flowers_
27.01.2024 07:59

Watansöýüjiligiň, döwletliligiň baýramy!
27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni!



Mukaddes topragynyň, halkynyň öňündäki borjuny duýmak, ony berjaý etmek ýaly asylly wezipeler nesilleri hakyky şahsyýete öwürýär. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününde Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilmegi merdana nesillerimiziň mertebesini beýgeldýär. Bu şanly sene watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, mäkäm goraglylygyň, döwletliligiň toýy hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň baýramçylyk senenamasynda aýratyn orny eýeleýär.


Watan — ähli gymmatlyklaryň gözbaşy. Watan — şu barlykdaky baýlyklaryň bir ýere jemlenmesi, ähli gadyrly zatlaryň bitewi görnüşi. Şonuň üçin hem bu ýerleri pederlerimiz gözden-dilden gorap, şu günüň nesillerine miras goýupdyrlar. Asylzada atalarymyzyň aýap-apalan mukaddes topragynyň şöhraty bolsa bu günki günde has-da dabaralanýar.


Hormatly Prezidentimiz: «Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, bizi watansöýüjiligiň has aýgytly gadamlaryny basmaga çagyrýar. Bu sözler her bir türkmen raýatyna, aýratyn-da Watan goragçylaryna egsilmez ruhy güýji hem-de zähmet kuwwatyny bagyşlaýar.


Watanyň gaýduwsyz goragçysy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly ýaşlara nusgalyk görelde mekdebidir. Çünki bu beýik ynsan ýaşan juda manyly ömründe Watana, halka, il-güne wepalylygyň belent nusgasyny görkezipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Watan goragy mukaddesdir», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly watansöýüjilige, ynsanperwerlige, mertlige, gaýduwsyzlyga ýugrulan eserlerinde taryhda beýik şöhrat gazanan merdana pederlerimiz barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu kitaplar Watan goragçylarynyň ýankitabyna öwrüldi.


Enejan HUDAÝBERENOWA.


Baýramyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!

65
331
diktr
27 Yanwar 2024
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe gabatlanyp, Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär. Bu günüň giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň nyşanydyr.🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲
kudurje
27 Yanwar 2024
Onda su gün mnm soygulimin bayramy
Tayler
27 Yanwar 2024
👍
gokgi
27 Yanwar 2024
👍🏼👮‍♂️👮‍♀️
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
@melayew, wokzalyn yanyndaky otryady bilyanmi
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
@melayew, Senem N1'mi
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
@melayew, Oktyabrski etrap
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
@melayew, 😂 N1 mn
möjek_daýy🐺
27 Yanwar 2024
@melayew, men bn den ekenin onda menem 03
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.