garlawac
10.11.2023 01:43

Ehhh, meniň gowündeşim, sen meniň ýüregimiň kir-kimirsizdigini aýdýarsyň! Seniň bu pikiriň bilen ylalaşmasam gerek. Çünki: hiç haçan ulanylmaýan zatlar elmydama kir-kimirsiz bolýar! A men bolsa beýle däl ahyr, ýüregimi hemişede diňläp gelýän, ondan peýdalanyp, ony ulanyp gelýän))

29
105
garlawac
07.11.2023 21:03

 Yssy bakan,
Gözlerňe aşyk bolup,
Kölegesiz,
Sözleriňi söýdüm men.
Seni has öň tapyp bilmänim üçin,
Kän gezekler öz-özüme sögdüm men.

Meňki boljagyňy şol gün aňypdym,
Haýaljak gelýärkäň alowarradan.
Çünki diňe özüň däl,
Kölegäň hem owadan)

34
119
garlawac
06.11.2023 23:42

 Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?

Ýene bir nokady gözlerin bilen
Deşäýjek bolýaňmy? Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnün döwülip,
Başyň dumanlymy? Gursagyň darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyň böldümi?

Könlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?...

Sapa HOMMADOW

33
510
garlawac
06.11.2023 18:45

 Guşjagazy tutmak üçin, heý-de, agaç kesilermi? :))

30
196
garlawac
02.11.2023 22:46

Gözel gyzlar, menem birçak siz ýaly,
Lebleri köz ýaly biz gyzy söýdüm.
Bu onuň şanyna hasratym bilen.
Gam bilen ýazylan iň soňky aýdym.

Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam
Kän gözlerden maňa gülüp bakardy.
Meniň mejbur, mejnun gözlerim mydam
Boýy baýdak, aý dek gyzlaň içinden,
Lebi oýmak, gaýmak gyzlaň içinden,
Märekeden ony gözläp tapardy.

Gaýyp boldum yşkyň howasy bilen
Bu dünýeden dem salym.
Jadylady yşkyň dogasy bilen
Leblerine dem salyp.

Ýumşakdy gije saçlary,
Gündiz ýüzi ýagtydy.
Gözün gamaşdyryp şowa täleýiň,
Seljertmedi bagtymy,
Ak alkymy - ak ýaşlygym.
Onuň gant deý süýji lebi -
Meniň süýji ýatlamalam
Undulmaz, gaýdyp gelermi?!

Gara saçy - gara bagtym,
Gara gözi - gara gam.
Gyýma gaşy kösemäge
Ulanan täk ýaragy.

Şat gülküden galan gamly ýylgyryş,
Baş söýgüden galan ýalňyz posa deý
Jübimde galanda gara şaýylam,
Gerdenine tylla saçy ýaýylan
Sygan aýalyna pal atdyrdym men.
Şeýdip, öz apgyrdy giden bagtymy
Bejertdim men, oňa nal kakdyrdym hem.

Ýatlamalam dama-dama tükense,
Dilämok iňrigiň garalaryny.
Ol kesewi kibi, demir tiken deý
Gorsaýar, gozgaýar ýaralarymy.

Ýygralykda artdy ýene bir gümmez ...
Ine, baş söýgümden ybarat şular.
Şatlygymyň gölegçisi şo günler.
...Gelerne garaşyp zyýaratçylaň
Sak müjewür kibi otyryn indem.

©Gurbandurdy Orazow 

35
765
garlawac
02.11.2023 18:15

 Bir gün saňa täze ýazan goşgymy okadanym ýadyňdamy henizem? Belki, şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman, bu wakany unudansyňam. Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze ýazan goşgymda gönüden-göni seniň suratyňy çekäýen bolsam näme?! Ýöne sen näme üçin aňşyrmadyňkaň muny? Belki, bilensiňem. Okan badyňa, kime ýazylandygyny bilmek boldy bar küýüň. Meňkem şol çekinjeňlik. Aýdyp bilmedim. Utanjaňlykdan utuldym ýene. Menden has uzaklaşarsyň öýdüp gorkdum, dogrusy. Meni bagyşlaweri! Saňa şol gün dogry zady aýan etmedim. Goşgyň gönümel saňa degişlidigini aýdyp bilmedim. Seni gidermäsim geldi. Megerem, şol goşgymy okap, özüňe bolan söýgimi duýan bolmagyňam, ony öz dilimden eşitmek islän bolmagyňam ahmal. Ine, indi men, şol hakykaty ýazyp beýan edýärin. Peýdasy degjek bolanlygynda öwran-öwran aýtmaga-da taýyn, şol goşgymy saňa bagyşlap ýazandygymy. Ýöne...

Gurbanmyrat SARYÝEW

35
223
garlawac
27.10.2023 13:47

AÝALLAR GÜLMEÝÄR!

Elini agzyna goýup kikirdäp ýa-da jakgyldap gülende...
Tapawudy ýok...
Aýallaryñ gülýän wagty ýok.
Çünki... Ýüreginiñ bir parçasy ýigidinde, ýene bir parçasy çagalarynda, galan ýakyn-daş hossarlarynda... Böleklenen ýüregi gaýgy-ünji, endişe, dert-alada, gorky bilen dilim-dilimdir...
Gülýändir öýdersiñ...
Ýüreginiñ özünde galan bölegi gülmäge ýetmez...
Iñ bagtly görünýän pursatynda-da, iñ şadyýan wagtynda-da ýapyşyp galan bir yzasy bardyr aýalyñ içinde...
Gülküsi leblerinde doñar galar...
Ony belentlige göteren enelik hem aýalyñ jezasydyr...
Idin bermeýär...

