garlawac
15.04.2024 02:01
Duýman durkam ýüzümde ýylgyrşyň peýda bolmagyna sebäp bolan päk ýürekli adam duýdansyz aralaşdy içki dünýäme. Garaşylmadyk pursatda ýüregimiň gapysyny kakdy we rugsat bermegime garaşmazdan kalbymyň töründen ýer tutupdyr özine. Asmanda peýda bolan ýedi reňkli älemgoşar deýin dünýäme görk goşduň. Seniň saýaňda söýginiň, mähriň, begenjiň, şatlygyň, ýersiz-ýere gaharlanmagyň özboluşly täsin tagamyny datdym. Kiçijik tanyşlykdan başlan bu gatnaşyk al-asmanda ganat kakýan goşa gumra öwrüldi. Emma bu ýagdaýdan habarsyz bolup, gezmek ikimiz üçin hem iň gowusydy. Biri-birimize aýdyp bilmeýän zatlarymyzy gizlin, jadyly sözleriň üsti bilen ýetirip göwnümizi galkyndyrmagy başarmagymyz hem biziň birek-birege duýýan ýakymly duýgymyzyň syrydy. Heniz özümize subut edip bilmedik ýakymly duýgularyň yşkynda perwana bolup gezip ýördük. Ne sen göniňden gelip bir zatlary aýdyp bilýärdiň, ne-de men. Diňe öz täsin duýgularymyzyň ýesiri bolup gezmekden başga alajymyz ýokdy. Belki ýyllar soňra öküneris. Bir-birimize beýan edip bilmedik şol duýgularymyz ömrümiziň süýji ýatlamasy bolup galmasady diýip öz-özümizi günäkärlemegimiz mümkin.

“Käşgä” diýen sözi halamok. Başardygymdan şol sözi az ulanmak isleýärin. Henize çenli durmuşyma bezeg beren wakalarda bu sözi ulanyp görmedim. Emma geljekde ulanmakdan gorkýan. Ýöne welin has uly ýalňyşlyklara ýol açyp biljek zatlardan gaça durmak maksady bilen şu gün hiç zat gürlemek islämok. Başga wagt bir minut durmaýan agzym, şu meselede lal-jim bolýar duruberýär. Ähli zady durmuşyň öz ellerine goýberip, ýoluňy dowam etmek iň gowusymyka diýýän.

Seniň bilen guran hyýaly dünýämde ýaşamak meniň üçin diýseň gyzykly. Emma hemme zat wagty gelende tamamlanýar. Soňy bolmajak bir ýolda ýöräp barýanymyz ikimize-de mälim. Muňa garamazdan biri-birimize göwünlik bermegimize, daýanç bolmagymyza düşünip bilemok. Seni öz dünýämden uzak tutmaga synanyşdym ençeme gezek. Näme üçindir muňa güýjüm ýetenok. Ynsan öz-özüni uçrumyň kenaryna itäklärmi? Men bolsa geljekde ýüregimi paralajak duýguny yhlas bilen iýmitlendirip, gün-günden ösüp ulalmagyna goldaw bolýan. Erkimiň jylawyny öz eline alan ýüregim diňe öz diýenini gögertmegi maksat edinen ýaly hujuw bilen öňe ymtylýar. Hemme zady ykbalyň gollaryna taşladym-da, ýüregimiň diýen ýerine gitmek kararyna geldim. Belki erteki gün aglaryn, gynanaryn emma şeýle beýik duýguny az wagtlyk bolsa-da başdan geçirenim üçin özümi bagtly saýaryn.

Men senden hiç wagt nägile bolmaýan, çünki sen maňa hiç zadyň sözüni bermediň. Diňe ýakyn, dertdeş bir tanyş hökmünde ýanymda durduň we çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmagyma goldaw bolduň. Munuň üçin men saňa ömür boýy minnetdar bolup galaryn. Şu günden özümi sensiz dünýäniň bosagasynda duran jahankeşde kimin duýmaga başlamakçy. Çünki seniň dünýäňe edýän syýahatymyň haçan tamamlanjagy belli däl.


#Ondan-mundan
34
201
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Aprel 2024
Nirdenem aytdym postlaryma goz gezdiriñ dp
tm_girl
15 Aprel 2024
@garlawac, minnetdar :)
tm_girl
15 Aprel 2024
@garlawac, gowy menem:) mowzuk limidiñiz dolan bolsa teswirde ýazaýyñ kyn görmeseñiz maña şu gün gerekdidä :)
tm_girl
15 Aprel 2024
@garlawac, salam gowumy ýagdaýlaryñyz? Siziñ profiliñizde bir goşgy bardy "bagyşlañ ..... hormatly mugallym ikilikçiligme guşlar günäkär" diýip ana şo goşgy siziñ goşgyñyzmy şoñ doly görnüşini maña tapyp berip bilmersinizmi, gerekdidä?
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, sagboluñ
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, okap pikriñizi ýazyñ onda garaşjak bãsleşikde üstünlik saglygyñyz
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, hawwa tagta degişli şãherem etrabam ýakyn 25 30 km Ag ýoldan gelýärkäñ Görogly diýip strelka dura şo tarapa gidýäñ
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, ýagtylyk geñeşlik aeraporda ýakynrak täze goşgular ýazdym okap gördüñizmi nähili bolupdyr pikriñizi biläýjek bolup kän garaşdym gireriñize
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, nesilde goşgularñy okadym bäsleşige iberen Görogly etraby diýip durdy welin haýran galdym men sizi ilerli diýip ýördüm begendim bizdede gowja ýazýan şahyrlañ baryna
nabat_
15 Aprel 2024
@garlawac, salam gowmysynyz🙋‍♀️😃🤗🤗🤗🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.