flowers_
20.12.2023 19:28
Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!


Erbet eken galsa göwün, göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan,
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!


Al- asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!


Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary- ýazy, durnalar!


Atamyrat Atabaýew.
43
48
think
20 Dekabr 2023
@flowers_, 🤗
loona_girl
20 Dekabr 2023
👍👍💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.