garlawac
04.09.2024 17:08

Şu okuw diýilýän zat kime gerekkä?


Mugallymlar:

— Maňa-a gerek däl şu okuw...


Enem:

— Kökikesilen, seň şu okuwyň maňa geregi ýok. Okasaň oka, okamasaňam halanyňy et...


Ejem:

— Ýat tutjagyň çyn bolsa ýene bir gezek okap bereýin. Bolmasa şu okuwyň maňa gerek ýeri ýok.


Menem şeý diýýän:

— Maňa-da gerek däl...

Bäh, onda kime gerekkä?..

Allanur Bathyz ,,Ýalta okuwçynyň gündeliginden"

21
210
garlawac
02.09.2024 17:20

Yzyny siz dowam ediň: Hemmesi şo gün başlandy...
15
156
garlawac
01.09.2024 05:43

Öý ruhunyň gündeligi 5-njji bölüm

4-nji noýabr.

Koridorda taýyp ýykyldym. Indi bilýän kimiň güýçlüräk gorkanyny. Gorky diýen zat gaty taýgançak bolýan eken, özündenem itiň täretiniň ysy gelýär.

5-nji noýabr.

Olary “gürrüňdeşlik stolunda” oturtdym. Ýygnagyň başlanyna 5 minut geçmänkä bike olaryň ikisinem kowup goýberdi stoldan. Gürrüňdeşlik stolunyň metaforalygyny men nireden bileýin?! Ýygnagy aýyň altysyna geçirdik. Kladowka üýşeris.

6-njy noýabr.

Pişik razwedçigiň gününi belledi. Gizlenipdir. Ses-üýn ýok. Ýygnagy ertire süýşürdik.

7-nji noýabr.

Ahyry başlady ýygnak. Halk özüniň hiç-hili territorial dawalarynyň ýoklugyny, bar isleginiň bolsa ölýänça rahat ýaşamaklygyny beýan etdi. Pişik öz talaplarynyň sanawyny okady. Gözümi ýumup diňläp gördüm weli, edil Žirinowskiýni diňläp oturan ýaly.

8-nji noýabr.

Pişik kwartirada dembel ýaly gezýär. Güjikowiç hem oňa Starşinasy ýaly seredýär. Pişik ona sylag hökmünde mesge berýär.

9-njy noýabr.

Güjikowiçe pişik çybyn öldürýän hlopuşkadan gorkýar diýdim. Jogabyny eşidip tas özümden gidipdim. – durmuş – bu bizi öňi-soňy belli bir ölüme getirjek biri-biri bilen belli bir usulda generirlenen tötänleýin hadysalaryň nobatlaýyn gelişi – diýdi Halk. Pişige waleriankany gowja bukmagy tabşyrdym.

10-njy noýabr.

Halk girdenegiň aýagyndan dişledi. Ol bolsa peşşe çakandyr öýdüp şarpyldadyp goýberdi güjügi. Kladowkada oturyp ar almagyň meýilnamasyny düzdük. Polkalaryň birinden “Eýjejik öý pişikleri” žurnalyny tapdym. Pişik meňki däl diýdi, ýöne zyňmazlygymy haýyş etdi.

13-nji noýabr.

Züwwetdin girdenengiň köwüşiniň bagjygyny çeýnäp ýoldy. Seneden görnüşi ýaly bu operasiýa az wagt almady. Günä elbetde pişige ýüklendi. Güjikowiç uzak gije otžimaniýa edip çykdy.

14-nji noýabr.

Halkyň zatlarynyň içinden Makiawelliniň kitabyny tapdyk. Pişik bilen köp jedelleşdik we ahyry gapyny düşündirişli sözlük bilen beklemeli diýen netijä geldik, agyrrak-da ol nämede bolsa.

15-nji noýabr.

Ýene-de santehnik geldi. Geçen gezekden soň içmäni goýdum diýdi. Gaty begendim. Çyn ýürekden gutladym we elini gysdym. Indi iýmänem taşlaýmasa...

17-nji noýabr.

