https://owrenmeli.app/72496-ruhuny-gndeligi-3nji-blm.html#comment
garlawac
30.08.2024 17:52
Öý ruhunyň gündeligi 3-nji bölüm
22-nji sentýabr.
Pişik bilen “Daş-gaýçy-kagyz” oýnadyk. Utulanyň kellesine bir şelban. Gyzyksyzlaý onuň bilen oýnamak. Kagyzdan başga goýup bilýän zady ýok. Indem ýatyr, hana, krowatda, kellesi agyrýamyş.
23-nji sentýabr.
Santehnik geldi. 16-lyk açary alyp bermegi haýyş etdi. Alyp berdim. Endik dagy däl-aý şu adamlaryňky. Derrew özünden gidiberýärler.
25-nji sentýabr.
Ýene ruhany, ýene ýüzärlik. Oňa gaty tüsseletme diýip haýyş etdim. Tölenensoň çydamaly bolar diýdi. Parahorlygyň günäsi barada aýtdym. Meni eştmediksirän bolýar indem.
26-njy sentýabr.
Pişige komnatdaky aloe ýapraklarynda kääään witamin bar diýdim. Näme bolarka?...
27-nji sentýabr.
Pişik otrawleniýe bolup ýatyr. Süýt eltip berdim. Gepleşenok.
28-nji sentýabr.
Bikäm eýýam iki gün bäri çyrany öçürmän ýatýar. Men yzgiderli öçürip durun. Dogru-da, uklap bolanoga çyra ýanyp dursa... soň bikämiň dogalaryny diňläp ýatmaly. Meň pikirimçe Ýesenin gowy ýazýady.
29-njy sentýabr.
Pişigiň doglan gününi belledik. Walerianka içdik, tutulara dyrmaşdyk, aýdym aýtdyk. Agşamlyk aýnanyň öňünde oturdyk. Pişik birden turup diwara dyrmaşdy-da gözüni ýumup ýöräp başlady. Özem “ýykylamda-da hiç zat bolmaýa, meň 9 janym bar” diýip gygyrýa, eýesiz. Içse bolanogaý şuňkam...
30-njy sentýabr.
Ýagdaýlar gowy däl... süýt bolaýsa şu wagt...
1-nji oktýabr.
Pişik bilen Animal Planet gördük. Ol “hemme ýolbarslar samsyk kaçoklar, sebäbi anaboliklerde oturýalar” diýdi. Meň pikirimçe-hä gözi gidýä, janawer.
2-nji oktýabr.
Pişige korobkada otursaň horlanyp bolýar diýdim. Gezip ýörün gülüp...
3-nji oktýabr.
Ertir bize bikämiň ejesi myhmançylyga geler. Garaşýas-sss...
4-nji oktýabr.
Ine-de bikämiň ejesi geldi. Ony duz çörek bilen garşy aldym. Dogrusy, duzy çaýyna guýdum, ýatjak krowatyna bolsa çörek owuntyklaryny sepdim. Myhmanlary halamaýan. Pişik maňa – sen sosiofob – diýdi. Jedel edemok.
5-nji oktýabr.
Bikämiň girdenegi geldi ejesi bilen tanyşmaga, özem gipsde. Beýle binamyslyga hat-da örän mylakatly pişik hem çydap bilmedi. Ahyry ölledi köwşüni. Bu gezek sag paýyny.
6-njy oktýabr.
Pişik bikämdenem, onuň ejesi - Zinaida Zaharownadanam taýak iýdi. Girdenek hiç zat diýmedi. Pişik urgulara mertlerçe çydady. Soňam – Men Žanna Darka meňzeýänmi – diýip uzyn gün sorap gezdi menden. Bäh, ony nireden tanaýarka indi bu?!
7-nji oktýabr.
Pişik bilen şampanskiýniň probkasyny top edip futbol oýnadyk. Zinaida Zaharowna oňa büdredi-de maňlaýy bilen şkafy süsdi. Indi oňa Zinedin Zidan diýýäs. Elbetde, owadan gözleri üçin...
8-nji oktýabr.
Bikäm Zidana meni ýamanlady. Ol bolsa - bu zatlar bolmajak zat – diýdi-de meniň süýtli jamymy aýyrdy. Bu uruş! Men ýeňäýmeli!
9-njy oktýabr.
Nobatdan daşary geçirilen ýygnakda pişik özüni bitarap diýip yglan etdi. Dönük diýse. Zyýany ýok, alyp çykaryn.
10-njy oktýabr.
Gije mamany bogdum. Piňine-de däl. Gaýtam köne traktor ýaly hor çekip başlady. Sataşdym öýdýän...
11-nji oktýabr.
Şu gün gije sagat ikide holodilnigiň öňünde bikäm bilen ejesi maňlaýma-maňlaý çakyşdy. Elbetde, Zidan ýatyrdy bikäni.
12-nji oktýabr.
Uruşmaga keýpim ýok. Uzakly gün mama bilen krowatda ýatyp POLE ÇUDES-iň 27-nji sezonyny gördüm DVD-de. Zinediniň berýän teswirlerine gülüp oturdym.
14-nji oktýabr.
Pişik bilen tarlaryň teoriýasy barada söhbet etdik. 6 tarly gitarada “Krasawisany” aýtmagyň has ýeňil bolýanlygy barada pikirimiz deň geldi.
(Dowamy bar).
Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.
terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ
28
200