flowers_
05.01.2024 14:22
#Gysga göwrümli uly hekaýalar (ýa-da gysga miniatýuralar)



Oňa «Ýorganyňa görä aýak uzatgyn» diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.

***
Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.

***
Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň «ýüz ýyldan» soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl…

***
Durmuşyny, gör, näçinji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi…

***
Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi…

***
Näçe ösdügiçe adamyň aňy, durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.

***
Oglan «söýgi» sözlerini aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerde başga bir ýigidiň keşbini gördi…

***
Oňa «sen çaga ýaly» diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!

***
Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar… Ol entek hiç zadam ýazmandy…

***
Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken…

***
Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. «Gapysyz hem ulag bolarmy?» diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi…

***
Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. «Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!».

***

Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy…

***
Oňa ADAM bolmagy beýik adamlar öwretmändi…

***
Öýüne girjek bolanynda, açary öýüň gapysyny açmady… Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni «ogurlan» ekenler..

***
Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi…

***
Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäydi…

***
Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy…

***
Oňa «aýagyňy ters basýaň» diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi…




Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
41
130
flowers_
05.01.2024 10:55

Gyş miweleri we gök önümleri Gün şöhlesini özünde has köp saklaýar we beden üçin zerur bolan minerallary we witaminleri öz içine alýar. Bu iýmitleri, esasanam, gyşda çig ýa-da bişirilen görnüşde iýmek maslahat berilýär.


Aýwada – A we B witaminleri, köp mukdarda kaliý, tanin we beden garşylygy üçin peýdaly kalser duzlary bardyr.


Hyýar – kükürdi öz içine alýar. Bedeni ýokançlyklara garşy güýçlendirýär, iç gatamagynyň öňüni alýar, böwrek we ýürek kesellerinde bedende ýygnanan suwy aýyrmaga kömek edýär.


Turp – E, A, C, B6, K ýaly witaminleri öz içine alýar. Kaliýniň gowy çeşmesi. Ýadawlyk üçin peýdaly, doýmak duýgusyny üpjün edýär, immun ulgamyny berkitmäge ýardam edýär.


Sarymsak – A, B, C, P witaminlerine we kükürt düzümine baý. Ýokary gan basyşy peseldýär, gany arassalaýar, işdäňi ýokarlandyrýar, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär we iç gatamagy ýeňilleşdirýär.


Petruşka – A we C witaminleriniň esasy çeşmesidir. Ol hrm ýokary gan basyşyny peseldýär, ýürek ýadawlygynyň öňüni alýar, ganazlygy aýyrýar, öt akymyny ýeňilleşdirýär.


Alma – A we C witaminlerine baý bolup, almada ýokary süýüm hem bar. Immun ulgamyny güýçlendirýär. Iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär, holesterin üçin peýdaly we gan basyşyny peseldýär.


Käşir – A, B1, B2 witaminleriniň we süýüminiň çeşmesidir. Energiýa berýär. Holesterini deňleşdirmäge kömek edýär.


Sogan – bişirilen ýa-da çig iýip bolýan mineral dükandyr. Gyşky kesellere garşy bedeniň garşylygyny ýokarlandyrýar.


Sitrus miweleri –  apelsin, mandarin we greýpfrut ýaly sitrus miweleriniň düzüminde C witamini köp. Şeýle hem immunitet ulgamyny berkitmäge kömek edýär we bedeni dümewden goraýar.


Nar – fol turşusyna baý bolup, düzüminde A we C witaminleri, selen, magniý we fosfor ýaly minerallary saklaýar. Immun ulgamyny berkitmäge kömek etmek bilen birlikde, ýadawlyk üçinem peýdalydyr.


Ysmanak – demire we beloga baý bolup, immun ulgamyny berkitmäge uly kömek edýär.




Begendik BABAÝEW.

