II bölüm
Adama üç söýgi edilýär sowgat
Onuň ilkinjisi Ylahy¹ söýgi
İkinjisi dünýä² bolan yşgyňdyr
Aşyk³ bolmaklyk hem söýgüň iň beýgi
Şu üç zat betbagta eltip bilýändir
Erkiňde bolmadyk aşa kän gahar
İkinji "Haý" diýip bilmeseň nebis
Soňky hem köp uky,turmasaň säher
Şulary hiç haçan gizläp bolmaýar
Näçe isleseňem zehin,bilimi
Aşyk bolan soňuň kalpdaky söýgüň
Hem duýdansyz wagtda gelen ölümi
Hiç haçan zeýrenme pulum ýok diýip
Rysgalyň bar bolsa kem dälsiň handan
3 kişiden asla aşyň gysganma
Çagadan,hassadan,hemem myhmandan
Göwher Şyhberdiýewa