Halk gapydan daşarda nähili gyzykly zatlaryň barlygyny aýdyp berdi. Men entäk bir gezegem daşarda aýlanyp görmedim. Pişigem şeýle. Ol hat-da özünden başga pişikleriň baryna-da ynananok.

18-nji noýabr.

Bikämiz dynç alyşa barýar. Züwwetdini ýanynda alyp gidýär, pişik bolsa öýde galmaly. Goňşymyzdan oňa seredip bermegi haýyş etdi. Maňa haýyş etse bolmaýamy diýsene? A... Hawa... Bolýan däldir-ow.

19-njy noýabr.

Bikeden kwartiranyň ätiýaç açaryny çildim. Ertir pohoda gidýäs. Häzir bolsa – otboý!

20-nji noýabr.

Çykyp barýas. Gündeligi ýanyma aldym, her hili zat bolmagy mümkin. Pişigiň göreçleriniň beýle giňelenini birinji gezek gördüm. Töweregi has gowy synlar ýaly diýýä öz-ä. Meň pikirimçe-hä ýöne gorky bar munda. Basgançakdan düşüp barýarkak pişik üç gezek ütügi öçürdikmi diýip sorady. Yzymyza gaýtmaly bolduk barlamak üçin. Gelenimizden soň pişik – eýýam giç boldy – diýdi-de irkilip ugrady.

21-nji noýabr.

Birinji gezek domofon gördük. Jähennemiň guraly diýse. Biri gelip daşary çykýança garaşmaly bolduk. Goňşymyz çykyp barýan eken. Pişigi tutdu-da kwartira äkitdi. Ýene-de yza gaýtmaly boldy. Pişik özüniň erkinligi we nirä gitmelidigini özüniň çözüp bilýänligi barada bir topar zatlar aýtdy. Goňşynyňam dolmadyk ýerini goýmady. Arman, admlar düşünmeýä-dä pişikleriň diline.



(Dowamy bar).

Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ
20
108
garlawac
31.08.2024 10:03

Öý ruhunyň gündeligi 4-nji bölüm

15-nji oktýabr.

Peji ýakdylar, aaahyrsoňy. Tas doňupdym-a ýogsa.

16-njy oktýabr.

Pişige – eger sen nahar iýilýän stola çyksaň bu kwartiradaky pozisiýaňy berkitdigiň bolar – diýdim. Köp pikirlenip durdy. Ahyry mündi dyrmaşyp. Bikäm adatdaky ýaly birden peýda boldy. Elem sübseli. Deňimdem uçup barýarka pişik maňa-da sögünip ýetişdi. Iki gezek...

17-nji oktýabr.

Gije mamanyň gulagyna – sen öýüňe gitmeli, wagtyň boldy – diýip pyşyrdadym. Turdu-da börek iýmäne gitdi. Aýallar-da... umuman logika ýok...

18-nji oktýabr.

Pişik Kitekat iýmäni goýmagy ýüregine düwdi. Semreýärmiş. Indem gezip ýör, gaharly, nerwnyý. Gije 5 gezek balkona çykdy tualede diýip. Agzyndanam aňkap dur Kitekat-yň ysy. Ahyry boýnuna aldy iýenini. Ýöne islän wagtym taşlap bilýän men diýýär. Näme üçin taşlaňok diýsem– bu meni rahatlandyrýar – diýýär. Bolýa-da...

19-njy oktýabr.

Mama öýüne şaýlanýar öýdýän. Şöhrat saňa Zinedin!

20-nji oktýabr.

Mamany ugratdyk. Pişik onuň galoşyny täretinden doldurdy. Onuňam ýüregine düşüpdir öýdýän. Mama muny aňmadam, göni geýip gidiberdi. Sag bol Zinedin! Sen hemişe biziň ýüregimizde galarsyň! Biz seni we içi doly galoşyňy hiç unutmarys...

22-nji oktýabr.

Ikonalaryň birini bikämiň üstüne zyňdym. Meň süýtli jamym ýerine dolandy. Görýän weli, biz düşünişip başladyk öýdýän.

23-nji oktýabr.

