goshguchy
25.04.2024 08:15
Aradaşlyk kyn geldimi,halys inni ýadadyňmy?!
Söýýän diýip sen menimi,ýa özüňi aldadyňmy?!
Güýmenmekmidi islegiň,nâ sen kiçi çagadyňmy?!
Aýralykda Senem men deý dertli gülüp,dagadyňmy?!
Düşünmedim menâ saňa,köpugurly ýodadyňmy?!
Ýarym galan bu söýgüde mensiz az kem togtadyňmy?
Ähli beren sözleriňe oýlan birje,pugtadyňmy?!
Men hemişe günâlidim,bolýa. Sen ak pagtadyňmy?!
Kalbym kesim-kesim etdiň,almaz,pyçak,paltadyňmy?!
Aý bor,bulara üns berme. Aýdaý az-kem ýatladyňmy?
Senem edil meniň ýaly hopugyplar agladyňmy?
Göwher Şyhberdiýewa
29
58
goshguchy
19.04.2024 08:17
Käbämiň islegi.
(Öz durmuşymdan)
Her kime bir aýry bagt ýazylýar,
Hemme isleg hasyl bolup duranok.
Bu gün erte belkide bir sagatdan,
Näm boljagyn öňden bilip bolonok.
Käbäm kyblam bilen arzuwda ýüzüp,
Bir kiçijik sagdyn perzent diledi.
Allam dileglemi kabul eýleýip,
Naşyja bir gözel gyz perzent berdi.
El aýagyň ýeke bolmaýşy ýaly,
Jübüt bolmalydyr her bir zat sany.
Şeýdip bir gyzyna göwün taýlandy,
Gyzylja saçlydy sagatdy jany.
Ogul gereklidi bir baý maşgala,
Şol iki gözeliň goragy üçin.
Allam üçünji gyz dünýä inderdi,
Ana şol maşgalaň diregi üçin.
Üç gyz maşgalanyň köňül hoşudy,
Dördünji gyz ýürekleri daşyrdy.
Bu ýagdaýa hijem gahar gelmedi,
Ejäň kakaň ýürekleri joş urdy.
Buýsandylar gynanmadylar hijem,
Begendiler ganat ýasady ýürek.
Döşün gerip kaka şeýle dillendi,
Müň baýlygy çalşman gyzlarma derek.
Gyzlar maşgalanyň göwher täjidi,
Emma göwün ogul çaga suwsady.
Dillendiler ýuwaşjadan pessaýdan,
Bir ýekeje oglan çagam bolsady.
Emme her bir isleg hasyl bolanok,
Şol isleg köňülde galan armandy.
Ogul ýerni tutdularam gyzlary,
Şol derde ýeke täk melhem dermandy.
Ejäniň islegi beýle köpem däl,
Gulluga gidende ýolun gözlemek.
Ak töre gelinin getirse ogul,
Şoňa baka gelnim diýip sözlemek.
Gyzlaryň arzuwy beýle köpem däl
Agam diýip şirin sözler diýmeklik.
Arzy şikaýeti aýdyp bir-birden,
Doganyňy çyn ýürekden söýmeklik.
Kakamyň arzuwy beýle köpem däl,
Öz oglunyň dertdeş dosty bolmaklyk.
Aýagy çolaşyp büdrese birden,
Golundan galdyrmak,arka durmaklyk.
Isleglermiz düwün boldy ýürekde,
Bile bolduk gaýgy gamda gülkide.
Nagile däl hijem asla bolmarys,
Sebäp Allaň islegidir belkide.
Göwher ýazdy durmuşyndan bir bölek,
Beýan etdi ýürekdäki sesleri
Emma gynanýaryn hasyl bolmady,
Öz käbämiň kalbyndaky islegi.
Şyhberdiýewa Göwher
30
47