https://owrenmeli.app/72150-ruhuny-gndeligi-2nji-blm.html#comment
garlawac
23.08.2024 16:06
Öý ruhunyň gündeligi 2-nji bölüm... 😁.
21-nji awgust.
Olaryň öý ruhy bilen gürleşdim. Ol ýerleri çalyşmaga garşy däl. A näme, bärde 3 komnat bar, olarda bolsa 2. Kepderiler bilen göçmek üçin kontrakt baglaşdym. 2 kg çörek owuntygyny tölemeli diýdiler. Halys çenden çykdylaraý. Gymmat diýsem dollary bahana etdiler. Razylaşdym.
22-nji awgust.
Goşlarymy ýygnadym. Kepderilere garaşýan.
24-nji awgust.
Ura! Göçdüm! Pişik görüp begenmediksirän boldy. Soň penjireden daşary seredip oturaly diýdi. Ahyr aýtdy, içiniň gysanyny. Gujaklaşdyk.
25-nji awgust.
Pişige ýüz görülýän aýnada arwah ýaşaýar diýdim. Titräp aýlanyp ýör.
26-njy awgust.
Pişigiň ýalagyndan süýt içdim. Günäni siňeklere ýükledim. Häzir pişik möý bilen gepleşip otyr, tutan siňeklerini getrip berer ýaly.
27-nji awgust.
Wannada taýyp ýykyldym. Ýeňsäm degdi. Bikäm söýgüli zakolkasyndan mahrum boldy. Dogru-da, wagtl-wagtynda ýuwmaly wannany.
28-nji awgust.
Bikämiň ýanyna täze söýgülisi gatnap başlady. Pişigiň köwüşe buşugasy gelenok. Top alyp berjek diýsemem indi kömek edenok. Eger bizde ýatmaga galsa – agşam bogaryn.
29-njy awgust.
Bikämiň söýgülisi wannada ýykyldy taýyp. Ýeňsesi degdi. Pişik bilen umywalnigiň aşagnda gülüp hezil etdik. Bikäme zakolkasyny gaýtaryp berdim.
30-njy awgust.
Pişik bilen gizlen peçek oýnadyk. Ony gözlän bolýan. Biraz rahatlyk isledim. Men bilýän-ä, ol şkafda otyr.
31-nji awgust.
Pişik ony tapmadygym üçin öýkeledi. Gün uzyn stiralkada oturypdyr, pahyr. Men bolsa onda fantaziýa ýokmuka diýýädim...
1-nji sentýabr.
Bilimler güni. Pişik harplyk kitaby iýdi.
3-nji sentýabr.
Bikämiň aşygy gaty çynlakaý bolarly. Gezip ýör, gezip ýör. Güllere allergiýamyň baryny oňa nädip düşündirsemkäm?
5-nji sentýabr.
Pişige kwartirada syçan gördüm diýdim. Uruş yglan etdi syçana garşy. Gijeläp ýatanok, garawulçylyk çekýär kwartirada.
7-nji sentýabr.
Pişik “sen ýatyrkaň syçany tutdum” diýdi. Ruhdan düşürmäýin. Goý, ynanandyr öýtsün.
8-nji sentýabr.
Bikämiň söýgülisiniň maşynynyň açaryny ogurladym. Ol bolsa bizde ýatmaga galdy. Pişik mendäki strategiň dogulman ölenini aýtdy. Alkakmyş, oňky dogry öýdýän. Açary yzyna gaýtardym. Pişige hiç hili syçanyň ýoklugyny we bolmadygyny aýtdym. Öýkeledi, ýene gepleşenok.
9-njy sentýabr.
Indi pişik bikäniň ýanyndan aýrylanok, ýaranjak bolýar. Süýtli ýalagyny düňderdim. SEBÄBI GEREK DÄL DOSTLRYŇY GYZA ÇALYŞMAK, MAHAW!
10-njy sentýabr.
Depder doldy. Bikämiň goşlaryny körsenip göreýin hany.
***
12-nji sentýabr.
Täze depder tutdum. Holodilnigiň üstünde ýazyp otyryn şu wagt. Gije sagat 3. Bikäm kolbasa gäwüşeýär çörek bilen, özüni hiç kimiň görmeýänine ynamly.
13-nji sentýabr.
Pişik tüýüni çalyşýar. Men asgyrýan. Bikäm her asgyramda çokunyp başlaýar. Içgysgynç.
15-nji sentýabr.
Pişik bilen Kamasutrany okadyk. Aý, nähili okadyk? Ýöne suratlaryny görüp gülüp oturdyk. Ýöne soň uzak pikirlendik bir-birimize bakyp.
16-nji sentýabr.
Pişik krowadyň aşagyna “mina” goýdy. Ondan näme üçin beýdenini soradym. “öz-özünden çykdy” diýýär. Aladalanýar öz-a. Menden bir-iki günlük görünmän nirede ýatyp boljagyny sorady.
17-nji sentýabr.
Bikämiň girdenegi tapoçkasyny aljak bolup krowadyň aşagyna elini uzatdy we ... uzaaak taryha batdy. Pişik şkafda tozan syransyran bolup otyrdy. Girdenek ony tutjak bolup şkafa girdi. Ýene ýykyldy, emelsiz. Elini döwdürdi. Lýustrada otyrdym. Gülüp-gülüp bikämiň üstüne gaýtdym... lýustra bilen.
19-njy sentýabr.
Bikämiň girdeneg-ä häli görnenok. Pişigiň ýeňsesinde tapoçkanyň yzy bar. Ol ýene meň bilen gepleşenok. Men näme günäm bar, bilmedim.
20-nji sentýabr.
Parahatçylyk teklipli haty ýazyp Pişigiň öňüne zyňdym. Ol uzaaak wagtlap okap bilýänsiräp oturdy. Soňam kagyzy çeýnedi-de razylaşýandygyny aýtdy. Men oňa kembaha garaýypdyryn öýdýän. Gündeligi başga ýerde gizledim.
(Dowamy bar).
Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.
terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ
28
144