flowers_
03.01.2024 17:37
Rowaýatlara görä, gadym döwürlerde Gündogar ýazgylarynda Taňry Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günleriň birinde dünýädäki haýwanlaryň ählisini huzuryna çagyrypdyr. Özüne hormat bildirip ýanyna ilkinji bolup gelen her bir haýwana üýtgeşik gowy sowgat etjekdigini aýdypdyr. Habary eşiden on iki haýwan (syçan, sygyr, bars, towşan, balyk, ýylan, at, goýun, maýmyn, towuk, it, doňuz) Taňrynyň huzurynda bolupdyr. Taňrynyň huzuryna ilkinji bolup sygyr gelipdir. Ýöne syçan has golaýa gelýänçä onuň arkasyna münüpdir-de, ara az galanda ýere böküp düşüp, ilkinji bolup ylgap gaýdypdyr. Şeýdibem syçan ilkinjiligi alypdyr. Ilkinji bolup Taňry öz huzuryna gelen on iki haýwanyň hersine bir ýyldan bagyş edenmiş. Onsoň dünýäde aýlanyp duran şol on iki ýylyň hersine bir müçe diýmek hem adat bolupdyr. Müçe ýyllarynyň hersine hem degişli haýwanyň esasy häsiýetleri berlipdir.

Ine, üstümizdäki luw ýylynyň aýratynlyklaryny size ýetirýäris:

Luw ýylynda doglan adamlaryň jany diýseň sagat bolup, olar gujur-gaýratly, päk ýürekli, geçirimli, ynanjaň hem-de dogruçyl adamlardyr. Olar kämillige ymtylýarlar. Şonuň üçin özüne hem-de töweregindäkilere hem talabedijilikli çemeleşýärler.

Luwlar ukyply, sypaýy, göwnaçyk, özüne erk etmegi başarýan adamlardyr. Olar haýsy hünäri saýlap alsa, başarmady diýdirjek gümany ýok.

Bu ýylda doglanlar ak göwünli, batyrgaý, oňat duýgudaş adamlar bolýarlar. Olara ynanyp iş başyny tutsaň hijem ökünmersiň. Luwlary ähli adamlar hormatlaýar, töweregini gurşap alan adamlara täsirleri güýçli bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Şasenem DURDYMYRADOWA,
34
105
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
@flowers_, şeyle oytyan🤣 1 na mamalar guni dp haçan gidip haçan geljegi belli dal @kmg gurt dan bizar bolup
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
@flowers_, derman bolsun.
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
@flowers_, sirop içenok
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
@flowers_, antibyotik alanyñ gowy. Mena ogluma urdum antibyotik
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
Salam gowmy yagdaylarñyz. Çagalar açylyşýamy gripden@flowers_,
amanmyradowna_
3 Yanwar 2024
👀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.