Mydam ýylgyram soň mertdir öýderdiň
Şonuň üçin öýdeniňden galmadyň
Sen gynansaň,saňa göwünlik berip
Soň, derdiňe kalbym ezip agladym
Diňe öz aladaň bardyr öýderdiň
Meň halymdan hergiz habar almadyň
Öz derdimi gömüp,seni diňledim-
Höre-köşe etdim!
Ýalňyz agladym
Sen söýerdiň,men söýerdim ýürekden
Biz ikimiz köp dertleşdik aňmadyň
Sen aglaňda:"Goý,ağlama"diýsemem
Sen giden soň içim çekip agladym
Şyhberdiýewa Göwher