flowers_
30.01.2024 19:52
DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY


Magtymguly gylyjy söz bilen deňeşdiripdir. Ol müňlerçe we müňlerçe gezek mamladyr: onuň  täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galdy. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň döredijiligi bilen hakly deňeşdirip bilerin.

#I.Draç

***

AJAÝYP EDEBIÝAT

Türkmenleriň klassyky edebiýaty Gündogaryň beýik edebiýatynyň pudagydyr. Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklyk-da ýeterlikdir.

#Ý.Oleşa

***

TÜRKMEN  KOWUMYNYŇ TARYHY

Magtymgulynyň diwany türkmen kowumynyň  jemgyýetçilik ýagdaýydyr we taryhydyr.

#Ahmet Alemi

***

PIKIRDEŞLER

Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden ejir çekmekde türkmen klassygy Magtymguly beýik wenger şahyry Şandor Petefä örän  ýakyndyr, ol hem azatlyga we hakykata çagyrypdyr. Olary bölýän  taryhy menzile garamazdan, iki halkyň genilerini  pikirdeşler diýip jedelsiz atlandyrmak bolar.

#Dýarfoş Endre

***

ŞAHYRANA GÜÝÇ BILEN

Doganlyk türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulyny iň gumanistik ideýalary uly şahyrana güýç bilen halkyň göwnüne ornaşdyryp bilenligi üçin söýýärin.

#I.Ishak

***

IÇGINLIK

Magtymgulynyň şahsyýetini, durmuşyny içgin seljerenimizde, ol biziň göz öňümizde mugallymyň, filosofyň, demokratyň, gumanistiň, akyldaryň we keramatly adamyň keşbinde peýda bolýar.

#Muhammed  Ansrullah

***

MUSULMAN ÄLEMINIŇ AKYLDARY

Ylahy yşky wasp ediji beýik türkmen  aryfy we şahyry Magtymguly Pyragy külli musulman  äleminiň akyldarydyr.

#Mehmet Ýuwa

***

ÖWRENERE ZAT KÖP

Men henize çenli şeýle özboluşly we özüniň döredijiligi bilen şeýle geň häsiýetli, şygyrlary çuň manyly şahyra az duşupdym…. Magtymgulynyň  döredijiliginde öwrenere zat köp.

#Prof. Nowiçenko

***

KÜLLI  TÜRKMENIŇ HALYPASY

Gökleň urugynyň gerkez  tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr.

#A.N.Samoýlowiç

***

GYZYKLY TEMA

Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi temasy has gyzyklydyr. Onuň bu goşgularynda şahyryň çuňňur söýgi duýgusyny, giň dünýägaraýşyny we söz baýlygyny görmek bolýar.

#A.Sogomonýan

***

HALK  SÖÝGÜSINIŇ BELENT DEREJESI

Şu gün siziň milli gimniňiz Magtymgulynyň hatyrasyna ýaňlanýandygyna men aýratyn şatdyryn. Munuň özi, meniň düşünişimçe, halk söýgüsiniň ýokary derejedäki ýüze çykmasydyr. Eger men sazanda bolan bolsadym, şu balkona çykardym-da, öz ýurdumyň milli gimnini hem Magtymgulynyň hatyrasy üçin ýerine ýetirerdim.

#Jemaletdin Aly

***

BEÝIK SÖZ ÝOK BOLMAÝAR

Magtymguly halk poeziýasynyň fakelini belent tutdy. Fanatikler we nadanlar onuň golýazmasynyň köp sanlysyny ýok etdiler. Emma olar diňe kagyzy ýakdylar – beýik sözi ýok edip bolmaýar.

#Nabi Hazri

***

AÝDYŇ AKYL, ÝITI NAZAR

Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşmagyndadyr.

#Ş.Beýşenalyýew

 

 

Taýýarlan: Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW.
33
36
flowers_
30.01.2024 09:48
Taryhda ilkinji…




▪️Taryhda ilkinji türkmen zenan hökümdary Tumarisdir.


▪️Taryhda ilkinji türkmen döwleti hunlar tarapyndan gurlupdyr.


▪️Türki taýpalar ilkinji gezek Mete hanyň döwründe bir baýdak astynda jemlenipdir.



▪️«Türk» sözüni ilkinji ulanan döwlet Göktürkmenler döwletidir.


▪️Ýewropada gurlan ilkinji türkmen döwleti Atillanyň guran Hun döwletidir.


▪️Taryhda ilkinji atly çarwa halk skiflerdir.


▪️Ilkinji türkmen elipbiýi Göktürkmenler tarapyndan döredilipdir.


