goshguchy
28.04.2024 13:37
Ýazaryn

Bulutlara ýetip gögerse başym
Hal-ýagdaý sorasa dogan-gardaşym
Goşgulamdyr meniň dilsiz syrdaşym
Şonuň üçin derdim goşga ýazaryn

Entek "şeker"kimin mukaddes "duzkam"
Erjelli,gaýratly,ýetginjek gyzkam
Dilim saýrap,ellem zat ýazyp durkan
Goşgy azdyr giden roman ýazaryn

Şatlykly pursatdan asmana uça
Bu kütel ýollardan ýykylman geçe
Ak girmänkä heniz bu gyzyl saça
Dessan edip giden kitap ýazaryn

Sanalyp başlansa äden ädimim
Ýyrtylsa ýolunda geýen ädigim
Belki-de iň soňky demde diýdigim
Göwher "Altyn ýere şeýle gazaryn"
İň bolmanda 2 setir ýazaryn

Şyhberdiýewa Göwher
25
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.