https://owrenmeli.app/72525-ruhuny-gndeligi-4nji-blm.html#comment
garlawac
31.08.2024 10:03
Öý ruhunyň gündeligi 4-nji bölüm
15-nji oktýabr.
Peji ýakdylar, aaahyrsoňy. Tas doňupdym-a ýogsa.
16-njy oktýabr.
Pişige – eger sen nahar iýilýän stola çyksaň bu kwartiradaky pozisiýaňy berkitdigiň bolar – diýdim. Köp pikirlenip durdy. Ahyry mündi dyrmaşyp. Bikäm adatdaky ýaly birden peýda boldy. Elem sübseli. Deňimdem uçup barýarka pişik maňa-da sögünip ýetişdi. Iki gezek...
17-nji oktýabr.
Gije mamanyň gulagyna – sen öýüňe gitmeli, wagtyň boldy – diýip pyşyrdadym. Turdu-da börek iýmäne gitdi. Aýallar-da... umuman logika ýok...
18-nji oktýabr.
Pişik Kitekat iýmäni goýmagy ýüregine düwdi. Semreýärmiş. Indem gezip ýör, gaharly, nerwnyý. Gije 5 gezek balkona çykdy tualede diýip. Agzyndanam aňkap dur Kitekat-yň ysy. Ahyry boýnuna aldy iýenini. Ýöne islän wagtym taşlap bilýän men diýýär. Näme üçin taşlaňok diýsem– bu meni rahatlandyrýar – diýýär. Bolýa-da...
19-njy oktýabr.
Mama öýüne şaýlanýar öýdýän. Şöhrat saňa Zinedin!
20-nji oktýabr.
Mamany ugratdyk. Pişik onuň galoşyny täretinden doldurdy. Onuňam ýüregine düşüpdir öýdýän. Mama muny aňmadam, göni geýip gidiberdi. Sag bol Zinedin! Sen hemişe biziň ýüregimizde galarsyň! Biz seni we içi doly galoşyňy hiç unutmarys...
22-nji oktýabr.
Ikonalaryň birini bikämiň üstüne zyňdym. Meň süýtli jamym ýerine dolandy. Görýän weli, biz düşünişip başladyk öýdýän.
23-nji oktýabr.
Pişige ýumşak mebel dyrnaklary gowy ýiteldýär diýdim. Häzir kladowkada gabagly otyr. Özem Öý ruhlary barada sögünçli aýdymlary gygyrýar sesiniň ýetdiginden. Ýogsa-da, käbir aýdymlary gaty göwnümden turdy.
24-nji oktýabr.
Girdenegiň gipsini aýrypdyrlar. Geldi bu gün. Men anatomiýany okaýan. Ýaýjyk örän ýeňil döwülýär diýlip ýazylypdyr. Şu ýerinde saklandym.
25-nji oktýabr.
Bikäm güjük almagyň ugruna çykdy. Pişik ähli manyda we ähli burçda siýip ýör. Kim-kimi, görüberdik-dä...
***
29-njy oktýabr.
Ertir bike iti getirmeli. Pişik iki minutdn ýüzüni ýuwýar, piňine almadyk bolýar. Özi bolsa düýn kladowkany uborka etdi we gapyny içinden gulplamany öwrenip ýördi.
30-njy oktýabr.
Oý... Içim gyryldy. Getirdiler ony. Haýsy tohumdandygyna bilemok welin, bu güjük bir ädim ätmek üçin insult geçirmeli. Jübüde göterse-de boljak! Ýogsa-da, pişik henizem kladowkada otyr, “hany, name boldy indi” diýip gygyrýar. Menem oňa owçarka getirdiler diýdim. Pişik - gaty işli, agşam kladowkada ýataýmagym mümkin ýetişip bilmesem – diýdi. Sesjagazy bolsa titreýär, görgüli...
31-nji oktýabr.
Halk bilen tanyşdym. Bu züwwetdiniň ady Halk eken. Tanyşlygyň dowamynda gorkunjyna iki gezek dagy aşagyna goýberdi ol. Bikäm oňa Pusik diýýär, käýýänogam buşugsa. Pişik üçin gaty birhili boldum, deňlik ýoklaý...
1-nji noýabr.
Hellouin. Prinsipe gidip bellämok. Biziň baýramymyz däl ol. A bikäm bolsa boýnundan çesnok baryny asypdyr, elinde-de krest bar, nirede oturjagyny bilenok, pahyr. Ýa men balalaýkany gatyrak çalaýdymmykam agşam?
2-nji noýabr.
Gije pişik daşary çykdy... nähili çykdy? Süýrenip süýşüp çykdy. Öýüň içinde haýaljykdan hereket edýär. Maňa - howlugýan ýerim ýok, uborkany ýaňyja dyndym gaty ýadadym - diýen bolýar. Düşnükli. Gorkýar.
3-nji noýabr.
Ahyry olar duşuşdylar. Beýle ylgaw tizligini men diňe bir gezek görüpdim, olam girdenegiň naharyna pişik bilen iç sürüji derman salanymyzda unitaza tarap süýnüpdi. Ýöne hiç bilip bilmedim, olaryň haýsy has gatyrak gorkduka?
(Dowamy bar).
Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.
terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ
14
99