goshguchy
07.09.2024 11:59

Mydam ýylgyram soň mertdir öýderdiň

Şonuň üçin öýdeniňden galmadyň

Sen gynansaň,saňa göwünlik berip

Soň, derdiňe kalbym ezip agladym


Diňe öz aladaň bardyr öýderdiň

Meň halymdan hergiz habar almadyň

Öz derdimi gömüp,seni diňledim-

Höre-köşe etdim!

Ýalňyz agladym


Sen söýerdiň,men söýerdim ýürekden

Biz ikimiz köp dertleşdik aňmadyň

Sen aglaňda:"Goý,ağlama"diýsemem

Sen giden soň içim çekip agladym


Şyhberdiýewa Göwher

11
36
goshguchy
05.09.2024 07:59
Ynsany kemsidip, üstünden gülme
Oňa eliň bilen kesek atmagyn
Oň üstüni kirletmäkäň,ilkinji
Öz elleriň kir bolýanyn ýatlagyn

Barmagňy uzadyp,hiç bendä gülme
Uzadan barmagyň kalby ürküzer
Özem,gülen wagtyň eliňe seret
Galan üç barmagyň seni görkezer

Şyhberdiýewa Göwher
7
17
goshguchy
04.09.2024 08:11
Öň göwünler hoş sözdenem ganardy
İndi kişä hoş sözüňem görünmez
Ähli kişiň gözi alysa bakdy
Göwün niçik göwün boldy bilinmez

Şükür, ertirlere açýas gözümiz
Gymmadyň gadryny gaçran ôzümiz
Biparh ýaşap ýörüs,ýaşan günümiz
Ömür niçik ömür boldy bilinmez

İş stolyn eýeledi sowatsyz
Nädip bolaýyn men onsoň gazapsyz?
Hiç kim iş bitirmez inni "halatsyz¹"
Döwûr niçik döwür boldy bilinmez

Halat-serpaý,sowgat
3
22
goshguchy
02.09.2024 18:55
mende şularyň bary hem birwagt bolup görüpdi(Gaty uzak wagt däl)ýöne depressiýa girmegim üçin hiç hili sebäp ýokdy(menem haýran)
11
290
goshguchy
01.09.2024 13:57
Kalbym doňan ýaly aýazly garda
İndi ýylgyrşymam gaçyp gidipdir
Her kim bakyp "Däli"diýip ýüzlenýär
Adym ýitipdir.

Sähel zatda gözden syrygýar ýaşym
Dünýäň gyzygy ýok bar zat bäş köpük
İlem güljek ýaly,halys ýadadym
Özümi bukyp.

Gideniňden soňra boldy şu zatlar
Öň ýogsa ýylgyrar, bagtly ýörerdim
Daşym çolaran dek,bir dünýe,bir men
Syrdaşym, derdim

Sensiz gülmesemem,bilýän ölmerin
Assa geçer-durar däliniň güni
Ğaýdyp geläýseňem yzyňa,indi
Tapmarsyň meni.

Şyhberdiýewa Göwher
15
46
goshguchy
19.08.2024 15:38
salam öwrenmeliň mähriban agzalary. Nâme üçin men teswirlere jogap berip bilemok. Hiç kimede teswir ýazyp bilemok. Teswir ýazylýan ýeri çykanok. bilýän bolsaňyz.jogap beräýiň
11
69
goshguchy
18.08.2024 15:50

goşgy hakynda pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz😊

19
85
goshguchy
29.06.2024 12:02

Terk edip giden soň,asla gorünme

Seni görüp aglamaly bolmaýyn

Başarsaň gursakdan soğur ýüregmi

Özge göwün awlamaly bolmaýyn


Görseň tanamadyk ýaly geçip git

Men bolsa yzyňdan elim galgaýyn

Özge bilen çykmajak bol garşymdan

Söýen bagrym daglamaly bolmaýyn


Bilýän,agyr değer maňa sensizlik

Ýöne öwrenşerin bu agyr ýüke

Alla hemme zady jüp eden bolsa

Gaýgy etme,menem galmaryn ýeke

15
83
goshguchy
25.06.2024 16:55
Sen ondan kiçijek (ýyldyz)islärsiň
Ol bolsa getirer (Aýy) aýagňa
Dilegi,hemişe seniň gülmegiň
Hemişe ýylgyryş gond:yr ýaňagňa

Sen ondan ýekeje bägül islärsiň
Ol bolsa aýagňa bakja getirer
Kä zatlary dillenmegňem zerur däl
Seni ähli isleglerňe ýetirer

Sen ondan bir gyzyl alma islärsiň
Ol alma agajyn getirer saňa
Şonuň üçin bolsa kakalaň ady
Gyzlarnyň dilinde hemişe sena
16
68
goshguchy
23.06.2024 12:13
Biz ikimiz paýlaşmadyk dünýäni
Sen-ä öz dünýäňi
Men öz dünýämi
Biz ikimiz paýlaşmadyk bilýäňmi?
"Söýgi"atly bize berlen kimýany

Biz ikimiz paýlaşmadyk bilýäňmi?
Kynçylyk,gussany,agyny,gamy
Şonuň üçin bolsa aýra düşdük biz
Ýurdundan azaşan durnalar ýaly

Biz ikimiz paýlaşmadyk dünýäni
Asla paýlaşmagam islemediň sen
Heran,haçan soralaýsa sen hakda
Şonuň üçin mydam bolup galýan sem

Şu goşgymy okap,içiň gürledip
"Sen dünýäňi paýlaşmadyň "diýýäňmi
Aslynda-ha günä sende,mende däl
İkimizde!
Unutdyk biz söýmäni
Biz mes bolduk,berlen gymmat söýgüni
Biz paýlaşyp başarmadyk bilýäňmi?

Şyhberdiýewa Göwher
28
134