flowers_
03.02.2024 09:27

Bu iýmitleri aç garna iýmekden gaça duruň!





Kämahallar işe ýa-da haýsydyr bir ýere gitmek üçin howlugýan wagtymyz bir zatlar iýmek isleýän wagtymyz, «fast food» iýmitleri iýýäris. Aslynda, iýýän bu iýmitlerimiz adatça peýdaly bolsa-da, garyn boşlugymyzda bize zyýan berýär. Aç garnyňyza iýmeli däl iýmitleriňiz:


Pyrtykal suwy – düzümindäki tebigy kislotalary sebäpli aşgazanyňyza zyýan berip biler.


Pomidoryň – düzümindäki kislotanyň köp bolandygy üçin aşgazan boşlugynda aşgazanyňda oňaýsyzlygyyň döremegine sebäp bolup biler.


Bananda – kaliý mukdary köp bolansoň, ganyň şekeri birden köpelip biler. Şol sebäpli banany aç garna iýmek maslahat berilmeýär.


Tagam berijileri – aç garnyň üstünde iýmeli däl. Refleks, gastrit, ýaralar ýaly keselleri ýüze çykarmakdan başga-da, aşgazanyň bozulmagyna sebäp bolýar.


Kofe – ajöze kofe içmek, düzümindäki kofein sebäpli aşgazanyň gysylmagyna we aşgazan agyrysynyň döremegine sebäp bolup biler.


Miweli ýogurt – taýýar önümleri iýmek, içindäki süýjüdiji sebäpli ganyň şekeriniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin taýýar önümleri hem aç garna iýmeseňiz saglygyňyz üçin peýdaly bolar.



Gaýrat MYRADOW.
37
48
flowers_
02.02.2024 23:19
Sen özüňden günä gözläp aglaýaň,
Aslynda-ha aglamaly men dälmi.
Şowmadyk söýginiň ýürege salan
Ýaralary, ikimize deň dälmi?!

Gussalarym gurşap aldy kalbymy,
Hatda olar damaga çen püre-pür.
Salgym deýin ýatlamalar men hakda,
Seni süýji hyýallara büresin!

Sen düşünäý…
Täleýi ters maňlaýa,
Şeýle agy ýazandyr-da Ýaradan.
Zar-zelil başyňy äm-säm ýaýkalap,
“Nämçüýn?” diýip, aglaýarsyň ýene-de.

…Gözýaşyňy syrykdyrýaň ykbala,
Ykbal näme hemmelere deň dälmi?
Sen özüňden günä gözläp aglama,
Aýralyga aglamaly men dälmi?!


Parahat BATYROW.
41
63
flowers_
02.02.2024 09:39
Janly-jandarlaryň täsin dünýäsi.



🐢Haýwanat dünýäsinde iň az ýaşaýan jandar suw siňegidir. Onuň 1 günlük ömri bar. Uzak ýaşaýanlary bolsa piller hem-de pyşbagalardyr. Piller 70 ýyl, pyşbagalar bolsa 200-300 ýyl töweregi ýaşaýar.
***

🐘Piliň hortumynda hiç hili süňk ýokdur. Ýöne 4000 sany myşsasy bardyr.
***

🐕‍🦺Arşa çykarylan ilkinji jandar Laýka atly itdir.
***

🦣Käbir piller we žirafalar, köplenç dik duran ýerinde uklaýarlar.
***

🦒Žiraflaryň dili gara reňkde bolup, uzynlygy 30 santimetre çenli ýetip bilýär.
***

Mör-möjekleriň arasynda iň tiz hereket edýäni iri köçe saçakçysydyr. Oňa sekuntda boýnuň uzynlygyndan 50 esse uzak aralygy geçmek başartýar.
***

Ýer ýüzüniň iň ýyndam mör-möjekleriniň biri bolan planarýa atly möjek 100 bölege bölünse-de ölmeýär, tersine bölünen parçalarynyň her biri şol möjegiň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin hem bu möjek käwagtlar öz-özüni bölekläp, öz neslini köpeldýär.
***

🐴Atlar tomusda günüň dowamynda ortaça 30,5 litr suw içip bilýär.
***

🐎Atlar gözlerini ýumup, 3 aýagynyň üstünde durup çalaja ymyzganyp bilýärler. Has gowy uky almakçy bolanlarynda bolsa biziň ýatyşymyz ýaly ýatýarlar.
***

🐇Towşanlaryň bir görnüşi bolan «üýtgeýän towşanyň» boýy bary-ýogy 50 santimetr, agramy bolsa 2,5 kilogramdyr. Üýtgeýän towşan üstüne howp abananda birden gaçmaýar. Çünki ol ýatan ýeriniň reňkine görä, reňkini üýtgedip bilýändir.
***

