flowers_
31.01.2024 21:15

Nowşirwan Adylyň nesihatlaryndan.



▪️Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň girdişine geňirgenmäň.


▪️Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini, muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.


▪️Köp zyýan ýeten adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin.


▪️Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar.


▪️Aldanasyň gelmese edilmedik işi etdim hasap etmegin.


▪️Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň,nebsiň ýesiri bolmagyn.


▪️Aklyň kesgir bolsun diýseň öz-özüňi iliň gözi bilen garagyn.


▪️Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.


▪️Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.


▪️Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.


▪️Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.


▪️Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.


▪️Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.


▪️Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.


▪️Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.


▪️Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.



“Kowusnama” kitaby esasynda taýýarlan:

Jemşit ŞERAPOW.

60
204
Tayler
31 Yanwar 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.