garlawac
24.03.2024 22:03
Diýme: «Gözleriňde asmany görýän»,
Asmandan Zemine gaçaýma birden.
Diýme: «Barlygyňda alawlap ýanýan»,
Soňundan kül bolup öçäýme birden.

Humar bolup diňlän sazlaň hakynda,
Bendi bolup synlan ýazlaň hakynda,
Menden ozal söýen gyzlaň hakynda
Ýanymda agzyňy açaýma birden.

Kiçelsem kiçi bol, beýgelsem — beýik,
Ýarama melhem bol, döwügme — seýik.
«Bul-a maňa indi ýüz berdi» diýip,
Mertebämden ätläp geçäýme birden.

Tämiz bolsun niýetleriň, pälleriň,
Aýdyň bolsun ýodalaryň, ýollaryň.
Bilip bolmaz, aglap, ejizlän günüm,
Menden ýüz döndürip uçaýma birden.


Parahat Batyrow
35
153
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, "şu gyzyň sowgadyny men alsamam bolýa, özümizki" diýjek boldum, ýöne utandym))
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, Laçyn Pürjäýewa, Aýgül Garaýewa, Mahym Nurgeldiýewa, Leýli Çaryýewa(diýdi öýdýän) we ş.m. Jemi 6 sany esasy orun
garajaoglan
24 Mart 2024
Bu gün adyň tutuldy, bir müşk beriljekdi, barmadyňa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.