flowers_
19.01.2024 00:34
Aýdylmadyk sözler.



Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men.

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.

Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.



Halyl KULYÝEW.
35
75
flowers_
18.01.2024 21:34
Meşhur «Kalila we Dimna» eserinden aşagy çyzlan setirler.



▪︎Öz kysmatyna kaýyl bolman, artyk närseler talap eden kişi gözel çemenliklerde reňbe-reň çeçekleriň hoşboý ysyna we ýaşyl ýaprakly daragtlaryň miwelerine kanagat etmän, piliň gulagyna giren we gulagynyň birje hereketi bilen heläk bolan siňege çalymdaş.
***
▪︎Ussaçylyk maýmynyň işi däl.

***
▪︎Iki närse hiç kime ýaraşmaýar: selläni aýaga, dolagy başa oramak. Lagyl we ýakut gurşun bilen birlikde gaplansa-da, olaryň bahasy düşmeýär, ýöne bu işi kylan kişi diňe özüniň akmaklygyny subut eder.
***

▪︎Biri batyl, biri sag iki adam köçede çaknyşyp, ýykylsalar, parasatly adamlar gözi sag adamy aýyplarlar, gözi ejiz adamyň işini ötünçli diýip hasaplarlar.
***

▪︎Adamlarda bar bolan tebigy zehin agajyň ýanmak hususyýetine çalym edýär: agaja o:t goýulmasa, ol ýanmaýar. Edil şunuň deý, tebigy zehin akyl we tejribe bolmasa özüni ýüze çykaryp bilmeýär.
***

▪︎Peýdaly we zyýanly zatlaryň tapawudyny hatda wagşy haýwanlaram bilýär.
***

▪︎Bilmek gerekdir ki, her işiň öz sebäbi, her sebäbiň öz sebäpçisi we her sebäpçiniň öz mekany we zamany bardyr. Uzak ömürlilik hem-de döwletlilik şulara baglydyr.



Toplan: Ýusup BAÝRAMGULYÝEW.
37
103
flowers_
18.01.2024 13:43
2024-nji ýyl — taryhda iň yssy ýyl bolup biler



«Gazeta.ru»-nyň habar bermegine görä, üstümizdäki 2024-nji ýyl howa gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň yssy ýyl bolup biler.

Şu ýyl temperaturanyň ýokarlanmagynyň El-Ninýo hadysasy – Ýuwaş ummanyň ekwatorial böleginde suwuň üstki gatlagynyň temperaturasynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygy öňe sürülýär. Mundan başga-da, suwuň üstki gatlagy sowasa, oňa La-Ninýa diýilýär.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO) bu ýyly heniz geçen ýyl tamamlanmanka taryhda iň yssy ýyl diýip atlandyrypdy. Gurama geçen ýylyň ilkinji on aýynda global temperaturanyň senagatdan öňki ortaça görkezijiden 1,4 dereje ýokary bolandygyny belläp geçdi.

Britaniýanyň meteorologiýa gullugy 2024-nji ýylda temperaturanyň bu görkezijiden geçip, 1,5 dereje bolmagynyň mümkindigini belleýär.

«TürkmenGazet»
48
873
flowers_
18.01.2024 09:21
Immun ulgamyny güýçlendirýän iýmitler haýsylar?


Gyş kesellerinden goranmak üçin bu iýmitleri iýmek hökmanydyr! Özümizi howp salýan kesellerden goramagyň iň täsirli usullaryndan biri, bedenimize ýokançlyga sebäp bolýan wiruslar we bakteriýalar ýaly mikroorganizmleriň zyýanly täsirlerinden galkan bolup işleýän immunitetimizi güýçlendirmekdir. Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin üç esasy düzgün:

▪︎Suw içmegi ýatdan çykarmazlyk;
▪︎Uka üns bermek;
▪︎Iýmitimiziň deňagramlydygyna göz ýetirmek.

Ine, kesellerden goranmak üçin yzygiderli iýmeli iýmitleriňiz:

▪︎Balyk – omega 3 ýag kislotalarynyň iň möhüm çeşmesidir. Beden omega 3 ýagyny öndürmeýär we şonuň üçin iýmit arkaly almalybolýar. Bedenden kesel döredýän birleşmeleri aýyrmaga kömek edýän omega 3 almak üçin hepdede 2-3 gezek balyk iýmegi unutmaň!

