flowers_
19.01.2024 00:34
Aýdylmadyk sözler.



Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men.

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.

Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.



Halyl KULYÝEW.
35
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.