Pişige ýumşak mebel dyrnaklary gowy ýiteldýär diýdim. Häzir kladowkada gabagly otyr. Özem Öý ruhlary barada sögünçli aýdymlary gygyrýar sesiniň ýetdiginden. Ýogsa-da, käbir aýdymlary gaty göwnümden turdy.

24-nji oktýabr.

Girdenegiň gipsini aýrypdyrlar. Geldi bu gün. Men anatomiýany okaýan. Ýaýjyk örän ýeňil döwülýär diýlip ýazylypdyr. Şu ýerinde saklandym.

25-nji oktýabr.

Bikäm güjük almagyň ugruna çykdy. Pişik ähli manyda we ähli burçda siýip ýör. Kim-kimi, görüberdik-dä...

***

29-njy oktýabr.

Ertir bike iti getirmeli. Pişik iki minutdn ýüzüni ýuwýar, piňine almadyk bolýar. Özi bolsa düýn kladowkany uborka etdi we gapyny içinden gulplamany öwrenip ýördi.

30-njy oktýabr.

Oý... Içim gyryldy. Getirdiler ony. Haýsy tohumdandygyna bilemok welin, bu güjük bir ädim ätmek üçin insult geçirmeli. Jübüde göterse-de boljak! Ýogsa-da, pişik henizem kladowkada otyr, “hany, name boldy indi” diýip gygyrýar. Menem oňa owçarka getirdiler diýdim. Pişik - gaty işli, agşam kladowkada ýataýmagym mümkin ýetişip bilmesem – diýdi. Sesjagazy bolsa titreýär, görgüli...

31-nji oktýabr.

Halk bilen tanyşdym. Bu züwwetdiniň ady Halk eken. Tanyşlygyň dowamynda gorkunjyna iki gezek dagy aşagyna goýberdi ol. Bikäm oňa Pusik diýýär, käýýänogam buşugsa. Pişik üçin gaty birhili boldum, deňlik ýoklaý...

1-nji noýabr.

Hellouin. Prinsipe gidip bellämok. Biziň baýramymyz däl ol. A bikäm bolsa boýnundan çesnok baryny asypdyr, elinde-de krest bar, nirede oturjagyny bilenok, pahyr. Ýa men balalaýkany gatyrak çalaýdymmykam agşam?

2-nji noýabr.

Gije pişik daşary çykdy... nähili çykdy? Süýrenip süýşüp çykdy. Öýüň içinde haýaljykdan hereket edýär. Maňa - howlugýan ýerim ýok, uborkany ýaňyja dyndym gaty ýadadym - diýen bolýar. Düşnükli. Gorkýar.

3-nji noýabr.

Ahyry olar duşuşdylar. Beýle ylgaw tizligini men diňe bir gezek görüpdim, olam girdenegiň naharyna pişik bilen iç sürüji derman salanymyzda unitaza tarap süýnüpdi. Ýöne hiç bilip bilmedim, olaryň haýsy has gatyrak gorkduka?

(Dowamy bar).

Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ

14
99
garlawac
30.08.2024 17:52
Öý ruhunyň gündeligi 3-nji bölüm

22-nji sentýabr.

Pişik bilen “Daş-gaýçy-kagyz” oýnadyk. Utulanyň kellesine bir şelban. Gyzyksyzlaý onuň bilen oýnamak. Kagyzdan başga goýup bilýän zady ýok. Indem ýatyr, hana, krowatda, kellesi agyrýamyş.

23-nji sentýabr.

Santehnik geldi. 16-lyk açary alyp bermegi haýyş etdi. Alyp berdim. Endik dagy däl-aý şu adamlaryňky. Derrew özünden gidiberýärler.

25-nji sentýabr.

Ýene ruhany, ýene ýüzärlik. Oňa gaty tüsseletme diýip haýyş etdim. Tölenensoň çydamaly bolar diýdi. Parahorlygyň günäsi barada aýtdym. Meni eştmediksirän bolýar indem.

26-njy sentýabr.

Pişige komnatdaky aloe ýapraklarynda kääään witamin bar diýdim. Näme bolarka?...

27-nji sentýabr.