▪︎Ýumurtga – immun ulgamyny güýçlendirmek üçin ýeterlik belok almak möhümdir. Ýumurtga iň ýokary hilli belok çeşmesi hökmünde hem bellidir. Şeýle-de, ýumurtga A we B witaminleri, demir, sink we fol turşusy bilen tapawutlanýar. Saglyk meseläňiz ýa-da allergiýaňyz ýok bolsa, hepdede azyndan 3-4 gezek günde 1 ýumurtga iýip bilersiňiz.

▪︎Sarymsak – toksinlere garşy göreşip, rak we ýürek-damar keselleri ýaly dürli keselleriň öňüni alyş täsirini görkezýär. Esasanam, sarymsakdan tapylan allisin antibakterial we wirusa garşy täsir edýär.

▪︎Gök çaý – metabolizmanyň has çalt işlemegine kömek edip, ganyň şekeriniň duýdansyz üýtgemeginiň öňüni alyp, horlanmaga kömek edýär. Immunitet ulgamyny güýçlendirýän antioksidantlara baýdyr. Şeýle-de bolsa, aşa gaýnag suwa gök çaý goşsaňyz, ýapraklaryndaky antioksidantlaryň täsirini ýitirmegine sebäp bolarsyňyz.

▪︎Kefir – kalsiý, magniý, fosfor, şeýle hem beloga baý we probiotik düzümi bilen tapawutlanýan süýt önümidir. Probiotikleriň içegäniň ösümlik dünýäsini kadalaşdyrýandygy we kesellere garşy durmaga kömek edýändigi mälimdir.



Begenç ORAZDURDYÝEW.
32
30
flowers_
17.01.2024 20:31
Hytaý aýtgylaryndan parçalar



▪︎Bilim, eýesine elmydama eýerýän baýlykdyr.

▪︎Şükür etmek gowy adamy has gowy, erbet adamy bolsa hasam erbetleşdirip bilýär.

▪︎Dünýäde ähli zady başaryp biljek adam ýokdur.

▪︎Eşidenime ynanamok, görenlerimiň ýarysyna, edýän zatlarymyň ählisine ynanýaryn.

▪︎Ulularyň islegleri, ejizleriň bolsa umytlary bar.

▪︎Üstünlik köp zat öwredip bilmez, ýöne şowsuzlyk birnäçe zady öwreder.

▪︎Bir işe başlamak juda aňsat, ýöne şol işi ýöretmek gaty kyn.

▪︎Bilmek söýmek ýaly owadan däl, söýmek hezil etmek ýaly gowy däl.

▪︎Gahar bilen bir salym sabyr etseňiz, ýüz günlük ökünçden halas bolarsyňyz.

▪︎Goňşy itleriň hemmesiniň bir wagtyň özünde üýrmegi tötänden däldir…

▪︎Pikirleriňizi däl-de, söýgiňizi beriň.

▪︎Bilýän we bilenini bilýändigine göz ýetiren akyllydyr. Oňa eýeriň. Bilýän ýöne bilýändigini bilmeýän ukudadyr. Bilmeýän we bilmeýändigini bilýän bolsa akmakdyr. Ondan gaça duruň!

▪︎Dostluk – kömelegiň tagamyna meňzeýär. Zäherli ýa-da zäherli däldigini diňe iýeniňden soň bilip bilersiň..

▪︎Eşidenlerimi ýatdan çykarýaryn, görenlerim ýadyma düşürýärin, edenlerime düşünýärin.

▪︎Her kim ýüzlerçe adamyň ömrüni başdan geçirýär, ýöne olaryň diňe birini ýatda saklamaly. Bu siziňki bolup biler!

▪︎Üýtgedip boljak zatlary üýtgetmäge güýç, üýtgedip bolmajak zatlary kabul etmek üçin sabyr we ikisini tapawutlandyrmak üçin paýhas gerek.

▪︎Bar zady bilen kanagatlanmaýan, aljak zady bilen asla kanagatlanyp bilmez.

▪︎Sorag berýänler bäş minutlyk nadan ýaly görünýärler, aslynda sorag bermeýänler hemişelik nadan bolup galýarlar.