▪️Türki taýpalarda ilkinji kerwensaraýlar Garahanlylar tarapyndan gurlandyr.


▪️Owganystanda gurlan ilkinji türkmen döwleti Gaznalydyr.


▪️Türki dilde ýazylan ilkinji eser «Kutatgu bilikdir».


Nurana HOJYÝEWA.
31
29
flowers_
29.01.2024 23:35
SEN DIŇE SYNLA!


Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy.

Sen diňe synla,
Saňa ýat adamy, perişan haly…
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla,
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi



Ogulnur ATAÝEWA.
39
62
flowers_
29.01.2024 18:36
Ylymly bolmak hem bir sungatdyr.


▪︎Başarsaň, alym bol! Bolmanda, ylymlylary diňleýän, alymlara hormat goýýan ynsan bol!

▪︎Ýer ýüzi bir deşti sähra bolsa, gülzary ylymdyr.

▪︎Bilim almak we okamak beýiklikdir. Bu düşünjä uýýan ynsanlar hem beýikdir. Kim bilim öwrenýän bolsa, ol barha beýige galýandyr.

▪︎Akyly bar okar, bilimi bar biler, bilimi we akyly bar ynsan maksadyna ýeter.

▪︎Eger ynsan ylmyň nury bilen öz ýoluny ýagtyltmasa, tümlüge gaplanan köçede galar. Ynsan kalbynyň nury ylym we medeniýet bilen kuwwatlanýar. Adamzat nesliniň gymmaty onuň ylmy bilen ölçenýär. Ylymly bolmak hem bir sungatdyr.

▪︎Nirede ylma üns berilýän bolsa, şol ýer bagt mesgenidir.

▪︎Az-azdan öwrenen dana bolar,
Suw damja-damja damyp, derýa bolar.

▪︎Bilim bagta barýan iň ýakyn ýoldur. Şoňa görä, bilimli bolup, bagt ýoluny yzla!

▪︎Bilimiň miwesi gaýtalamagyň netijesinde has-da süýjeýär.

▪︎Ynsan üçin kitapdan gymmatly närse, ondan ýakymly söhbetdeş ýokdur.



Toplan: Muhammet BAÝKABULOW.
39
61
flowers_
29.01.2024 03:54
Maral Durdyýewa.
Aýdymdan🎶


Hiç kim bilmez içim, özümden başga,
Öz-özümden maña syrdaş ýok başga,
Meñ göwnüm öýkeli,içime salýan,
Gizläp hasratlary men diñe ýylgyrýan.
Bu ömür geçip dur salgym ýaly,
Gynanýan ýatlap bar zady.

Ýüregim agla, agla, şonda giñär dünýäm,
Ýüregim agla, agla hasratlar gitsin durman,
Hiç zadyň soñy ýok munda,
Göwne degýän kän şonda-da.
36
37
flowers_
28.01.2024 23:24
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...


Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler,
Sadagaň bolaýyn ene,
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.

Ýene-de galamy almaga ele
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrrüň
Diýdiler üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün.

Waka bolupdyr uzak bir ýerde
Ýöne parhy näme ýakynmy uzak?
Perzeneň enäni terk edenligi
Enäň bolsa haram ölenligi hak.

Men muny ýazmadym belli bir ýerde,
Ýazdym dürli ýerde bölekme-bölek,
Öýde,ýolda,düýşde,mazarystanda
Indi bolsa başyn jemlemek gerek.

Alty sany çaga dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir deňlik wepa
On aýlap ýatypdyr keselhanada ,
Tä penjirä bakyp käte-de gapa.

On aýda üç gezek görnüpdir üç gyz
Erkek göbekliden gelmändir hiçkim,
Aýaga galypdyr äkitmändirler,
Ýygnaň,diýip sutdan gelipdir höküm!

Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap,
Ne, ene etaja çykyp bilipdir,
Ne ogly ýokardan düşüpdir aşak,
Şo ýerde sowukdan gatapdyr ene,
Niçiksi derejä düşdiň sen ahlak.

Waka nämahal nirede boldy?
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene,
Nirede,nämahal,näme parhy bar?
Ene hemme ýerde dälmidir ene.

Ene,ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şu güni,hemem ähli geçeni,
Depäňden müň bela inermiş agşam
Irden birje agladaýsaň ejeňi.

