Ýagyş. Bu günem ýagsana! Men sen ýagan pursadyň ylhamlanýan. Howaňdan gursagymy dolduryp diriligimi duýýan. Saňa ezilip geçiren bagtly günlerimizi ýatlaýan. Ýok ýok gussa batman damjalaryň ýüzümi ýuwýan wagty olara bukulyp aglamarynam.
Bahar çagbasy biziň söýgümize çalym edýär. Däliräp asyl diňmejek ýaly bir guýýarda soňam asyl hiç ýagmadyk ýaly ýere siňip gidiberýär. Ene ýerem gaty mert ähli zady içine salýarda sessiz oturýar. Adamlaryň ony depeläp ýöreni az ýaly näme bolsa ýene ýeriň gujagyna gizlenip ýitip gidýär.
Olam söýgüsini meniň gursagyma gizledide ýitip gitdi. Aslynda dünýäme ýat bolsa-da gözlerim ony hemişe gördi. Bu-la has agyr jeza bolýady. Men ony söýemde ýagyşy hem söýüpdim. Ol meni terk edeni üçin ony ýigrenmeýşim ýaly ýagşam ýigrenemok. Ýöne göwnüm galdy...
Ol gidensoň ýagyşam ýaganok. Belki güýz gelse ýagar öýdüp garaşdym. Ýagyş! Sen ýaganyňda men täzeden dünýä inen ýaly bolýan. Bu günem ýagsana!
Şamsiddin BATYROW,