flowers_
27.01.2024 20:46
SAŇA.


Dogrusy, men saňa näme diýeýin,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!

Kalbymdaky näzik duýgymy talap,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Az gördüňmi öňem ejizlän göwni,

Ençe ýyl gursakda düwülen düwni,

Ýadygärlik goýup, maňa bu güni,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Söýgiňi ýüregme ömrüme ýazdym,

Seni ömürboýy arzuwlap gezdim,

Meniň päk duýgyma neneňsi dözdüň,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak
bolsaň?!


Baharyň şemaly tersine öwsüp,

Gözýaşlar gussalaň böwedi böwsüp,

Aglaryn men kime derdimi egsip,

Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?!


Bahargül Mejidowa.
41
96
guwanch00
28 Yanwar 2024
Men saña ýüregiñdim birwagtlar, Ýada ýöne güýmenjedim birwagtlar, Ýüregiñmi , güýmenjemi nam bolsa-da , Saña juda gerekdima birwagtlar.
diktr
27 Yanwar 2024
👍👍👍
mel1
27 Yanwar 2024
👍👍
okan
27 Yanwar 2024
👍👍👍👏😔
ATOMIC
27 Yanwar 2024
𝕺𝖟𝖉𝖊𝖒𝖎𝖗 𝕬𝖘𝖆𝖋
sazsoft
27 Yanwar 2024
@flowers_, 😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.