Pişik otrawleniýe bolup ýatyr. Süýt eltip berdim. Gepleşenok.

28-nji sentýabr.

Bikäm eýýam iki gün bäri çyrany öçürmän ýatýar. Men yzgiderli öçürip durun. Dogru-da, uklap bolanoga çyra ýanyp dursa... soň bikämiň dogalaryny diňläp ýatmaly. Meň pikirimçe Ýesenin gowy ýazýady.

29-njy sentýabr.

Pişigiň doglan gününi belledik. Walerianka içdik, tutulara dyrmaşdyk, aýdym aýtdyk. Agşamlyk aýnanyň öňünde oturdyk. Pişik birden turup diwara dyrmaşdy-da gözüni ýumup ýöräp başlady. Özem “ýykylamda-da hiç zat bolmaýa, meň 9 janym bar” diýip gygyrýa, eýesiz. Içse bolanogaý şuňkam...

30-njy sentýabr.

Ýagdaýlar gowy däl... süýt bolaýsa şu wagt...

1-nji oktýabr.

Pişik bilen Animal Planet gördük. Ol “hemme ýolbarslar samsyk kaçoklar, sebäbi anaboliklerde oturýalar” diýdi. Meň pikirimçe-hä gözi gidýä, janawer.

2-nji oktýabr.

Pişige korobkada otursaň horlanyp bolýar diýdim. Gezip ýörün gülüp...

3-nji oktýabr.

Ertir bize bikämiň ejesi myhmançylyga geler. Garaşýas-sss...


4-nji oktýabr.


Ine-de bikämiň ejesi geldi. Ony duz çörek bilen garşy aldym. Dogrusy, duzy çaýyna guýdum, ýatjak krowatyna bolsa çörek owuntyklaryny sepdim. Myhmanlary halamaýan. Pişik maňa – sen sosiofob – diýdi. Jedel edemok.

5-nji oktýabr.

Bikämiň girdenegi geldi ejesi bilen tanyşmaga, özem gipsde. Beýle binamyslyga hat-da örän mylakatly pişik hem çydap bilmedi. Ahyry ölledi köwşüni. Bu gezek sag paýyny.

6-njy oktýabr.

Pişik bikämdenem, onuň ejesi - Zinaida Zaharownadanam taýak iýdi. Girdenek hiç zat diýmedi. Pişik urgulara mertlerçe çydady. Soňam – Men Žanna Darka meňzeýänmi – diýip uzyn gün sorap gezdi menden. Bäh, ony nireden tanaýarka indi bu?!

7-nji oktýabr.

Pişik bilen şampanskiýniň probkasyny top edip futbol oýnadyk. Zinaida Zaharowna oňa büdredi-de maňlaýy bilen şkafy süsdi. Indi oňa Zinedin Zidan diýýäs. Elbetde, owadan gözleri üçin...

8-nji oktýabr.

Bikäm Zidana meni ýamanlady. Ol bolsa - bu zatlar bolmajak zat – diýdi-de meniň süýtli jamymy aýyrdy. Bu uruş! Men ýeňäýmeli!

9-njy oktýabr.

Nobatdan daşary geçirilen ýygnakda pişik özüni bitarap diýip yglan etdi. Dönük diýse. Zyýany ýok, alyp çykaryn.

10-njy oktýabr.

Gije mamany bogdum. Piňine-de däl. Gaýtam köne traktor ýaly hor çekip başlady. Sataşdym öýdýän...

11-nji oktýabr.

Şu gün gije sagat ikide holodilnigiň öňünde bikäm bilen ejesi maňlaýma-maňlaý çakyşdy. Elbetde, Zidan ýatyrdy bikäni.

12-nji oktýabr.

Uruşmaga keýpim ýok. Uzakly gün mama bilen krowatda ýatyp POLE ÇUDES-iň 27-nji sezonyny gördüm DVD-de. Zinediniň berýän teswirlerine gülüp oturdym.

14-nji oktýabr.

Pişik bilen tarlaryň teoriýasy barada söhbet etdik. 6 tarly gitarada “Krasawisany” aýtmagyň has ýeňil bolýanlygy barada pikirimiz deň geldi.