🦫Gunduzlaryň dişleri edil palta ýaly ýiti hasaplanýar. Ol 30 metrden beýik 150 santimetrden ýogyn bolan agaçlary sähelçe wagtyň içinde dişleri bilen kesip bilýär.
***

🐪Bir düýe 15 minudyň dowamynda 200 litr suw içip bilýär.
***

🦉Baýguş mawy reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdur.
***

🐧Pingwin bolsa uçup bilmeýän, ýöne ýüzüp bilýän ýeke-täk guşdur.
***

🐜Garynjalar hiç wagt uklamaýar.
***

🦈Dünýädäki iň uly we iň çalt ulalýan jandar kitdir. Onuň agramy 22 aýda 26 t
onna çenli ýetip bilýär.
***

🦆Ördekler suwda 6 metr çuňluga çenli çümüp bilýändirler.


Maýsa ÖWEZOWA.
41
102
flowers_
02.02.2024 00:29
Seni tapyp, men özümi ýitirdim…




Seni tapyp, men özümi ýitirdim,

Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.

Men öz belet şäherimde azaşdym,

Azaşdym men seniň gara gözleňde.

 

Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,

Hem tapamok barýan ýoly tünegme.

Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,

Aljyrarmyş adam bagty çüwende.

 

Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.

Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,

Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.

 

Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,

Söýgi diňe salýar ýürege dowul.

Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,

Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.

 

Gözleri ümezlär yşka düşeniň,

Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.

Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan

Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.

 

Men aýňalman, halas boljak bolamok.

Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.

Ýüregime täze ýara salsa-da,

Bu sataşan derdim köne dert örän.



Atamyrat ATABAÝEW
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
34
30
flowers_
01.02.2024 21:39
Goşgudan galan gyýkyndylar.

Şahyr Atajan Annaberdiýewiň şygra öwrülen pikirlerinden.



▪︎Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.

▪︎Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.

▪︎Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.

▪︎Talabyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.

▪︎Ýer togalagynyň çat açandygyny bilýärmiň?

▪︎“Çepiňe ýatyp turan ýaly…” diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.

▪︎Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.

▪︎Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.

▪︎Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.

▪︎Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.

▪︎Burun kesmeseňem ganaýar.

▪︎Sögüşmek uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.

▪︎Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?

▪︎Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.

▪︎Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.

▪︎Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.

▪︎Almany göge oklaňsoň, gapmaly.

▪︎Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.

▪︎Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.

▪︎Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.

▪︎Öleniň öňüne düşmeli däl.

▪︎Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.

▪︎“Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!

▪︎Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.

▪︎Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.



Atajan ANNABERDIÝEW.
37
118
flowers_
01.02.2024 10:10
Tymsallar


Garryja gojanyň aýaly öýde öý mesgesini ýasaýardy. Ýaşuly goja her gün şol mesgeden ýakynyndaky dükana äkidip satýardy we şeýdip gün-güzeranlaryny görýärdiler. Dükandaky satyjy ýaşulynyň getirýän mesgelerini ölçemän (çekmän) alyp galýardy.
Bir gün ýaşuly dükandan çykyp gidensoň, satyjy mesgäni terezä goýdy. Görse mesge 900 gram gelip dur eken. Satyjy gaty gaharlandy. Ertesi gün elindäki mesgesi bilen ýaşuly dükana girdi. Satyjy erbet bakyşlar bilen ýaşula seredip:
— Mundan soň mesgesini senden aljakdäl, diýdi.
Garry goja gynanyp:
— Bir ýalňyş iş etdimmi? Näme sebäpden beýle diýdiň?
Satyjy:
— Seniň maňa getiren mesgäňi ölçedim 900 gram geldi. Eden zadyň utanç dämi?
Ýaşuly utanyp başyny aşak egip:
— Bagyşlaň, biziň terezimizde ölçeg daşy ýok. Sizden 1 kg şeker alypdyk. Ölçeg daşy hökmünde şony ulanýas, diýipdir.
Satyjy utanjyndan näme diýjegini bilmedi.

Kime nähili agramda gadyr görkezseň, şol agramda-da gadyr görersiň.


çeşme: Internetden alynan.
40
66
flowers_
31.01.2024 23:38
Awtory: Gülşirin HANOWA.


Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Goýdum takdyrymy pelek çarhynda.
Arman, umytlarym eýläpdir bendi,
Öýkeli men günleň ötüp barşyndan.

Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Utuldym, unutdym, eýledim puşman.
Hasrata bukulyp ýörenim geňmi,
Geňmi gezip ýörmäm şatlyga duşman?

