flowers_
22.12.2023 21:44
Ine, ahyr kalba möhür basyldy,
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.


Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
"Saňa müň hünärem azdyr" diýdi-de,
"Söýgi" diýip belledi, ýene bir kesbim.


Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.


...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, "Söýseň aňsat bolar" diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.


Aýgül Garaýewa.
39
38
Älem Sesi agzasy
23 Dekabr 2023
Goşgy Gowja eken gelneje
zoluska
22 Dekabr 2023
Ýalan... Söýüp bilseň gaýta kyn eken!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.