flowers_
02.01.2024 12:31
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,

Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.

Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,

Ota- da gidenok aýallar indi.

 

Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,

Içi ak pagtaly halta- bulutlar.

Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,

Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.

 

Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,

Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.

Häzir ümsümligiň mukamy akýar:

Asudaja köp gatnawly köçämiz.

 

Sygyrlar örä- de gidenok indi,

Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.

Peçlerden tüsseler çykanok indi,

Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.

 

Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,

Belki olar gidendirler atyza.

Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,

Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.

 

Şemal yralanok ýaşyl baglary,

Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.

Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,

Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…

 

… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,

Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?

Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,

Sessizje otyrmyň mähriban obam?

 

“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?

Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.

Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,

Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?

 

Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,

Imrindim obadan çykýan atyra.

Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,

Derekler çyzgyç deý durlar hatara…



”SIREN GIJESI” GOSHGULAR TOPLUMY OGULJENNET BASHIMOWA
34
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.