flowers_
29.01.2024 23:35
SEN DIŇE SYNLA!


Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy.

Sen diňe synla,
Saňa ýat adamy, perişan haly…
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla,
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi



Ogulnur ATAÝEWA.
39
62
nabat_
30 Yanwar 2024
👍👍🤧🥺
sazsoft
30 Yanwar 2024
@flowers_, Çehow 💜
sazsoft
30 Yanwar 2024
«Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy» 🥺
guli_
29 Yanwar 2024
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.