flowers_
02.01.2024 23:31
Kalbyňyzda umyt bolsun hemişe,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!  
Ýagşa ýoruň her bir görülen düýşem,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Hassasyň-dertlisiň, ýadaw-argynsyň,
Herne, ýagşy pikre jemle bar ünsüň,
Arzuw-umytlara ýapyş irginsiz,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Gündiz günüň aladasy sökendir,
Ýa gussa, ýa irizendir sökellik,
Ynjal,
Dynç al, tümlük dünýä çökende,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Dostuň senden dönen wagty çydagyn,
Dogan saňa düşünmese, çydagyn,
Oraşan düýşlere siňip çydamyň,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn!

 
Ýazyga ýakynsyň, sebäp adamsyň,
Şatlyk ýetdirýärmi saňa nä gamsyz,
«Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy,
Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! 
 

Aşyrmät GARLYÝEW.
32
86
pirr
3 Yanwar 2024
Oran tasirli gowy goshgy👍👍👍 ertirki gune umyt-hujuwyn doretyar
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
@Kmg gurt, name yzarlaýañmay🤔 gepi taşlaýyn diyyan😁sen yaly
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
manolya
3 Yanwar 2024
Sag amanja ýatyp tur !🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.