garlawac
02.11.2023 22:46

Gözel gyzlar, menem birçak siz ýaly,
Lebleri köz ýaly biz gyzy söýdüm.
Bu onuň şanyna hasratym bilen.
Gam bilen ýazylan iň soňky aýdym.

Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam
Kän gözlerden maňa gülüp bakardy.
Meniň mejbur, mejnun gözlerim mydam
Boýy baýdak, aý dek gyzlaň içinden,
Lebi oýmak, gaýmak gyzlaň içinden,
Märekeden ony gözläp tapardy.

Gaýyp boldum yşkyň howasy bilen
Bu dünýeden dem salym.
Jadylady yşkyň dogasy bilen
Leblerine dem salyp.

Ýumşakdy gije saçlary,
Gündiz ýüzi ýagtydy.
Gözün gamaşdyryp şowa täleýiň,
Seljertmedi bagtymy,
Ak alkymy - ak ýaşlygym.
Onuň gant deý süýji lebi -
Meniň süýji ýatlamalam
Undulmaz, gaýdyp gelermi?!

Gara saçy - gara bagtym,
Gara gözi - gara gam.
Gyýma gaşy kösemäge
Ulanan täk ýaragy.

Şat gülküden galan gamly ýylgyryş,
Baş söýgüden galan ýalňyz posa deý
Jübimde galanda gara şaýylam,
Gerdenine tylla saçy ýaýylan
Sygan aýalyna pal atdyrdym men.
Şeýdip, öz apgyrdy giden bagtymy
Bejertdim men, oňa nal kakdyrdym hem.

Ýatlamalam dama-dama tükense,
Dilämok iňrigiň garalaryny.
Ol kesewi kibi, demir tiken deý
Gorsaýar, gozgaýar ýaralarymy.

Ýygralykda artdy ýene bir gümmez ...
Ine, baş söýgümden ybarat şular.
Şatlygymyň gölegçisi şo günler.
...Gelerne garaşyp zyýaratçylaň
Sak müjewür kibi otyryn indem.

©Gurbandurdy Orazow 

35
765
kizz
6 Noýabr 2023
@garlawac_, dogry. Saher icine cyksan guk diy🙃
kizz
6 Noýabr 2023
@garlawac_, boliala. Sen nirde bu wagt
my_angel
6 Noýabr 2023
@garlawac_, sunyaly doganyn bolaysa😊
kizz
6 Noýabr 2023
@garlawac_, bah ola bolmandyr. Gynanma nesip bolsa bolar. Jigin haysynda
kizz
6 Noýabr 2023
@garlawac_, Hudaya sukur gou okuwlaram. Sen hayysyna girdin.
sazsoft
6 Noýabr 2023
@garlawac_, Sag boluň! 🥰
sazsoft
6 Noýabr 2023
@filosof, 😅
sazsoft
6 Noýabr 2023
@garlawac_, Elbetde :))
sazsoft
6 Noýabr 2023
@garlawac_, Bolýa, siziňizem gijäňiz rahat bolsun! Sag-amanja uklap turuň! Süýtli çaý ýaly süýji uky hem süýji düýşler! 🌛
sazsoft
6 Noýabr 2023
@sazsoft, *baldyr mesge
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.