https://owrenmeli.app/65167-men-bir-pikir-borun-rege-dn..html#comment
garlawac
26.03.2024 16:43
Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän.
Gijeler meň adym düýşüňden çykmaz,
Barlygym gündizem huşuňda düşlär.
Çemin tapman menden sypyp gitmegiň,
Özüňi günäläp, çekersiň yza.
Bir görseň, ähli zat ýalan ýaly bor,
Bir görseň, ähli dert üstüňe dyzar.
Aňymda yza bar seniň adyňdan,
Ony ýürek arasynda daşadýan.
Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan,
Menden saňa dönüp gitmek başartmaz.
Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn.
Giň dünýäni dar eýleýip başyma,
Söýgüsin ýygşyryp-bukýan bolmaryn.
Gözýaş bolar käte derdiň egisjek,
Käte öten günler bolar teselli.
Sen bu derdi satyn aldyň meýletin,
(Asyl, söýgi seň çakyňdan ýesermi?).
Her ynjyk pikiriň göwnüňe deger,
Özüňe özüň deý tapmarsyň duşman...
...Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän...
PARAHAT MÄMMETNUROW
32
87