(Dowamy bar).

Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ

28
200
garlawac
29.08.2024 10:19

Yşka tirkelen ýürek
Ýeldirgäp ýör, entäp ýör.
Düýşmi, huşmy — nägüman,
Tutuş barlyk siltäp ýör.

Ýüzler — ala, göz— duman,
Ruhum — nyşan, tyg — güman,
Owaldan a:kly juwan
Günä baryn ýöňkäp ýör.

Alyslara perwana,
Maýa ýitip, ner ga:la,
Dogmadyk “Serwi” bala
Ruhy kemsiz örtäp ýör.

Uçmah nire, per nire,
Ýaşlyk nire, ter nire,
Ara düşende kine
Paşjak zat hem girdap bor.

Author: Laçyn BAZAROWA
18
230
garlawac
25.08.2024 13:50

Salamälek öwrenmeliniň işjeňleri! Size bir zat aýdasym gelýär, esasanam manyly sözler kategoriýasynda post paýlaşýanlara degişli!

Gadyrly agza! Biz siziň post paýlaşmaga bolan höwesiňizi görüp begenýäs, haçanda siziň mowzukdaky temaňyz, postuňyz hil taýdan hemme düzgünlere dogry gelýän bolsa!

Soňky wagtlar ,, manyly sözler " kategoriýasynda postuň hiline ýaramaz täsir edýän kemçilikler köpelip başlady. Bu ýaramaz netije agzalar!

Mysal üçin:

1) käbir manyly sözleriňiz gaýta-gaýta goýulýar. Ýagny bir agzan paýlaşan sözüni iki-üç günden soň başga bir agzaň postunda gabat gelýäs. Bu dogrumy? Şobir zat gaýtalanyp dursa ösüş bolup bilermi-kä?

2). Manyly sözleriň, aforizmleriň awtorlyk hukuklaryna düýpgöter üns berilmeýär!
Iki ýyl mundan öň ,,Moana" nikli agzamyzyň ,,Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly kitapdan alyp paýlaşan sözi maňa şol kitaby tapyp, ony okap çykmagyma sebäp bolupdy. Mende höwes döredipdi. Şonuň üçin häli bu günem hormatym uly şol agza!

Siziňem paýlaşan sözüňiz kimdir birine şonyň asyl çeşmesi bilen gyzyklanyp, şoňa höwes döremäge, bir zat öwrenmäge sebäp bolsa, özüňize näderejede buýsanardyňyz?! Özüňiziň işiňiz üçin nä derejede begenerdiňiz?!

Awtorlyk hukuklaryna üns bermek agzalaryň size bolan hormatyny hem üýtgedip biler!

Käbir agzalaryň postuny okap wagt ýitirenim üçin özüme gaharym gelýär. We olara tarap hormatymyz hem şeýle. Ajy hakykat bu! Mysal üçin men aşakda awtorlyga biperwaý seredýän, hemem şo birezatlary gaýta-gaýta paýlaşýan agzalaryň atlaryny ýazyp bilerdim:

"@........ @....... @......... @........ @......."

Olara hormatymyzyň öwerlik däldigini bütin öwrenmeliniň öňünde açyp görkezmäge düşünjelerim rugsat bermedi! Eger kim şeýle postlary ýygy-ýygy paýlaşýan bolsa, gutlaýan, özüňize çekip bilersiňiz!

Başga-da şu ,,manyly sözler" kategoriýasyna degişli goşmaça aýtjak zadyňyz bolsa aýdyp bilersiňiz!

Üns beriň! Siziň derejäňiz ýokarlandygy saýy sizden edýän tamamyz hem ýokarlanýar! Gazanan derejäňiz bilen däl postlaryňyz bilen saýlanyň!

Azabymyň ýerine düşmegi üçin postumy bildiriş edip berseler, adminlermizden hoşal bolardym.

@garlawac.
27
267
garlawac
23.08.2024 16:06
Öý ruhunyň gündeligi 2-nji bölüm... 😁.
21-nji awgust.

