goshguchy
23.06.2024 12:13
Biz ikimiz paýlaşmadyk dünýäni
Sen-ä öz dünýäňi
Men öz dünýämi
Biz ikimiz paýlaşmadyk bilýäňmi?
"Söýgi"atly bize berlen kimýany

Biz ikimiz paýlaşmadyk bilýäňmi?
Kynçylyk,gussany,agyny,gamy
Şonuň üçin bolsa aýra düşdük biz
Ýurdundan azaşan durnalar ýaly

Biz ikimiz paýlaşmadyk dünýäni
Asla paýlaşmagam islemediň sen
Heran,haçan soralaýsa sen hakda
Şonuň üçin mydam bolup galýan sem

Şu goşgymy okap,içiň gürledip
"Sen dünýäňi paýlaşmadyň "diýýäňmi
Aslynda-ha günä sende,mende däl
İkimizde!
Unutdyk biz söýmäni
Biz mes bolduk,berlen gymmat söýgüni
Biz paýlaşyp başarmadyk bilýäňmi?

Şyhberdiýewa Göwher
28
133
zina
29 Iýun 2024
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️👍❤️❤️
sh_shamko_
25 Iýun 2024
@flowers_, hehe bir hili bolordy :)).
flowers_
23 Iýun 2024
@sh_shamko_, gõz öñûme geldi)
sh_shamko_
23 Iýun 2024
@flowers_, name etdim 😲.
sh_shamko_
23 Iýun 2024
@goshguchy, hic hili duzup bilemok son un :)).
goshguchy
23 Iýun 2024
@sh_shamko_, yokla name ucin yere sokayly😊
goshguchy
23 Iýun 2024
@garlawac, sagboluň kop. Howwa himuya dysemem bolardy
flowers_
23 Iýun 2024
sh_shamko_
23 Iýun 2024
Men gosgy duzsem nahili baha bererdiniz gaty bilesim gelli goni yere sokordynyz :)).
flowers_
23 Iýun 2024
@garlawac, iller okapdyr)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.