garlawac
27.03.2024 20:58
Söýgi näme?

Söýginiň nämeligne düşünmeseňiz çyndanam bagta ýa eşrete ýetmersiniz. Maňa aýdyň hany siziň pikiriňizçe söýgiň kesgitlemesi näme?

İki günlik tanan ynsanyňa söýýäniňi aýdyp, o ynsany hemem özüňi aldamakmy? Garşylykly duygularyň ýüze çykmagymy? İki yüreğiň bir bedende urmagymy? Ýa-da söýülmedigňi bilip durubamam ony söýmekmidir???

Siz üçin biraz sada bolup biler, ýöne meň pikirimçe söýgä şeýle düşünmek manyly dälmi:

"Onsuz hem söýmegi başarmakdyr söýmek!"

Her ynsan söýer, aşyk bolar ýa-da gowy görer. Bu normal. Ýagny biz ynsan, duýgylarmyz bardyr. Ýöne bu sözim gynansak-da ähli kişä degişli däl, Sebäp hemme kişiň ynsan bolup bilmediği ýaly, hemme kişiniň duýgulary hem bolman biler. Duýgylarymyz garşylykly bolmagyn isleýäris, söýen ynsanmyzyň bizi söýmegni isleýäris. Ýöne bu söýgi däldir, bu garaşykdyr. Muny bilmeýäs. Has açygy bilmek islemeýäs. Ýöne unutmaň her garşylykly söýgä hem söýgi diýmek ýalňyşlykdyr. Her garşylykly bolan söýgi hakyky bolmanam biler...

Aslynda söýgi - bu ol ýok wagty hem ony söýmekden yüz öwürmezlikdir!!!

Miraç Çağrı Aktaş " Ýine de sevdik "


Siziň pikiriňizçe söýgi näme?
38
342
garlawac
27.03.2024 11:41
Birnäçe adam seniň gaharyňy getirip, ýa göwnüňe degip, ýamanlyk edip, seni durmuşdan doýurýar, ruhuňy öldürýär, ýaşamaga höwesiňi eliňden alýar. Şeýdibem lapykeç bolup, gaýga batyp, ahyry durmuşdan umydyňy üzjek-üzjek bolan wagtyň hiç garaşmadyk ýagdaýyňda biri peýda bolýar-da, ýekeje söz, bary-ýogy ýekeje söz aýdýar-da, seni täzeden dünýä getiren ýaly edäýýär.

Üstesine-de ýekeje ýylgyrşy bilen ýaňky garaýürekleriňem ýüreklerini ýagtyldaýjak derejede sende mähir döredýär...

Sözüň gudratyna bir seret!

#anonim.
35
169
garlawac
26.03.2024 22:52
Durmuşymyň bezegi!
Nirelerden peýda bolduň bagtyma?
Sensiz gaçýar maňa dünýäň gyzygy,
Geçenok-la wagtymam.

Bu gije-de baýguş deýin dikgerip
Otyryn ine.
Gulak goýup sözlerime jikme-jik,
Arzymy diňle!

Äpişgeden jyklaýaňmy,
Çydap bilmän joralaryň jeňine?
Ymyzganyp uklaýaňmy?
Ya-da meniň garaşýarmyň jaňyma?

Uzynly gün okuwda-da ýadansyň,
Soňam öýe gelseň birgiden iş bar.
(Referat ýazmaly, goşgy düzmeli)
Hamala sen mollumlaryň gözüne,
Unwersal işgär.

...Sabyr käsäm dolup, ahyr jaň edýän,
Zordan pyşyrdaýaň, tutaryk diliň.
Sebäbi ýap-ýaňy uklan ekeniň.
(...Gürlemäge derek şirinden-şirin)
Uklaýyn menem.


Awtor: Parahat Batyrow
29
111
garlawac
26.03.2024 16:43
Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,

Men bir pikir borun ýüregňe düşýän.

Gijeler meň adym düýşüňden çykmaz,

Barlygym gündizem huşuňda düşlär.


Çemin tapman menden sypyp gitmegiň,

Özüňi günäläp, çekersiň yza.

Bir görseň, ähli zat ýalan ýaly bor,

Bir görseň, ähli dert üstüňe dyzar.


Aňymda yza bar seniň adyňdan,

Ony ýürek arasynda daşadýan.

Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan,

Menden saňa dönüp gitmek başartmaz.


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,

Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn.

Giň dünýäni dar eýleýip başyma,

Söýgüsin ýygşyryp-bukýan bolmaryn.


Gözýaş bolar käte derdiň egisjek,

Käte öten günler bolar teselli.

Sen bu derdi satyn aldyň meýletin,

(Asyl, söýgi seň çakyňdan ýesermi?).


Her ynjyk pikiriň göwnüňe deger,

Özüňe özüň deý tapmarsyň duşman...

...Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,

Men bir pikir borun ýüregňe düşýän...



PA­RA­HAT MÄM­MET­NU­ROW
32
87
garlawac
25.03.2024 20:21
Gel, baryny başlaly biz başyndan,
Öýke-kine düýne siňsin ebedi.
Ykbal bagtyn gysganybam durmaýa,
Bozulmasa ýaşamagyň edebi.

Kim günälidigniň parhy ýok indi,
Göwünler döwlensoň tutmasa ýama.
Bilýäňmi, bagtymda adyň göründi,
Palçy daýza bakanynda aýama.