Olaryň öý ruhy bilen gürleşdim. Ol ýerleri çalyşmaga garşy däl. A näme, bärde 3 komnat bar, olarda bolsa 2. Kepderiler bilen göçmek üçin kontrakt baglaşdym. 2 kg çörek owuntygyny tölemeli diýdiler. Halys çenden çykdylaraý. Gymmat diýsem dollary bahana etdiler. Razylaşdym.

22-nji awgust.

Goşlarymy ýygnadym. Kepderilere garaşýan.

24-nji awgust.

Ura! Göçdüm! Pişik görüp begenmediksirän boldy. Soň penjireden daşary seredip oturaly diýdi. Ahyr aýtdy, içiniň gysanyny. Gujaklaşdyk.

25-nji awgust.

Pişige ýüz görülýän aýnada arwah ýaşaýar diýdim. Titräp aýlanyp ýör.

26-njy awgust.

Pişigiň ýalagyndan süýt içdim. Günäni siňeklere ýükledim. Häzir pişik möý bilen gepleşip otyr, tutan siňeklerini getrip berer ýaly.

27-nji awgust.

Wannada taýyp ýykyldym. Ýeňsäm degdi. Bikäm söýgüli zakolkasyndan mahrum boldy. Dogru-da, wagtl-wagtynda ýuwmaly wannany.

28-nji awgust.

Bikämiň ýanyna täze söýgülisi gatnap başlady. Pişigiň köwüşe buşugasy gelenok. Top alyp berjek diýsemem indi kömek edenok. Eger bizde ýatmaga galsa – agşam bogaryn.

29-njy awgust.

Bikämiň söýgülisi wannada ýykyldy taýyp. Ýeňsesi degdi. Pişik bilen umywalnigiň aşagnda gülüp hezil etdik. Bikäme zakolkasyny gaýtaryp berdim.

30-njy awgust.

Pişik bilen gizlen peçek oýnadyk. Ony gözlän bolýan. Biraz rahatlyk isledim. Men bilýän-ä, ol şkafda otyr.


31-nji awgust.

Pişik ony tapmadygym üçin öýkeledi. Gün uzyn stiralkada oturypdyr, pahyr. Men bolsa onda fantaziýa ýokmuka diýýädim...

1-nji sentýabr.

Bilimler güni. Pişik harplyk kitaby iýdi.

3-nji sentýabr.

Bikämiň aşygy gaty çynlakaý bolarly. Gezip ýör, gezip ýör. Güllere allergiýamyň baryny oňa nädip düşündirsemkäm?

5-nji sentýabr.
Pişige kwartirada syçan gördüm diýdim. Uruş yglan etdi syçana garşy. Gijeläp ýatanok, garawulçylyk çekýär kwartirada.

7-nji sentýabr.

Pişik “sen ýatyrkaň syçany tutdum” diýdi. Ruhdan düşürmäýin. Goý, ynanandyr öýtsün.

8-nji sentýabr.

Bikämiň söýgülisiniň maşynynyň açaryny ogurladym. Ol bolsa bizde ýatmaga galdy. Pişik mendäki strategiň dogulman ölenini aýtdy. Alkakmyş, oňky dogry öýdýän. Açary yzyna gaýtardym. Pişige hiç hili syçanyň ýoklugyny we bolmadygyny aýtdym. Öýkeledi, ýene gepleşenok.

9-njy sentýabr.

Indi pişik bikäniň ýanyndan aýrylanok, ýaranjak bolýar. Süýtli ýalagyny düňderdim. SEBÄBI GEREK DÄL DOSTLRYŇY GYZA ÇALYŞMAK, MAHAW!

10-njy sentýabr.

Depder doldy. Bikämiň goşlaryny körsenip göreýin hany.

***

12-nji sentýabr.

Täze depder tutdum. Holodilnigiň üstünde ýazyp otyryn şu wagt. Gije sagat 3. Bikäm kolbasa gäwüşeýär çörek bilen, özüni hiç kimiň görmeýänine ynamly.

13-nji sentýabr.

