garlawac
02.11.2023 18:15

 Bir gün saňa täze ýazan goşgymy okadanym ýadyňdamy henizem? Belki, şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman, bu wakany unudansyňam. Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze ýazan goşgymda gönüden-göni seniň suratyňy çekäýen bolsam näme?! Ýöne sen näme üçin aňşyrmadyňkaň muny? Belki, bilensiňem. Okan badyňa, kime ýazylandygyny bilmek boldy bar küýüň. Meňkem şol çekinjeňlik. Aýdyp bilmedim. Utanjaňlykdan utuldym ýene. Menden has uzaklaşarsyň öýdüp gorkdum, dogrusy. Meni bagyşlaweri! Saňa şol gün dogry zady aýan etmedim. Goşgyň gönümel saňa degişlidigini aýdyp bilmedim. Seni gidermäsim geldi. Megerem, şol goşgymy okap, özüňe bolan söýgimi duýan bolmagyňam, ony öz dilimden eşitmek islän bolmagyňam ahmal. Ine, indi men, şol hakykaty ýazyp beýan edýärin. Peýdasy degjek bolanlygynda öwran-öwran aýtmaga-da taýyn, şol goşgymy saňa bagyşlap ýazandygymy. Ýöne...

Gurbanmyrat SARYÝEW

35
223
Abat_
2 Noýabr 2023
@garlawac_, minnetdar)
Abat_
2 Noýabr 2023
@garlawac_, Nirde))
Abat_
2 Noýabr 2023
@garlawac_, Mrokas haladym
Abat_
2 Noýabr 2023
Ben de istemem kağıtlarda seni yaşatmayı, Kolay değil, dertli adam işi yazmak… Bir ter, Bir titreme, Bir mide ağrısı riskiyle yaşıyorum aklima her geldiğinde... Peki tamam yazmayacağım, Ama önce sen: O kirpiklerinin nasil tesadüfle cennetten gelmişcesine dizili olduğunu açıkla... Hikmet Anil Öztekin
violinist
2 Noýabr 2023
@garlawac_, sagbol))) sende täzelik ýokmy
gulle09
2 Noýabr 2023
@garlawac_, siz 98mi gyzmy siz
gulle09
2 Noýabr 2023
Kimler 98nji yyl elni galdyrsyn😀
violinist
2 Noýabr 2023
@garlawac_, Salam baryn gowumyň😊
violinist
2 Noýabr 2023
Öň paýlaşypdym))
sazsoft
2 Noýabr 2023
@garlawac_, 👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.