flowers_
28.01.2024 23:24
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...


Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler,
Sadagaň bolaýyn ene,
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.

Ýene-de galamy almaga ele
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrrüň
Diýdiler üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün.

Waka bolupdyr uzak bir ýerde
Ýöne parhy näme ýakynmy uzak?
Perzeneň enäni terk edenligi
Enäň bolsa haram ölenligi hak.

Men muny ýazmadym belli bir ýerde,
Ýazdym dürli ýerde bölekme-bölek,
Öýde,ýolda,düýşde,mazarystanda
Indi bolsa başyn jemlemek gerek.

Alty sany çaga dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir deňlik wepa
On aýlap ýatypdyr keselhanada ,
Tä penjirä bakyp käte-de gapa.

On aýda üç gezek görnüpdir üç gyz
Erkek göbekliden gelmändir hiçkim,
Aýaga galypdyr äkitmändirler,
Ýygnaň,diýip sutdan gelipdir höküm!

Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap,
Ne, ene etaja çykyp bilipdir,
Ne ogly ýokardan düşüpdir aşak,
Şo ýerde sowukdan gatapdyr ene,
Niçiksi derejä düşdiň sen ahlak.

Waka nämahal nirede boldy?
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene,
Nirede,nämahal,näme parhy bar?
Ene hemme ýerde dälmidir ene.

Ene,ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şu güni,hemem ähli geçeni,
Depäňden müň bela inermiş agşam
Irden birje agladaýsaň ejeňi.

Terjime edipdim Resul şahyry,
Matam müräginde daglaň içeni,
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr:
“Resul oglum,agyrtmagyn ejeňi“

Meşhur bolmasa-da meniňem atam,
Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny.
Şo sözdi onuňam iň soňky sözi:
“Ýalňyz köşek agyrtmagyn ejeňi“

Soň-soňlaram baryp mazarystana,
Bagrym oýkap, owradamda içini.
Ses çykýan ýalydy köne mazardan,
Agyrtmagyn,agyrtmagyn ejeňi.

Ýowuz günde aýlanypdyk bileje,
Atgyrany,Gaňňalyny, Tejeni,
Belki özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi.

Elimden gidende ilkinji söýgüm,
Gürrüň berenimde başdan-geçeni
Enem bir aglapdy, diňe men şonda birje gezek
Agladypdym ejemi.

Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny,
Olam meň günämi ötmedik bolsa,
Gaýdyp beriň, razy etjek ejemi!

Ýok,ýok ol müň kerem razy diýipdi,
Soňam gitdi boşap galdy içeri.
Indi özüm wesýet edýän ogluma,
Agyrtmagyn,aglatmagyn ejeňi.

Bu wesýet, wesýetden-wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden, çowluga ýetip,
Siňsin ýuluklaryň bagyrlaryna.

Hawa üç ogully, üç gyzly ene,
Göwsünde getirip alty ýapragy,
Olary saraltman,özi saraldy,
Şu günem girmeli ene topraga.

Bu waka nämahal,nirede boldy?
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene,
Daşdamy,ýakynda näme parhy bar?
Ene hemme ýerde dälmidir ene?

Hasga kenarymy, Wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi ýokdur tapawut.
Alty balasyna uzak ýaş diläp,
Gabyrystana barýar eneli tabyt.

Tabydy özgeler göterip barýar,
Diňe burny çapyk ortanjy ogul,
Bir minut göterdi, onda derrew götermekçi bolsaň
Täzeden dogul! diýýän dek bir goja yzyna itdi.

Tabyt dowam etdi ýoluny ýene,
Alty köşege uzak ýaş diläp,
Soňky öýne barýar, ak saçly ene.

Biz nälet okaýas,ol ýaş dileýär,
Bir ýol bilen barýar, iki kontras,
Oýlandym, ölçerdim, çykmady başym,
Köpüňi rastmy, enäňki rast?

Enänäni baýdak deý göterip barýas,
Näçe belentlige galdyrdygmyzça ,
Göýä daşlaşýan dek balalaryndan,
Agram atyp,ýere çökýärdi şonda.

Tabydyň yzynda ýüzlerçe pelle,
Göýä akyp barýan gara derýa dek.
Ene bolsa,şol pelleriň üstünden
Balalaryna ömür diläp barýardy.

Ol ömür dileýär, biz nalyş etýäs,
Biziň düşünjämiz ters gelýär enä.
Ýeri aýt perzentler bigünä bolsa,
Onda kimiň günäsikä bu günä?

Belki hol barýanyň günäsidir ol
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp
Guşlar okaýar,enesi bolsa
Gedaý gezgil, kaloşy yyrtyk

Belki hemmämiziň günämizdir ol,
Megerem märekäň içinden dartyp,
Özümi süýrekläp çykarmalydyr,
Megerem mendirin, hatarda artyk.

Birdenem märekäň hataryn kertip,
Wazlap geçip,gitdi 02-i maşyn,
Görlüp gitdi gara tumşukly adam,
Süýnüp gitdi limon reňkli maşyn.

Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr,
Ykbalyň ak tumşyk bermänligi üçin däl-de
On ýyl ozal jaýlanan enäň,
Mazaryn bir gezek görmänin üçin.

Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün,
Ortasy çöküpdir,gapdaly hin-hin,
Goňşular düzedip geldiler şu gün,
Beýik ogly işden goýmazlyk üçin.

Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için,
Wagtym ýok diýenmiş çinownik ogul
Eý ynsap, nähili serhede ýetdiň,
Şeýle nadanlary bog, ýa-da bogul!

Tabydy göterip barýardy millet,
Şäheriň kiçijek köçesi bilen,
Goşulan goşulýar,goşulmadygam,
Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen.

Köçäň ugrunda çal saçly adam,
Ympyrt pijamaly, ympyrt köwüşli,
Göýä ýüzi-gözüde ympyrdy meňzäp,
Märekä bakyp dur dürler öwüşli...

Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,
Tüweleme:tüf,tüf, bir garny bilen
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.

Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal,
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan,
Ketege göçürdi öz ejesini.

Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şo ketekden, ne ejesinden,
Ýygnan puly bolsa harammy halal?
Agypdy,amanat depderçesinden...

Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp,
Haç parzy urup,karkowy pyzyp,
Ynsaby basgylap,wyjdany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne hä,enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de, iki barmak essalam ýazyp,
Hawa hut bizdiris, diňe bizdiris,
Hasrat getirýänler müňlerçe enä,
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kapelkadan geçen ikinji nusga,
Ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen!

Megerem şeýledir, uşak günäden,
Halasgär bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!

Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.

Hawa bu şeýledir, belaň körügi bizdedir,
Çagany näletleme bes,
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň,enä gulak as!

Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas,
Bi ahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň enä gulak as!

Enä gulak as! Şu goşgynyda,
Men dälle eneleň paýhasy goşdy,
Şeýdibem döredi ene pähminden,
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...

Kerim Gurbannepesow.
37
157
tmyigit76
29 Yanwar 2024
Ýatdan bilýan goşgymdy
amanmyradowna_
29 Yanwar 2024
@flowers_, suraty gowy gelşipdir
amanmyradowna_
28 Yanwar 2024
👍👏👏👏
bagulya
28 Yanwar 2024
Men sul sahyryn asygy gaty gowy goryan hemme setirkeri bir altyn❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.