garlawac
06.11.2023 23:42

 Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?

Ýene bir nokady gözlerin bilen
Deşäýjek bolýaňmy? Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnün döwülip,
Başyň dumanlymy? Gursagyň darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyň böldümi?

Könlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?...

Sapa HOMMADOW

33
510
Bkm
7 Noýabr 2023
@gula, Hickimin duygysynyn ustunden gulmañ
Bkm
7 Noýabr 2023
nabat_
6 Noýabr 2023
Şu wagtky duygulam şu goşgudan beyan edilen yaly....gaty gowy goşgy 🥰😊👍👍👍
altyyeva
6 Noýabr 2023
@garlawac_, penjiräni açyp ysgaýmaly eken 🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.