flowers_
18.01.2024 21:34
Meşhur «Kalila we Dimna» eserinden aşagy çyzlan setirler.



▪︎Öz kysmatyna kaýyl bolman, artyk närseler talap eden kişi gözel çemenliklerde reňbe-reň çeçekleriň hoşboý ysyna we ýaşyl ýaprakly daragtlaryň miwelerine kanagat etmän, piliň gulagyna giren we gulagynyň birje hereketi bilen heläk bolan siňege çalymdaş.
***
▪︎Ussaçylyk maýmynyň işi däl.

***
▪︎Iki närse hiç kime ýaraşmaýar: selläni aýaga, dolagy başa oramak. Lagyl we ýakut gurşun bilen birlikde gaplansa-da, olaryň bahasy düşmeýär, ýöne bu işi kylan kişi diňe özüniň akmaklygyny subut eder.
***

▪︎Biri batyl, biri sag iki adam köçede çaknyşyp, ýykylsalar, parasatly adamlar gözi sag adamy aýyplarlar, gözi ejiz adamyň işini ötünçli diýip hasaplarlar.
***

▪︎Adamlarda bar bolan tebigy zehin agajyň ýanmak hususyýetine çalym edýär: agaja o:t goýulmasa, ol ýanmaýar. Edil şunuň deý, tebigy zehin akyl we tejribe bolmasa özüni ýüze çykaryp bilmeýär.
***

▪︎Peýdaly we zyýanly zatlaryň tapawudyny hatda wagşy haýwanlaram bilýär.
***

▪︎Bilmek gerekdir ki, her işiň öz sebäbi, her sebäbiň öz sebäpçisi we her sebäpçiniň öz mekany we zamany bardyr. Uzak ömürlilik hem-de döwletlilik şulara baglydyr.



Toplan: Ýusup BAÝRAMGULYÝEW.
37
103
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, hym. Hali biri hym-yñ manysynama sorap otyrdy😂
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Içgysgynçlagy🙄
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@nabat_, hà 👍😊
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, proga girmek meselelay ýùklenyàr dp ep esli garaşdyrýa. Ýa int promlemma barmyka
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@nabat_, salam. Aprýaly gutardyñyzmy🤔
nabat_
18 Yanwar 2024
Kalila we Dimna👍👍👍🌟🌟🌟gaty gyzykly pedagogikadan gecipdik
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
👀
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Gowmy siz @flowers_,
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
@flowers_, okamalylañ arasynna bellàyin😁
amanmyradowna_
18 Yanwar 2024
Okap gòrmeli şu eseri. Elektronny telimde baram🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.