▪︎Optimist adam her betbagtçylykda bir pursat görýär, pessimist bolsa her pursatda betbagtlygy görýär.

▪︎Sypaýylygyň gapysyny açmak kyn.

▪︎Gaty begençli wagtyňyz hiç kime söz bermäň. Gaharly pursatyňyzda-da hiç kime jogap bermäň.

▪︎Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumynda.

▪︎Gün dogandan gün ýaşýança howlukýanlar uzak ýaşamaýarlar.

▪︎Ýüregiňizde ýaşyl şahany saklasaňyz, aýdym aýdýan guşlar size geler.

▪︎Nämedir bir zatlary satyn alanyňyzda gulagyňyzy däl-de, gözüňizi ulanyň.

▪︎Mesele guýynyň çuňlugy däl-de, nyşana ýetmeýän ýüpüň gysgalygydyr.

▪︎Ähli zadyň gözelligi bar, ýöne her kim ony görüp bilmeýär.

▪︎Haýal gitmekden hiç gorkmaň, ýöne ýere durmakdan gorkuň.

▪︎Diwar gurlansoň, kerpiç ýasaýjy unudylýar.

▪︎Hiç bir iňňäniň iki ujy ýok.



Meýlis SADYKOW.
36
93
flowers_
17.01.2024 13:11
2023-nji ýylyň iň gowy aýdymlary.



Taryhdan orun alan 2023-nji ÿylyň iň gowy aýdymlarynyň sanawy. «Variety»  tarapyndan mälim edildi. Taýlor Swiftiň köne aýdymlary aýdym-saz platformalaryna täzeden girmegi başardy.

Ynha, 2023-nji ýylyň iň gowy aýdymlarynyň sanawy:

25.Jvke – Golden Hour;

24.Morgan Wallen – One Thing at a Time;

23.Yng Lvcas f/Peso Pluma – La Bebe/remix;

22.Drake & 21 Savage – Rich Flex;

21.Metro Boomin, Future & Chris Brown – Superhero (Heroes & Villains);

20.Miguel – Sure Thing;

19.Morgan Wallen – Thought You Should Know;

18.Morgan Wallen- Wasted On You;

17.Toosii – Favorite Song;

16.Taylor Swift – Cruel Summer;

15.Bailey Zimmerman – Rock and a Hard Place;

14.Metro Boomin, The Weeknd & 21 Savage – Creepin;

13.Morgan Wallen – Thinkin’ Bout Me;

12.Rema & Selena Gomez – Calm Down;

11.PinkPantheress f/Ice Spice – Boy’s a Liar/Pt. 2;

10.SZA – Snooze;

9.Eslabon Armado f/Peso Pluma – Ella Baila Sola;

8.The Weeknd – Die For You;

7.Morgan Wallen – You Proof;

6.Taylor Swift – Anti-Hero;

5.Luke Combs – Fast Car;

4.Zach Bryan – Something in the Orange;

3.Miley Cyrus – Flowers;

2.SZA – Kill Bill;

1.Morgan Wallen – Last Night;


«TürkmenGazet»
37
95
flowers_
17.01.2024 01:59
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN.



Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa HOMMADOW.
38
52
flowers_
16.01.2024 20:40
Goşgudan galan gyýkyndylar.


▪︎Dilegem gyzyl ýüzüňi soldurýar.

▪︎Emzik emendirmezlik üçin berlenok.

▪︎Başyna giden öz başyny iýip gitse ýagşy.

▪︎Ýasly öýde ýakym bolmaz.

▪︎Goýmaga ýer tapmaýan zadyny iýmäge zat tapmaýanyň öýünde goýanok.

▪︎Müň eneke bir enäň ýerini tutanok.

▪︎Enäň güýji — mährinde.

▪︎Başga duşmanyň bolmasa, babadaşyň duşmanlary bilen gidişibermeli.

▪︎Keýpiň ýok wagty hiç kimi görmeseň, hem hiç kime görünmeseň gowy.

▪︎Almaly wagtyň dynç almasaň, baky dynç almaly wagtyňy golaýlaşdyrarsyň.

▪︎Nyşana almak üçin ýeke göz ýeterlik.

▪︎Rysgalam guşuň göterilişi ýaly göterilýär.

▪︎Ölçegiň bolmasa, göz çaky bilen ölçemeli.

