Adamlaň göwnüne degmäýin diýip
Gybatym etdiler bermedim ünsüm
Agyr gürlediler ýylgyryp bakdym
Dişim gysyp diňe bolupdym ümsüm
Adamlaň göwnüne degmäýin diýip
Salam berdim salam almasalaram
Sylagym,hormatym egismedim hiç
Meni köp ýerlerde aldasalaram
Adamlaň göwnüne degmäýin diýip
Dertlerini bile çekişjek boldum
Känbir göwnemedim kä bir ýagdaýda
Şondada goşulşyp gülüşjek boldum
Ýöne meniň ýaşap ýören dünýâmden
Has üýtgeşik olaň ýalan dünýesi
Her kimiň özüne görä bolmaly
Sebäp düşünýärler şonda hemmesi
Başymy Allanyň öňünde egdim
Namartlap namarda egmäýin diýip
Kä setirin köplenç ýazam soň,bozdum
Adamlaň göwnüne degmäýin diýip!
Göwher Şyhberdiýewa