Men şol arzuwlary guran serwi dal,
Perwana men, yşkym, yşygym senmi?!
Iki dünýäň arasynda sermisal,
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi…
36
36
flowers_
31.01.2024 21:15

Nowşirwan Adylyň nesihatlaryndan.



▪️Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň girdişine geňirgenmäň.


▪️Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini, muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.


▪️Köp zyýan ýeten adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin.


▪️Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar.


▪️Aldanasyň gelmese edilmedik işi etdim hasap etmegin.


▪️Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň,nebsiň ýesiri bolmagyn.


▪️Aklyň kesgir bolsun diýseň öz-özüňi iliň gözi bilen garagyn.


▪️Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.


▪️Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.


▪️Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.


▪️Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.


▪️Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.


▪️Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.


▪️Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.


▪️Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.


▪️Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.



“Kowusnama” kitaby esasynda taýýarlan:

Jemşit ŞERAPOW.

60
204
flowers_
31.01.2024 09:43
Näme üçin okamaly?


Okamak — hobbi. Elbetde, hiç kim birini kitap okamaga mejbur edip bilmez. Munuň ýerine, okamaga höweslendiriň. Fransuz ýazyjysy, publisist, belli pedagog Eduard Labuleniň aýdyşy ýaly, her bir halkyň ösüşiniň orny, şol halkyň okaýan kitaplarynyň sany bilen kesgitlenýär.

Kitaplar özümize, dünýä, durmuşyň manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Çeper eser bolmasa pikiriň çuňlugy ýok. Radio, telewideniýe, internet bar, ýöne olar belli bir derejede ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyryp, kitabyň ýerini tutup bilmezler. Okamak hakda köp zat aýdyp bolar. Gysgaça aýdylanda, edebiýat — adamyň çeper pikirlenişiniň önümi. Kitap adam tebigatynyň ajaýyp gudratydyr. Adam bar bolsa, edebiýat we kitaplar ýaşamagyny dowam etdirer.

Köp adam näme üçin okaýandygyna düşünmeýär. Käbirleri muny kyn, ýöne bilim almagyň ýeke-täk usuly hökmünde görýärler. Olar üçin islendik kitap adamy «bilimli» edýär. Käbir adamlar üçin bolsa okamak güýmenje. Her birimiz, hünärimize, ýaşymyza garamazdan, ukyplarymyza we ýagdaýlarymyza baglylykda kitap bilen belli bir derejede aragatnaşyk saklaýarys. Ölçegli durmuşymyzyň bir bölegini şoňa sarp edýäris. Ýöne haýsy kitaby okamalydygy, umuman, näme üçin kitap okaýandygymyz hakda hemmämiz çuňňur pikir etmeýäris.

Bu barada geçen asyryň iň meşhur ýazyjylarynyň biri Herman Hesse şeýle ýazýar: «Käbir okyjy kitabyň güýjüni duýýar. Şeýle-de bolsa, bu güýji aç-açan göz öňüne getirip ýa-da baha berip bilmeýär. Şeýle okyjy lukmançylykdan düýbünden bihabar näsaga meňzeýär, ýagny haýsy dermanyň gerekdigini anyk bilmän her gutyny dadyp başlaýar. Aslynda, her kim özüne täze güýç we ylham berýän kitaplaryny tapmagy başarmaly».

Filosof Lebbon bolsa: «Ata-babalarymyza kitap tapmak kyn düşdi, biz bolsa indi kitap saýlamakda kynçylyk çekýäris» diýipdir.

Sözümiň ahyrynda meşhur rus ýazyjysy Boris Pasternagyň sözlerinden sitata getirmek isleýärin: «Beýik edebiýat diňe beýik okyjylar peýda bolanda ýüze çykýar». Ýurdumyzda kitaplaryň we okyjylaryň barha köpelýändigine begenýäris.



Nargiza HUDAÝBERGENOWA.
41
62
flowers_
30.01.2024 23:18
Söýüň!



Söýüň,
Synsyn gaýgy-gussa omurlyp,
Tutaryk edinmäň altyn düýşleri.
Böwsüp söýüň bir-birekden ömürlik
Aýra saljak bolýan gara güýçleri.

Ýanan ýürek kömür deýin garalar,
Bu durmuşda aýra düşen utulýar.
Ýaýdanman söýüň siz,
özge ýaralar
Söýgiň ýarasyndan basym gutulýar.

Dyza çökmän söýüň,
Peselmän söýüň!
Söýüşiň siz bir-biregi örtemän.
Söýüň belent tutup mertebäňizi,
Söýgem ýokdur ýok ýerinde mertebäň.


Atajan ANNABERDIÝEW.
42
50