flowers_
01.02.2024 21:39
Goşgudan galan gyýkyndylar.

Şahyr Atajan Annaberdiýewiň şygra öwrülen pikirlerinden.



▪︎Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.

▪︎Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.

▪︎Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.

▪︎Talabyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.

▪︎Ýer togalagynyň çat açandygyny bilýärmiň?

▪︎“Çepiňe ýatyp turan ýaly…” diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.

▪︎Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.

▪︎Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.

▪︎Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.

▪︎Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.

▪︎Burun kesmeseňem ganaýar.

▪︎Sögüşmek uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.

▪︎Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?

▪︎Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.

▪︎Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.

▪︎Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.

▪︎Almany göge oklaňsoň, gapmaly.

▪︎Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.

▪︎Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.

▪︎Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.

▪︎Öleniň öňüne düşmeli däl.

▪︎Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.

▪︎“Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!

▪︎Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.

▪︎Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.



Atajan ANNABERDIÝEW.
37
118
kudurje
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, nacinji yyl siz
kudurje
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, gowu bolun hemise
kudurje
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, gowu siz nahili
kudurje
3 Fewral 2024
Tayler
1 Fewral 2024
sazsoft
1 Fewral 2024
Hany, hany, gohlaşmanjyk çata geçiň we ýatyň! Ýatmasalar ýatyp galmagy ähtimallar bar, olara päsgel bermäň 😁
Tayler
1 Fewral 2024
@garlawac_, 4 aý 10 gün bolmaly
Tayler
1 Fewral 2024
7 ýalňyş dâmâý🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.