çykmady.
Kesildi owaz.
(•Bäşinji mazar)
Şondan bärem ine,
ýatyrys şeýdip.
Tümlükden gaýdypdyk, ýene-de tümlük.
Ýöne bu mekanda bir Adalat bar:
Ýetime-de deñlik.
Hana-da deñlik.
~
Dünýäni sarsdyran hanlaryñ biri,
Ýatyr o ýanymda pezzerdip murtun.
Oñ çep ýüzünde çeşşerip ýatyr,
Bäş ýüz köýnek geýip,
Mesirgän hatyn.
~
Bizi har etse-de ýerdäki zulum,
Ýer astynda bizi deñledi Ajal...
Bir otag, bir eşik... hemmä-de deñlik.
Şu deñlik ýokarda bolarka haçan?
Haçan? Haçan?
(•Awtordan)
Şol deñlige ýetdik, Gadymy Ejem,
Bizi gaýgy etme, ýat sen arkaýyn...
Deñligistan edip ülkäniñ için,
Doganystan etdik gumun, tokaýyn.
~
Türkmenistan dakyp
onuñ adyna,
Uçmahystan etdik ýeriñ arkasyn...
Görsediñ bu döwrüñ Amanbikesin,
Görsediñ bu döwrüñ Ogulbikesin -
Dünýäni añk edip öz görki bilen,
Öz hukugy bilen, öz erki bilen,
Siziñ ýaşyñyza -
on alty ýaşa,
Ýetýärler ýüz arzuw,
Müñ gülki bilen.
°K.GURBANNEPESOW.
gysgaldyp alynan.