* * *

Edil hemmeler uklap ýatyrka bölünen ukusy ýaly... Aç görse bokurdagyndan geçmeýän lukmasy ýaly... Biri aglasa hemmelerden öñ oturyp aglamasy ýaly...
Aýalyñ jogapkärçiligidir...
Bu jogapkärçilik hiç gutarmaýar.

* * *

Aýalyñ gülküsi diýenimde "mertebeden" söz açýañ-a...
Mertebesiz erkekleriñ döreden şu ugur-utgasyz günlerinde... Çar ýanymyz gan añkaýarka... Erkekler aýallaryñ söwer ýarlaryny, ýigitlerini, çagalaryny, bäbeklerini öldürýärkä...
Öldürýänler mertebesizleriñ elinden sylag alýarka... Biriñiziñ "eneler aglamasyn" diýip, beýlekiñiziñ "aýallar gülmesin" samahyllap durşuñyzam... barça zatdan köp yzasydyr aýalyñ....
Gülmek ýadyna düşmeýär...

* * *

Haýsy mertebe barada aýdýañ sen?
Hemme zada güýji ýetýän erkeklerde ýok şo...
Ýalan sözlände aýalyñ ýüzi lap-lap gyzýar...
Aýalyñ ary-namysy bar...
Utanýar, uýalýar, ejap edýär...
Yzyña öwrülip seretsene olara: ogurlamagyñ, talamagyñ, urmagyñ, gyrmagyñ, döwmegiñ, zorluk-zulumyñ nämedigini bilýän däldir...

* * *

Mertebesizleriñ dünýäsinde aýalyñ paýyna diñe gynanç düşýär...
Islese elini agzyna goýup kikirdäp gülsün, islese jakgyldap gülsün...
Içindäki ölüm maý bermeýär...
Aýallar gülmeýär...

Bekir JOŞKUN.

28
205
garlawac
01.10.2023 19:18


Ýagyş. Bu günem ýagsana! Men sen ýagan pursadyň ylhamlanýan. Howaňdan gursagymy dolduryp diriligimi duýýan. Saňa ezilip geçiren bagtly günlerimizi ýatlaýan. Ýok ýok gussa batman damjalaryň ýüzümi ýuwýan wagty olara bukulyp aglamarynam.
Bahar çagbasy biziň söýgümize çalym edýär. Däliräp asyl diňmejek ýaly bir guýýarda soňam asyl hiç ýagmadyk ýaly ýere siňip gidiberýär. Ene ýerem gaty mert ähli zady içine salýarda sessiz oturýar. Adamlaryň ony depeläp ýöreni az ýaly näme bolsa ýene ýeriň gujagyna gizlenip ýitip gidýär.
Olam söýgüsini meniň gursagyma gizledide ýitip gitdi. Aslynda dünýäme ýat bolsa-da gözlerim ony hemişe gördi. Bu-la has agyr jeza bolýady. Men ony söýemde ýagyşy hem söýüpdim. Ol meni terk edeni üçin ony ýigrenmeýşim ýaly ýagşam ýigrenemok. Ýöne göwnüm galdy...
Ol gidensoň ýagyşam ýaganok. Belki güýz gelse ýagar öýdüp garaşdym. Ýagyş! Sen ýaganyňda men täzeden dünýä inen ýaly bolýan. Bu günem ýagsana!

Şamsiddin BATYROW,

35
363
garlawac
30.09.2023 20:16

 "Adam bir güli söýse, millionlarça ýyldyzlaryñ diñe birinde şol ýekeje gül gunçalasa, ol ýene-de şol ýyldyzlara bakyp özüni bagtly duýar we öz-özüne: "Ynha ol ýerde, şo-ol ýyldyzlaryñ birinde meniñ gülüm bar"🥺

35
193
garlawac
29.09.2023 21:32

hiç kime ynanmazlygy öwrendim. seni söýýändir öýdýäňmi? gülkünç sorag. men indi kimi söýjek? birmahallar... (kän zaman geçdi.) o mahallar aýylganç täsin dünýädi barlyk. şuwagtam söýgi ýat närse däl. arman, diňe özümi söýýän. megerem, bu gynanaýmaly ýagdaýdyr. ha-ha. ýöne maňa bolýar.

şu hal çagalaň bilen çaý içýänsiň ýa-da hyýrsyz aýalyň bilen haýsydyr bir bolgusyz zat hakda sowuk jedelleşýänsiň. jedelleşseň, jedelleşipsiň-dä ......

menem näme? ýaşaryn-da başararyn. gaýrat ederin, öwrenerin daşa garamany, uzakdan görmäni, aldamany ed-dil sen ýaly.

bu - diýseň hakykat. ýowuz gerek, hä? gowu-da, saňa degişli-dä şo. bir ýerde ýalňyşdyň. meň söýgim güýçli, ýalany ýigrenişimem şonçarak. öňdäki sözlemiň ikinji böleginden gözle ýalňyşyňy. özüňi ýalan sözlemezlige türgenleşdir. geljegiň üçin gowy bolar. äýý, keýpiň kelläňde. çagalaň ýanyňda, keýwanyň gaşyňda, isläniňi gaýyr, durmuşyňa halanyňy goş, halamadygyňy aýyr. janyň sag bolsun.

gözýaşlaryma pasyllar gark boldy. olar özüni birçak halas etdiler. ýöne sen özüňi mensizlikden halas et!


Suraý Babanyýazowa

33
309