goshguchy
29.06.2024 12:02

Terk edip giden soň,asla gorünme

Seni görüp aglamaly bolmaýyn

Başarsaň gursakdan soğur ýüregmi

Özge göwün awlamaly bolmaýyn


Görseň tanamadyk ýaly geçip git

Men bolsa yzyňdan elim galgaýyn

Özge bilen çykmajak bol garşymdan

Söýen bagrym daglamaly bolmaýyn


Bilýän,agyr değer maňa sensizlik

Ýöne öwrenşerin bu agyr ýüke

Alla hemme zady jüp eden bolsa

Gaýgy etme,menem galmaryn ýeke

15
83
ylham_gurbanaly
1 Sentýabr 2024
Adatylyk köp.
goshguchy
1 Sentýabr 2024
@sabyrly, sagboluň ❤️
goshguchy
1 Sentýabr 2024
@sabyrly, goshguda duydurmak isleýän zadymam shol. Bir ichi ýanan aşygyň dilinden...
zina
1 Iýul 2024
❤️🥰💋
sabyrly
30 Iýun 2024
Ýokarky bentdäki sözler jemleme bendiñ zoñky setirne garşy gelýän ýaly. Gaýgyetme menem galmaryn ýeke. Üstünlik ýetirip duruñ
goshguchy
29 Iýun 2024
@idabdy, howwa
idabdy
29 Iýun 2024
Şyhberdiýewa Göwhermi siz
nabat_
29 Iýun 2024
Gaty gowy yazypsynyz gaty tasirli🥺🥺
nabat_
29 Iýun 2024
@goshguchy, menä aglat şul goşgy....😔gaty gowy
goshguchy
29 Iýun 2024
@nabat_, bolup biler. Ýöne has tasirli at gozleyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.