Terjime edipdim Resul şahyry,
Matam müräginde daglaň içeni,
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr:
“Resul oglum,agyrtmagyn ejeňi“

Meşhur bolmasa-da meniňem atam,
Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny.
Şo sözdi onuňam iň soňky sözi:
“Ýalňyz köşek agyrtmagyn ejeňi“

Soň-soňlaram baryp mazarystana,
Bagrym oýkap, owradamda içini.
Ses çykýan ýalydy köne mazardan,
Agyrtmagyn,agyrtmagyn ejeňi.

Ýowuz günde aýlanypdyk bileje,
Atgyrany,Gaňňalyny, Tejeni,
Belki özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi.

Elimden gidende ilkinji söýgüm,
Gürrüň berenimde başdan-geçeni
Enem bir aglapdy, diňe men şonda birje gezek
Agladypdym ejemi.

Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny,
Olam meň günämi ötmedik bolsa,
Gaýdyp beriň, razy etjek ejemi!

Ýok,ýok ol müň kerem razy diýipdi,
Soňam gitdi boşap galdy içeri.
Indi özüm wesýet edýän ogluma,
Agyrtmagyn,aglatmagyn ejeňi.

Bu wesýet, wesýetden-wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden, çowluga ýetip,
Siňsin ýuluklaryň bagyrlaryna.

Hawa üç ogully, üç gyzly ene,
Göwsünde getirip alty ýapragy,
Olary saraltman,özi saraldy,
Şu günem girmeli ene topraga.

Bu waka nämahal,nirede boldy?
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene,
Daşdamy,ýakynda näme parhy bar?
Ene hemme ýerde dälmidir ene?

Hasga kenarymy, Wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi ýokdur tapawut.
Alty balasyna uzak ýaş diläp,
Gabyrystana barýar eneli tabyt.

Tabydy özgeler göterip barýar,
Diňe burny çapyk ortanjy ogul,
Bir minut göterdi, onda derrew götermekçi bolsaň
Täzeden dogul! diýýän dek bir goja yzyna itdi.

Tabyt dowam etdi ýoluny ýene,
Alty köşege uzak ýaş diläp,
Soňky öýne barýar, ak saçly ene.

Biz nälet okaýas,ol ýaş dileýär,
Bir ýol bilen barýar, iki kontras,
Oýlandym, ölçerdim, çykmady başym,
Köpüňi rastmy, enäňki rast?

Enänäni baýdak deý göterip barýas,
Näçe belentlige galdyrdygmyzça ,
Göýä daşlaşýan dek balalaryndan,
Agram atyp,ýere çökýärdi şonda.

Tabydyň yzynda ýüzlerçe pelle,
Göýä akyp barýan gara derýa dek.
Ene bolsa,şol pelleriň üstünden
Balalaryna ömür diläp barýardy.

Ol ömür dileýär, biz nalyş etýäs,
Biziň düşünjämiz ters gelýär enä.
Ýeri aýt perzentler bigünä bolsa,
Onda kimiň günäsikä bu günä?

Belki hol barýanyň günäsidir ol
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp
Guşlar okaýar,enesi bolsa
Gedaý gezgil, kaloşy yyrtyk

Belki hemmämiziň günämizdir ol,
Megerem märekäň içinden dartyp,
Özümi süýrekläp çykarmalydyr,
Megerem mendirin, hatarda artyk.

Birdenem märekäň hataryn kertip,
Wazlap geçip,gitdi 02-i maşyn,
Görlüp gitdi gara tumşukly adam,
Süýnüp gitdi limon reňkli maşyn.

Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr,
Ykbalyň ak tumşyk bermänligi üçin däl-de
On ýyl ozal jaýlanan enäň,
Mazaryn bir gezek görmänin üçin.

Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün,
Ortasy çöküpdir,gapdaly hin-hin,
Goňşular düzedip geldiler şu gün,
Beýik ogly işden goýmazlyk üçin.

Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için,
Wagtym ýok diýenmiş çinownik ogul
Eý ynsap, nähili serhede ýetdiň,
Şeýle nadanlary bog, ýa-da bogul!

Tabydy göterip barýardy millet,
Şäheriň kiçijek köçesi bilen,
Goşulan goşulýar,goşulmadygam,
Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen.

Köçäň ugrunda çal saçly adam,
Ympyrt pijamaly, ympyrt köwüşli,
Göýä ýüzi-gözüde ympyrdy meňzäp,
Märekä bakyp dur dürler öwüşli...

Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,
Tüweleme:tüf,tüf, bir garny bilen
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.

Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal,
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan,
Ketege göçürdi öz ejesini.

Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şo ketekden, ne ejesinden,
Ýygnan puly bolsa harammy halal?
Agypdy,amanat depderçesinden...

Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp,
Haç parzy urup,karkowy pyzyp,
Ynsaby basgylap,wyjdany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne hä,enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de, iki barmak essalam ýazyp,
Hawa hut bizdiris, diňe bizdiris,
Hasrat getirýänler müňlerçe enä,
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kapelkadan geçen ikinji nusga,
Ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen!

Megerem şeýledir, uşak günäden,
Halasgär bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!

Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.

Hawa bu şeýledir, belaň körügi bizdedir,
Çagany näletleme bes,
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň,enä gulak as!

Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas,
Bi ahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň enä gulak as!

Enä gulak as! Şu goşgynyda,
Men dälle eneleň paýhasy goşdy,
Şeýdibem döredi ene pähminden,
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...

Kerim Gurbannepesow.
37
157
flowers_
28.01.2024 21:00
Tymsallar.

YHLASA – MYRAT


“Ýeke kişiniň işi deňizdäki bir damja suw ýalydyr” diýilýär. Arassa yhlas barada şeýleräjik bir tymsal bar. Bir adam deňze göwher daşyny gaçyrypdyr. Ýitigini tapmak üçin eline gap alypdyr-da, ol deňiz suwuny kenardan aňyrlygyna döküp başlapdyr. Deňzi boşadyp, gymmat bahaly daşyny tapjakdygyna, öz yhlasynyň wysala ýetjekdigine onuň synmaz ynamy bar ekeni. Ol irmän-arman ýedi gün işläpdir. Bu adamyň yhlasyny, garadan gaýtmaz hyjuwyny gören Deňziň ruhy göwher daşy jümmüşinden çykaryp, dessine gaýtaryp beripdir. Öz niýetiňden el çekmän, işe pugta ýapyşan ynsanyň elmydama yhlasy myrada ýetýär.

       

Taýýarlan: Ejegyz Saparowa.
35
52
flowers_
27.01.2024 20:46
SAŇA.


Dogrusy, men saňa näme diýeýin,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!

Kalbymdaky näzik duýgymy talap,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Az gördüňmi öňem ejizlän göwni,

Ençe ýyl gursakda düwülen düwni,

Ýadygärlik goýup, maňa bu güni,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Söýgiňi ýüregme ömrüme ýazdym,

Seni ömürboýy arzuwlap gezdim,

Meniň päk duýgyma neneňsi dözdüň,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak
bolsaň?!


Baharyň şemaly tersine öwsüp,

Gözýaşlar gussalaň böwedi böwsüp,

Aglaryn men kime derdimi egsip,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Bahargül Mejidowa.
41
96
flowers_
27.01.2024 07:59

Watansöýüjiligiň, döwletliligiň baýramy!
27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni!



Mukaddes topragynyň, halkynyň öňündäki borjuny duýmak, ony berjaý etmek ýaly asylly wezipeler nesilleri hakyky şahsyýete öwürýär. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününde Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilmegi merdana nesillerimiziň mertebesini beýgeldýär. Bu şanly sene watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, mäkäm goraglylygyň, döwletliligiň toýy hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň baýramçylyk senenamasynda aýratyn orny eýeleýär.


Watan — ähli gymmatlyklaryň gözbaşy. Watan — şu barlykdaky baýlyklaryň bir ýere jemlenmesi, ähli gadyrly zatlaryň bitewi görnüşi. Şonuň üçin hem bu ýerleri pederlerimiz gözden-dilden gorap, şu günüň nesillerine miras goýupdyrlar. Asylzada atalarymyzyň aýap-apalan mukaddes topragynyň şöhraty bolsa bu günki günde has-da dabaralanýar.


Hormatly Prezidentimiz: «Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, bizi watansöýüjiligiň has aýgytly gadamlaryny basmaga çagyrýar. Bu sözler her bir türkmen raýatyna, aýratyn-da Watan goragçylaryna egsilmez ruhy güýji hem-de zähmet kuwwatyny bagyşlaýar.


Watanyň gaýduwsyz goragçysy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly ýaşlara nusgalyk görelde mekdebidir. Çünki bu beýik ynsan ýaşan juda manyly ömründe Watana, halka, il-güne wepalylygyň belent nusgasyny görkezipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Watan goragy mukaddesdir», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly watansöýüjilige, ynsanperwerlige, mertlige, gaýduwsyzlyga ýugrulan eserlerinde taryhda beýik şöhrat gazanan merdana pederlerimiz barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu kitaplar Watan goragçylarynyň ýankitabyna öwrüldi.


Enejan HUDAÝBERENOWA.


Baýramyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!

65
331
flowers_
27.01.2024 01:02
GARAŞDYM


Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.


Ogulnur ATAÝEWA.
33
38