43
119
flowers_
04.01.2024 20:13
Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna “Meniň size bir teklibim bar” diýipdir-de, olardan “Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýärsiňizmi?” diýip sorapdyr. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “ bolýa-da, bolýa” diýişip ikirjeňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. “Siz razy bolsaňyz, barlag tejribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge söz beriň” diýýär. Okuwçylar mugallym bilen razylaşýarlar. Mugallym: “Size tabşyrjak ilkinji zadym: ertir hemmäňiz ýanyňyz bilen 3kg ýeralma bilen torba getiriň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme üçin ýeralma getir diýýänine düşünmeselerem, ertesi ýanlary ýeralmadyr torbaly okuwa gelýärler. Mugallym özüne soragly seredip oturan okuwçylara: “ Indiki etmeli zadyňyz: şu çaka çenli kim siziň göwnüňize degen bolsa, sizem bagyşlamadyk bolsaňyz, bir ýeralmaň ýüzüne şol kişiniň adyny ýazyň-da torbaňyza salyň” diýýär. Çagalaryň käsi 6-7 sany, käbiri bolsa ondanam köpräk ýeralmany torbalaryna salýarlar. Mugallym soragly nazarlaryny dikişip oturan okuwçylara ýüzlenip “Bir hepdeläp nirä gitseňiz, torbaňyzam ýanyňyz  bilen alyp gidiň. Mekdebe gaýdanyňyzda-da, dogan-garyndaşlaryňyzyňka gideniňizde-de, awtobusa müneniňizde-de  ýanyňyzdan aýyrmaň. Hat-da ýatanyňyzda hem ýanyňyzda goýup ýatyň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme etjek bolýanyna entegem düşünmeýärler, ýöne bu tabşyrygy bilenem göwünli-göwünsiz razylaşýarlar.

Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, mugallym synp otagyna gireninden okuwçylar arz-şikaýatlaryny aýtmaga başlaýarlar :

-Mugallym, torbamyzy hemme ýere äkidip ýörmek ýaman kyn, özem agyr.

-Mugallym, ýeralmalar porsap başlady, bir ýerik gitsek, töweregimizdäkiler bize geň galyp seredýärler.

Mugallym okuwçylaryň aýdanlaryny ýylgyryp diňläninden soň şeýle diýýär: “Görýäňizmi, çagalar meniň size düşündirjek bolýan zadym hem şundan ybarat. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizde agyr, porsy ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr.


MERJEN ÝAZLYÝEWA.
37
371
flowers_
04.01.2024 09:45
"Köp adamlar ir turmagy kyn görýärler, ir turmaga öwrenişmekde kynçylyk çekýärler. Şeýle hem bolsa, ir turmagyň örän köp peýdaly taraplary bar: bedeniňiz üçin peýdaly bolmagyndan başlap, işleriňiziň aglaba bölegini wagtynda ýerine ýetirmäge ýetişmeklik…

Köp sanly barlaglaryň netijesinde ylymlar iň peýdaly uky iki  sagadyň dowamyndaky ukydygyny aýdýarlar, ýagny gije sagat 22:00 – 24:00 aralgyndaky uky. Eger siz şol iki sagadyň aralygynda gijeki ukyňyzy doly alyp bilseňiz, daňdan 05:00 arkaýyn oýanyp bilersiňiz diýip alymlar belleýärler.

1.Saglygyňyza peýdaly bolmagy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, 22:00 – 24:00 aralygyndaky uka “süýji” uky diýilýär we şol iki sagadyň dowamlylygyndaky ukyňyz bedeniňiziň doly dynç almagyny üpjün edýär. Eger-de siz gijäň ýarynda ýatmana öwrenişen bolsaňyz, adaty 7-8 sagadyň ýerine 10 sagat ukyňyzy alsaňyz hem, bedeniňiz doly dynjyny alyp bilmeýär.

2.Wagtyňyzy sazlap bilmegiňiz.

Ata-babalarymyz “Ir turan işini dynar” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Säher bilen turmak bilen köp işleriňize ýetişersiňiz. Meselem: ertirlik edinmek, sport meýdançasyna ylgawa gitmek.

3.Şu günki işiňi ertä goýma.

Ir säher bilen turmak – öz halaýan işleriňizden başga-da, öýüň işlerini ýetişmegiňiz, günüň soňky böleginde etjek işleriňiziň azalmagyna ýardam berer.