Pişik tüýüni çalyşýar. Men asgyrýan. Bikäm her asgyramda çokunyp başlaýar. Içgysgynç.

15-nji sentýabr.

Pişik bilen Kamasutrany okadyk. Aý, nähili okadyk? Ýöne suratlaryny görüp gülüp oturdyk. Ýöne soň uzak pikirlendik bir-birimize bakyp.

16-nji sentýabr.

Pişik krowadyň aşagyna “mina” goýdy. Ondan näme üçin beýdenini soradym. “öz-özünden çykdy” diýýär. Aladalanýar öz-a. Menden bir-iki günlük görünmän nirede ýatyp boljagyny sorady.

17-nji sentýabr.

Bikämiň girdenegi tapoçkasyny aljak bolup krowadyň aşagyna elini uzatdy we ... uzaaak taryha batdy. Pişik şkafda tozan syransyran bolup otyrdy. Girdenek ony tutjak bolup şkafa girdi. Ýene ýykyldy, emelsiz. Elini döwdürdi. Lýustrada otyrdym. Gülüp-gülüp bikämiň üstüne gaýtdym... lýustra bilen.

19-njy sentýabr.

Bikämiň girdeneg-ä häli görnenok. Pişigiň ýeňsesinde tapoçkanyň yzy bar. Ol ýene meň bilen gepleşenok. Men näme günäm bar, bilmedim.

20-nji sentýabr.

Parahatçylyk teklipli haty ýazyp Pişigiň öňüne zyňdym. Ol uzaaak wagtlap okap bilýänsiräp oturdy. Soňam kagyzy çeýnedi-de razylaşýandygyny aýtdy. Men oňa kembaha garaýypdyryn öýdýän. Gündeligi başga ýerde gizledim.

(Dowamy bar).

Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ

28
144
garlawac
23.08.2024 06:37

Öý ruhunyň gündeligi 1-nji bölüm.

10-njy iýul.

Gündelik ýazyp başladym. Soňky 150 ýylda bolan zatlar ýadymda welin, ondan öñ näme bolanlary ýatdan çykyp barýar. Depderi öý bikesinden çildim. Bilmezlaý.

11-nji iýul.

Gap-gaçlaryñy ýuwmadyñmy? Gulak halkañ bilen hoşlaşaý. Adamjyklar gaty arkaýnlaşýalaraý.

12-nji iýul.

Gaty içgysgynçdy. Uzak gije pişik bilen öýüñ içinde kowalaşyp oýnadyk. Bike turdy, pişigi depdi-de kladowka gabap goýdy. Pişik üçin galan diş pastany musura döküp ar aldym. Ol menden öýkeli. "Hemme zady bile edýäs, taýak diñe maña degýär" diýýä, görgüli.

14-nji iýul.

Gije edere iş tapman gap-gaçlary şakyrdatdym, aýaklarymy tapyrdatdym. Bikäm ýorganyna gizlendi, ýorgan ony gorar diýip pikir edýämikä? Gülkünçjelaý meñ şu bikäm.

15-nji iýul.

Çişik ruhany geldi. Ýüzärligi bilen tutuş öýi porsatdy. Bikä hemme zat gowy bolar diýdi. A ine, bela size. Meni ýüzärligiñ bilen kowup bilmersiñ.

17-nji iýul.

Tagaşyksyzrak aýlanyp wazany döwäýipdirin. Ýene taýak pişige degdi. Indi ol meñ bilen gepleşenok, gyrada diñe mölerip ýatyr. Birhiliräk boldy öz-ä...

18-nji iýul.

Bike öýi pylesoslady. Krowadyñ aşagynda pişik bilen ýarym sagat oturdyk, jähennemiñ maşyny. Ýöne pişik bilen-ä ýaraşdym.

21-nji iýul.


Uzak wagt ýazmadym. Bike öýi ýygnandan soň gündeligi gözläp gezdim. Üýtgeşik bolan zat ýok. Oñ ýanyna gül alyp bir erkek geldi, ýatmaga galdy bizde. Pişikden onuň köwşüne buşuk diýip haýyş etdim. Uzak wagt ör-gökden gelip durdy. Krowadyñ aşagyndaky topuñy alyp berjek diýdim, gidip buşukdy. Ýene taýak iýdi, pahyr. Indi mana "sen haram" diýýär.