Diýipsiň hatyňda: "Bozmak aňsatdyr,
Gel, ikimiz täze haýat guraly.
Durmuş bir-de bahar, bir-de aňzakdyr,
Biz mydama sözümizde duraly.

Diýýärler: "Söýginiň kadasy şeýle,
Uruş-dawa kän ilipdir bellige.
Ýok, göwne degmeklik kada bolmasyn,
Öýkeleşmek öwrülmesin endige.

Uzak menzillere ýoldaş bolmaga,
Sarsmasyn kalpdaky ynamyň saly.
Umyt, ynam ganat berse kalplara,
Şonda söýgi bagtly eder ynsany.

Annabeg AÝMAKOWA,
31
78
garlawac
25.03.2024 04:51
Başagaý günlere ýükläp günäni,
Şygyr ýazman hem okaman geçilen.
Gijeleriň, gündizleriň jemini,
Gündeligme bellemedim, eje, men.

Bilgeýşleýin ýazman gündeligimi,
Örtjek boldum ýaltalygmy ýene-de.
Kast etdigim bolýamy bu özüme,
Ýa ikilik bormy beýik senede.

Eje men ulaşyp derde, alada,
Gözlerime soňky çäredi-uky.
Ukymda görmedik gorkunç düýşlerden
Oýalykda gorkup gözledim buky.

Özgelere ýükläp ähli webaly,
Şygyr ýazman hem okaman geçilen.
Gije-gündiz tutuş ömrüň hasabyn,
Gündeligme bellemedim eje men.

Annabeg AÝMAKOWA,
29
67
garlawac
24.03.2024 22:03
Diýme: «Gözleriňde asmany görýän»,
Asmandan Zemine gaçaýma birden.
Diýme: «Barlygyňda alawlap ýanýan»,
Soňundan kül bolup öçäýme birden.

Humar bolup diňlän sazlaň hakynda,
Bendi bolup synlan ýazlaň hakynda,
Menden ozal söýen gyzlaň hakynda
Ýanymda agzyňy açaýma birden.

Kiçelsem kiçi bol, beýgelsem — beýik,
Ýarama melhem bol, döwügme — seýik.
«Bul-a maňa indi ýüz berdi» diýip,
Mertebämden ätläp geçäýme birden.

Tämiz bolsun niýetleriň, pälleriň,
Aýdyň bolsun ýodalaryň, ýollaryň.
Bilip bolmaz, aglap, ejizlän günüm,
Menden ýüz döndürip uçaýma birden.


Parahat Batyrow
35
153
garlawac
24.03.2024 07:28
Ikimizi duşurypdyr bu ykbal,

Birmeňzeş şäherde, meňzeş köçede.

Sen-ä bir ojagyň ýetişen ogly,

Menem bir maşgalaň gyzy ýekeje.


Sen örän az sözli, şeýle bir agras,

Menem çalt öýkelek, näzik göwünli.

Bilmedim, ozaldan birmi ýolumyz?!

Bolduk bir-birege aşa göwünli.


Göwünmi, ýürekmi, bilemok anyk,

Düşünerden duýgularym horaşan.

Gözleriňe baksam özümi görýän,

Ýa sen meň bagtymmy uzak garaşan

Garaşylan ýyllar bagt bolup gelsin,

Günler dowam etsin şeýle rejede.

Şükürim bihasap saňa duşanma,

Birmeňzeş şäherde, meňzeş köçede.


Nurgözel Ýazberdiýewa
29
109
garlawac
22.03.2024 22:09
Eje haçana çen bukup saklaýyn,
Söýgi hakda ýazan setirlerimi...
Kän temmi alanym - seniň eliňe
(Jigim tarapyndan ýetirlenlermi?)

Şol gün nokat goýdurypdyň soňuna,
Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim.
Eltip okadypdyr goşgularymy,
Şondan soňam söýgüden has çetleşdim..

Başga alajam ýok, kim islär dagy,
Olaryň tutaşdy:r bolmagny peje.
Gyzyň häli çagalykdan saýlandy,
İndi beri garşy bolmagyn eje...!

Bazardan zat satyn almakçy bolup,
Göwnüme ýetýänçe esli aýlamda
"Kejirligiň galman geçjek" diýerdiň,
Gyzyň şol gylygyn gaýtalar ýene,
Ýalňyşmaz ol asla ýigit saýlanda.


awtory näbelli
31
102
garlawac
21.03.2024 22:44
Enşalla!
Şu gün uzynly gün ýanyňda boljak,
Ähli işleriňi goýup, gel, senem.
Maňa ilki bilen, şo-ol öňkiň ýaly,
Günüň dogşy hakda gürrüň bersene.
Gürrüň ber baglaryň oýanşy hakda,
Hem oýarşy hakda ýazlaryň bizi.
Kä gürrüňler dagy sygmasyn akla,
Nämemiş, jadyly saçaga, hakyt,
Äkidýämişinler ýalbaryp bizi.
Gowy, hä,
Şol köne ýol bilen düýşleň gelişi.
Ýadyňa düşýärmi, öýkeläp gidip,
Soňam ýene öz-özümiň gelişim.
Aýtsana, bilýäň-ä, garlawaçlaryň
Çagalarna aýdýan ertekisini.
Gürlesene, dymma, göresim gelýär,
Men düýnki, şu günki, erteki Seni


Laçyn PÜRJÄÝEWA
33
443