▪︎Ütülip goýlan guşy tutýan — akmak.

▪︎Oňat eseri okap çykaňsoň, eliňe galam almaga ýaýdanýarmyň?

▪︎Güýz gyşyň golaýlaşyp gelýänligi üçin gussa batyrýan bolaýmasyn.

▪︎Dünýä garranok, garradýar.

▪︎Kyn pursatda ata-babaňa sygynmaly.

▪︎Gyz-gelinler bilen baglanyşykly söýgä “yşk” diýmeli.

▪︎Gürrüňi gürrüň açar.

▪︎Dileg eklemez, bilek eklär.



#Atajan ANNABERDIÝEW.
58
955
flowers_
16.01.2024 13:52
Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken…



Kalbyň dar ekeni söýgi sygardan,
Şoň üçin sen ony diliňe çolap,
Paýlap ýörsüň gözel görkli gyzlara,
Owadan söz bilen daşyny dolap.

Seniň söýgiň juda-juda pes eken,
Ýere sepelenip, garyldy çaňa.
Çynym, senli umytlarym kör eken,
Kalbyňda çyn söýgi ýok eken maňa.

Sen diňe ýylgyrdyň ýüzüme bakyp,
Şygyrlarmyň manysyna düşünmän.
Seniň arzuwlarňa ýetip bilmedim,
Ýa kyndymy bu zatlara düşünmäň?

Ömrüň ýalan bilen aýlanýar dynman,
Hakykat seň üçin bar zatdan agyr.
Ýaraly kalbymyň üstünden gülüp,
Näme üçin sen maňa çekdirýäň jebir?

Sen hamala bagtly ýaly görünýäň,
Emma kalbyň hile bilen al eken.
Ýok, puşman etmerin söýenim üçin,
Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken

Ogulbagt ÇARYÝEWA.
33
62
flowers_
16.01.2024 08:27
"Ýaşlyk. Dostluk. Söýgi"

Durmuş oýlanmalary.


Ýaşlyk – munuň özi adamyň ýaşaýşa bolan hyjuwynyň mizemezligidir.Adam öz ýaşlygyny ömrüniň iň gözel döwri hasaplaýar. Ýaşlykda geçiren her bir pursadyny hemişe hakydasynda saklaýar. Ýaşlykdaky güýç-kuwwat, gujur-gaýrat näçe  köp bolan hem bolsa, seriniň badyhowalygy, ham-hyýallygy sebäpli ol gujur-gaýratyň, güýç-kuwwatyň juda az ulandygy hakynda  asla oýlanmaýar…

*****

Kämillik – mähek daşy. Onuň kömegi bilen altynyň sap altyndygyny ýa-da galpdygyny kesgitläp bolýar. Adam ömrüniň “güýzi” hem mähek daşyna kybapdyr. Akyly goýalyp, kämilleşen adam öz  ýaşan ömrüniň menzillerine ser salýar. Goýberen ýalňyşlyklaryny, dogry we nädogry hereketlerini seljerýär hemde netije çykarýar…

*****

Dostluk — lezzetleriň we düşünjeleriň ylalaşmagydyr. Hiç garaşmadyk pursadyňda ýüregiňde döreýän yssy bir duýgudyr, begençdir. Durmuşda ömürlik ýoldaş boljak bu hakyky dostlukdyr. Dostlukda  wagt çägi bolmadyk, başyňa iş düşende ýetişip, gapysyny kakanyňda gözleriňe seredip aňýan, mätäç bolanyňda, gerdeniňe başyny goýup, dogan ýaly syryny paýlaşyp bilýän ynsan bu çyn dostlukdyr.  Dostluk hiç bir zada daýanmaýan söýgi bilen gurulsa uzaga çeker. Ýogsa ellerimize alan gum däneleri ýaly barmaklarymyzyň arasyndan duýman durkak ýitip gider…

*****

Söýgi – bu Zeminde düşündirip hem, düşünip hem bolmaýan gudratdyr. Söýgi adamy we dünýäni döredýän güýçdür. Söýgi ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary ahlak kadalarynyň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolup bilýär.  Ol hemişe ähli ýerden, islendik ýagdaýlarda-da, ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar.

Taýýarlan: Halbibi SATLYKOWA.
30
45