flowers_
25.12.2023 17:32
*Aç ýanynda nan iýme!

*Açylan - solar, aglan - güler.

*Bilenden hem geçer, bilmedikden hem.

*Çynar çüýremez, arça guramaz.

*Dag başynda gar bolar, är kişide - ar.

*Derýa balyksyz bolmaz, dag - keýiksiz.

*Dil başga, dileg bir,
Ýüz başga, ýürek bir.

*Dyrmaşan dagdan aşar.

*Gaýratly goýundan gurt hem gorkar.

*Gedaýyň horjuny bolsa-da, gözi doýmaz.

*Gol - goly tanar, kör - ýoly.

*Gören bilen göz doýmaz,
Dek durmaga nebis goýmaz.

*Içi dara - dünýä dar.

*Kepderi bolup dogulsaň, garga bolup ölüme gitme!

*Keýigi kowan, towşany görmez.

*Köňül kirin ýedi derýada ýuwsaň hem arassalanmaz.

*Köp ýüwren bir ýykylar.

*Mal - janymyň sadagasy,
Jan - arymyň sadagasy.

*Namysy ýaşlykdan gora!

*Näkesiň işi minnet.



Taýýarlan: Mahym Narmyradowa.
38
79
flowers_
24.12.2023 23:40
Ejizleme göreş mertleş,
Özüň bilen özüň dertleş,
Oka, öwren, döret berleş,
Ideýän däl, idelýän bol...


Öwezgeldi Taganow.
30
54
flowers_
24.12.2023 03:06
Aglap-aglap pel çeken, gülüp-gülüp suw tutar.

Azaby öňde, rehnedi soňda.

Azal sapy odam bolsa sypdyrma!

Bagtly kişi sähet gözlemez.

Bidöwlete bir gün sähet, iş etjege her gün sähet.

Bir ýyl tut eken, ýüz ýyl göwher tirer.

Gapaksyz gazan gaýnamaz, enesiz oglan oýnamaz.

Gural işlär el magatanar.

Ýylan köküni sil keser, ynsa köküni ant keser , agaç köküni ot keser.

Zenany altyn bilen, erkegi zenan bilen synaýarlar.


Toplan: Sylap Çaryýew.


"Arzaçyl, dawaçyl hatynyň gözüne,
diline, umuman demine düşeniňden, bergä düşeniň ýagşydyr."
#
@Imissyou. 🙂
47
104
flowers_
23.12.2023 23:51
Täze ýylda täze dostlar köp bolsun,
Täzäň ýandan aýrylmasyn köneler.
Ýyl çalşyşy ýaly
dost-çalşyp ýörsek,
Erteki gün dost tapmamyz kynalar.

*******

Täze ýylda köp bolsun täze salamlar,
Bibereket bormyş bisalam toprak.
Duşmanyň duşsa-da salamyny al,
Salama - hormat bor,
Özüne - sapak.

Ýöne şeýle zada geldik biz gabat:
Bir ene bäş ogluň tapýarka göwnün,
Bäş ogul bir enäň göwnün tapanok -
Sowuluň tetelliň öňünden,
Sowuluň.

Salamyn hem almaň.
Salam hem bermäň
Adam ýiliginden döränmiş salam.
O tetelli bolsa adammy, dälmi?
Entek jedelli zat. Çözülsin sowal.


Kerim Gurbannepesow.
47
61
flowers_
23.12.2023 09:25
▪︎Ýaşlyk gözelligi görüp bilýänligi üçin hem bagtlydyr. Gözelligi görüp bilmek ukybyny ýitirmedik adam bolsa hiç haçan garramaýar.
#Frans Kafka

▪︎Otuz ýaşandan soňra her bir beden öz şahsy garaýyşlaryna eýe bolýar.
#Bette Milder

▪︎Kämilleşmek üçin ynsan tarapyndan tölenilýän iň uly töleg - onuň ýaşlygydyr.
#Tom Stoppard

▪︎Ýaşynyň ýigrimi ýa-da segsenliginiň tapawudy ýok, öwrenmegi bes eden adam garrap başlaýar. Gözlegine hemişe dowam edýän adam bolsa, ýaşlygyny hiç wagt ýitirmeýär.
#Genri Ford

▪︎Uly adamlar ýaly öz-özüni dolandyrmaga, wagtyndan öň ulalmaga synanyşýan ýetginjek gaty köp zatlardan mahrum galýar.
#Margaret Mid

▪︎Çekinjeňlik ýaşlygyň bezegi ýaly görünip biler, emma ol, aslynda, garrylyga tarap ädilen ilkinji ädimdir.
#Aristotel

Ýaş wagtyň günler gysga, ýyllar uzyn, garrylykda bolsa, günler uzyn, ýyllar juda gysgaljakdyr.
#Robert Forst

▪︎Biz haçan-da öz isleglerimizden ýüz öwrenimizde garraýarys.
#Samuel Uelman

▪︎Garrylyk garaşylşy ýaly assa-ýuwaşdan däl-de, birden peýda bolar.
#Emili Dikinson

▪︎Gözelligiň betbagtlygy - tüçjar bolup doglup, wagt geçdigiçe garyplaşmagydyr.
#Jon Kollins


Taýýarlan: Ýülmek Lollaýew.
38
49
flowers_
22.12.2023 21:44
Ine, ahyr kalba möhür basyldy,
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.


Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
"Saňa müň hünärem azdyr" diýdi-de,
"Söýgi" diýip belledi, ýene bir kesbim.


Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.


...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, "Söýseň aňsat bolar" diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.


Aýgül Garaýewa.
39
38
flowers_
22.12.2023 00:03
Suratlar 😁
40
677
flowers_
21.12.2023 00:13
《Türkmen ilim aman bolsun》
S.A. Niýazow.


Il- gün jebis, Ýurt parahat,
Isleýşiň dek zaman bu gün.
Gündiz aýdyň, gije rahat,
Türkmen iliň aman bu gün.

Oguz hanyň kowmy bilen,
Göroglynyň dogmy bilen,
Parasatly ogly bilen,
Türkmen iliň aman bu gün.

Gursakda nurly roýuňyz,
Durmuşda geçdi raýyňyz,
Jennetden bolsun jaýyňyz,
Türkmen iliň aman bu gün.


Kerim Hally.
85
739
flowers_
20.12.2023 23:58
Sen "Söýgi" diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi - seniň gözleriň,
Söýgi - seniň şol gözleriň kirpigi.


Söýgi - seniň aýaklaryň ädimi,
Söýgi - seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.


Söýgi - seniň oýa batyp oturşyň,
Söýgi - seniň aýdýan, aýtjak sözleňem,
Men "söýgi" diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.


Mümkin, olar öz ýanyndan " Söýgi has
beýik ahyr!" diýýändirler, ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, Mähriban!
41
59
flowers_
20.12.2023 19:28
Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!


Erbet eken galsa göwün, göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan,
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!


Al- asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!


Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary- ýazy, durnalar!


Atamyrat Atabaýew.
43
48