Ir turup, köp işleriňizi dynyp bilersiňiz. Has ykjam we şähdaçyk bolarsyňyz, güniňiz hem göwnüňiz ýaly ýagty bolar. Agşam özüňizi öňkiler ýaly ýadaw duýmarsyňyz, diňe ukyňyz geler, ukyňyz gelen wagty hem 22:00-dan öňräk ýatmak maksadalaýyk bolar. Irden öňki edip bilmedik işleriňizi etmäge wagt dörär.

 

Merjen ÝAZLYÝEWA,"
36
68
flowers_
04.01.2024 01:03
Men durmuşa teý düşünip bilemok,
Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.
Nämüçin söýýänim özüm bilemok,
Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.

Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,
Birde al-asmanda Güneş parlaýar.
Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,
Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.

Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,
Bardyr onuň diňe indiki döwri.
Baharda janlanyp, güýzüne solýan,
Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,
Gidip barýan umytlara beslenip,
Çözgütsiz matal deý geljege sary.


Züleýha ALLABERDIÝEWA.
33
44
flowers_
03.01.2024 19:51
▪︎Asylly adam – il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar.

▪︎Ownuk zatlarda özüni saklap bilmezlik – uly işleriň ýoguna ýanýar.

▪︎Özüňe islemeýän zadyňy özgä-de etme.

▪︎Öz nadanlygyny bilip, bilimiň gözlegine çykan adama öwüt bergin. Özüniň gymmatly pikirlerini aýdyp bilmeýäne öz kömegiňi ber. Öz dörtburçlugynyň bir burçuny tanap, galan burçlary hakynda bilmäge ukyply adamy okatgyn.

▪︎Hakyky adamkärçilik bizden daşdamy? Eger isleseň, ol derrew seniň ýanyňda peýda bolar.

▪︎Bilim bolmasa, edepsizlk öz-özüňi gynamaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, seresapsyzlyk  hökman gorkaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, açykgöwünlilik gödeklige öwrüler.

▪︎Eger döwletiň patyşasy ene-atasyny hormatlaýan bolsa, ýönekeý ynsanlary hem adamkärçilikli bolar.

▪︎Hakyky adamkärçilikli ynsan ähli zady öz güýjüne daýanyp etmäge çalşar.

▪︎Diňe hakyky adamkärçilikli ynsan söýmegi hem ýigrenmegi başarýar.

▪︎Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym bolmaga mynasypdyr.

▪︎Päk ahlakly adam ýalňyz bolmaz. Onuň töwereginde hökman özi ýaly tapylar.

▪︎Meniň maksadym – hakykat, kömekçim – päk ahlak, daýanjym – adamkärçilik, kalbyma basalyk berýän zadam – sungat.

▪︎Asylly adam ömründe üç zatdan gaça durmaly: güýji dyňzap duran ýigit wagty – yşkbazlykdan, kämillige ýeten wagty – bäsdeşlikden, garrylyga ýetip, güýç-kuwwaty azalan wagty – gysgançlykdan.

▪︎Alys geljekde ýüze çykmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam ýakyndaky näsazlyklara büdreýär.

▪︎Mugallym şeýle diýdi: “Islendik obadaky öýleriň ondan birinden ýagşylyk etmekde yzyndan ýetdirmejek tapylar. Ýöne ylma, bilime bolan söýgide, teşnelikde welin, hiç kim menden ozduryp bilmez”.


Toplan: Maksat SERDAROW.
34
92
flowers_
03.01.2024 17:37
Rowaýatlara görä, gadym döwürlerde Gündogar ýazgylarynda Taňry Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günleriň birinde dünýädäki haýwanlaryň ählisini huzuryna çagyrypdyr. Özüne hormat bildirip ýanyna ilkinji bolup gelen her bir haýwana üýtgeşik gowy sowgat etjekdigini aýdypdyr. Habary eşiden on iki haýwan (syçan, sygyr, bars, towşan, balyk, ýylan, at, goýun, maýmyn, towuk, it, doňuz) Taňrynyň huzurynda bolupdyr. Taňrynyň huzuryna ilkinji bolup sygyr gelipdir. Ýöne syçan has golaýa gelýänçä onuň arkasyna münüpdir-de, ara az galanda ýere böküp düşüp, ilkinji bolup ylgap gaýdypdyr. Şeýdibem syçan ilkinjiligi alypdyr. Ilkinji bolup Taňry öz huzuryna gelen on iki haýwanyň hersine bir ýyldan bagyş edenmiş. Onsoň dünýäde aýlanyp duran şol on iki ýylyň hersine bir müçe diýmek hem adat bolupdyr. Müçe ýyllarynyň hersine hem degişli haýwanyň esasy häsiýetleri berlipdir.

