flowers_
20.12.2023 23:58
Sen "Söýgi" diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi - seniň gözleriň,
Söýgi - seniň şol gözleriň kirpigi.


Söýgi - seniň aýaklaryň ädimi,
Söýgi - seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.


Söýgi - seniň oýa batyp oturşyň,
Söýgi - seniň aýdýan, aýtjak sözleňem,
Men "söýgi" diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.


Mümkin, olar öz ýanyndan " Söýgi has
beýik ahyr!" diýýändirler, ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, Mähriban!
41
59
sazsoft
21 Dekabr 2023
Aý, goňşy goňşy bolýa-da :)) Häli paýlaşjak bolup ugradan, emma limit sebäpli goýup bolmadyk goşgy 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.