22-nji iýul.

Köne endigime görä gije bikämi bogdum. Indi ol erkek her gün bizde ýatýar. Bikämi goraýamyş, Rembomyş.

23-nji iýul.

Bu gün oglany bogdum. Dogru-da, yürege düşdi, jynym jyñkyrşmady şonuñ bilen.

24-nji iýul.

Öýi ýygnadym. Bikäm altyn zynjyryny tapyp bilenok. Häzir zynjyry pişigiñ ýalagyna zyñaýsammy diýip durun.

27-nji iýul.

Bitwa ekstrasensdan geldiler. Hersine azyndan bir gezeg-ä aýtdym güm bolun diýip. Birem jogap bermedi. Maňa bikämiñ ölen babasynyñ ruhy diýdiler. Samsyklar! Onuň göçenine iki ýyl boldy eýýam.

29-njy iýul.

Bike her gün agşam pejiñ aşagynda maña süýt goýýar. Men şol ýerde ýatýandyryn öýdýär, samsyk. Men onuň ýanynda, krowatda ýatýan-a. Ýogsa-da, ol oglan indi gelenok, gatyrak bogupdyryn öýdýän.

30-njy iýul.

Bike öýe bir topar ikonalary getirip asdy. Gezmeledim, görüşdirdim... Öñ suraty has gowy çekýärdiler.

2-nji awgust.

Harby howa güýçlerine şöhrat!

Uraaaaa!!!

3-nji awgust.

Wah, düýn köp düşüpdir, aýran içdik.

4-nji awgust.

Bikämiz uzakly gün öýüñ içinde ylgap pişigi gözledi. Gaçandyr diydi. A biz şkafda otyrdyk. Hezil etdik gülüp.

6-njy awgust.

Gatyrak gorkuzaýdym öýdýän. Bikäm magazine saç kraska almaga gitdi.

9-njy awgust.

Pişik bilen aýdym aýtdyk. Bike weterinara jañ etdi. Janawer titräp otyr, şarikleri üçin gorkýa.

12-njy awgust.

Satd-ow bi kwartirasyny. Dereksiz. Bu gun göçüp barýarlar. Pişik bilen kepderiler arkaly hat alyşyp habarlaşyp durmagy wadalaşdyk. Gitmänkä peçiñ aşagyna meydan edip gidipdir pişik. Haramzada!

14-nji awgust.

Täze maşgala göçüp geldi... Görüberdik...

20-nji awgust

Pişigi göresim gelýär. Ol maňa göresim gelenok diýip ýazýar, entek şarikli gürrüň ýapylmandyr öýdýän. Ýalan sözleýär, haram!

Dowamy bar
Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ
31
186
garlawac
20.08.2024 23:36

Men indi ýykylmakdan gorkamok. Ýykylan mahalymam ýerimden galmak üçin kimdir birine el uzadamok. Ynjan pursadymda-da kimdir birine mätäç däl men. Aglanymda başymy goýara-da egin gözlämok. Her sataşany özüm ýaly saýmagymam bes etdim.
Öňler has başgaçadym. Söýülmek, sylanmak, gadyrlanmak isleýärdim, emma indi asla beýle däl. Maksadym öňler has ýakynlaşmak islänlerimden daşlaşmak. Bilmedim maňa ne döw çaldy... Belki-de, ýüregim sowandyr?!
Sezai Karakoýyň bir sözi bar: «Ýüregi sowaşanyň söweşi soňlanar...»

Menem özüni menden sowaşdyranlar bilen söweş guramok indi. Siz özüňizi ýeňiji saýyň! Men bolsa yza çekileýin. Çünki meniň siz bilen söweşim tamamlandy...

Miraç Çahrı Aktaş:
,,Ýaşaýyş ýeňlen ýeriňden başlanýar"
Türk dilinden terjeme eden: Sülgün Myratgeldiýewa.
19
143