Ine, üstümizdäki luw ýylynyň aýratynlyklaryny size ýetirýäris:

Luw ýylynda doglan adamlaryň jany diýseň sagat bolup, olar gujur-gaýratly, päk ýürekli, geçirimli, ynanjaň hem-de dogruçyl adamlardyr. Olar kämillige ymtylýarlar. Şonuň üçin özüne hem-de töweregindäkilere hem talabedijilikli çemeleşýärler.

Luwlar ukyply, sypaýy, göwnaçyk, özüne erk etmegi başarýan adamlardyr. Olar haýsy hünäri saýlap alsa, başarmady diýdirjek gümany ýok.

Bu ýylda doglanlar ak göwünli, batyrgaý, oňat duýgudaş adamlar bolýarlar. Olara ynanyp iş başyny tutsaň hijem ökünmersiň. Luwlary ähli adamlar hormatlaýar, töweregini gurşap alan adamlara täsirleri güýçli bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Şasenem DURDYMYRADOWA,
34
105
flowers_
03.01.2024 11:19
Kerim Gurbannepesow.
"SÖÝGI HEM MODADAN GAÇÝAR DIÝDIŇMI"


Söýgi hem modadan gaçýar diýdiňmi?
Hak aýdýaň, söýgä-de ýetipdir moda,
Kä gyz şu gün irden birini söýse,
Ertir irden düşýär başga bir oda.


Ýaşlar gazetinde okadym bir gün,
Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz.
Onsoň Şamyrady, onsoň Igdiri,
Häzirem söýýärmiş gazak ýigidini,
Ertir kimi söýjek belli däl heniz!


Odisseý her kim-de bir bolmalydyr,
Çalyşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden.
Täze küýzäň suwy sowukmyş diýip,
Içip ýörmek bormy munça küýzeden?!


Öňler söýgi hakda gürrüň açylsa,
Gyzlaryň tarapyn çalardym hökman.
Indi bolsa gyzlaryň käbirini görüp,
Olaryň söýgi diýýän zadyndan gorkýan."
36
46
flowers_
02.01.2024 23:31
Kalbyňyzda umyt bolsun hemişe,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!  
Ýagşa ýoruň her bir görülen düýşem,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Hassasyň-dertlisiň, ýadaw-argynsyň,
Herne, ýagşy pikre jemle bar ünsüň,
Arzuw-umytlara ýapyş irginsiz,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Gündiz günüň aladasy sökendir,
Ýa gussa, ýa irizendir sökellik,
Ynjal,
Dynç al, tümlük dünýä çökende,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Dostuň senden dönen wagty çydagyn,
Dogan saňa düşünmese, çydagyn,
Oraşan düýşlere siňip çydamyň,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Ýazyga ýakynsyň, sebäp adamsyň,
Şatlyk ýetdirýärmi saňa nä gamsyz,
«Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! 
 

Aşyrmät GARLYÝEW.
32
86
flowers_
02.01.2024 12:31
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,

Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.

Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,

Ota- da gidenok aýallar indi.

 

Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,

Içi ak pagtaly halta- bulutlar.

Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,

Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.

 

Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,

Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.

Häzir ümsümligiň mukamy akýar:

Asudaja köp gatnawly köçämiz.

 

Sygyrlar örä- de gidenok indi,

Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.

Peçlerden tüsseler çykanok indi,

Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.

 

Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,

Belki olar gidendirler atyza.

Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,

Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.

 

Şemal yralanok ýaşyl baglary,

Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.

Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,

Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…

 

… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,

Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?

Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,

Sessizje otyrmyň mähriban obam?

 

“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?

Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.

Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,

Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?

 

Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,

Imrindim obadan çykýan atyra.

Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,

Derekler çyzgyç deý durlar hatara…



”SIREN GIJESI” GOSHGULAR TOPLUMY OGULJENNET BASHIMOWA
34
39