Kalbym doňan ýaly aýazly garda
İndi ýylgyrşymam gaçyp gidipdir
Her kim bakyp "Däli"diýip ýüzlenýär
Adym ýitipdir.
Sähel zatda gözden syrygýar ýaşym
Dünýäň gyzygy ýok bar zat bäş köpük
İlem güljek ýaly,halys ýadadym
Özümi bukyp.
Gideniňden soňra boldy şu zatlar
Öň ýogsa ýylgyrar, bagtly ýörerdim
Daşym çolaran dek,bir dünýe,bir men
Syrdaşym, derdim
Sensiz gülmesemem,bilýän ölmerin
Assa geçer-durar däliniň güni
Ğaýdyp geläýseňem yzyňa,indi
Tapmarsyň meni.
Şyhberdiýewa Göwher