flowers_
23.12.2023 23:51
Täze ýylda täze dostlar köp bolsun,
Täzäň ýandan aýrylmasyn köneler.
Ýyl çalşyşy ýaly
dost-çalşyp ýörsek,
Erteki gün dost tapmamyz kynalar.

*******

Täze ýylda köp bolsun täze salamlar,
Bibereket bormyş bisalam toprak.
Duşmanyň duşsa-da salamyny al,
Salama - hormat bor,
Özüne - sapak.

Ýöne şeýle zada geldik biz gabat:
Bir ene bäş ogluň tapýarka göwnün,
Bäş ogul bir enäň göwnün tapanok -
Sowuluň tetelliň öňünden,
Sowuluň.

Salamyn hem almaň.
Salam hem bermäň
Adam ýiliginden döränmiş salam.
O tetelli bolsa adammy, dälmi?
Entek jedelli zat. Çözülsin sowal.


Kerim Gurbannepesow.
47
61
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.