flowers_
31.01.2024 09:43
Näme üçin okamaly?


Okamak — hobbi. Elbetde, hiç kim birini kitap okamaga mejbur edip bilmez. Munuň ýerine, okamaga höweslendiriň. Fransuz ýazyjysy, publisist, belli pedagog Eduard Labuleniň aýdyşy ýaly, her bir halkyň ösüşiniň orny, şol halkyň okaýan kitaplarynyň sany bilen kesgitlenýär.

Kitaplar özümize, dünýä, durmuşyň manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Çeper eser bolmasa pikiriň çuňlugy ýok. Radio, telewideniýe, internet bar, ýöne olar belli bir derejede ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyryp, kitabyň ýerini tutup bilmezler. Okamak hakda köp zat aýdyp bolar. Gysgaça aýdylanda, edebiýat — adamyň çeper pikirlenişiniň önümi. Kitap adam tebigatynyň ajaýyp gudratydyr. Adam bar bolsa, edebiýat we kitaplar ýaşamagyny dowam etdirer.

Köp adam näme üçin okaýandygyna düşünmeýär. Käbirleri muny kyn, ýöne bilim almagyň ýeke-täk usuly hökmünde görýärler. Olar üçin islendik kitap adamy «bilimli» edýär. Käbir adamlar üçin bolsa okamak güýmenje. Her birimiz, hünärimize, ýaşymyza garamazdan, ukyplarymyza we ýagdaýlarymyza baglylykda kitap bilen belli bir derejede aragatnaşyk saklaýarys. Ölçegli durmuşymyzyň bir bölegini şoňa sarp edýäris. Ýöne haýsy kitaby okamalydygy, umuman, näme üçin kitap okaýandygymyz hakda hemmämiz çuňňur pikir etmeýäris.

Bu barada geçen asyryň iň meşhur ýazyjylarynyň biri Herman Hesse şeýle ýazýar: «Käbir okyjy kitabyň güýjüni duýýar. Şeýle-de bolsa, bu güýji aç-açan göz öňüne getirip ýa-da baha berip bilmeýär. Şeýle okyjy lukmançylykdan düýbünden bihabar näsaga meňzeýär, ýagny haýsy dermanyň gerekdigini anyk bilmän her gutyny dadyp başlaýar. Aslynda, her kim özüne täze güýç we ylham berýän kitaplaryny tapmagy başarmaly».

Filosof Lebbon bolsa: «Ata-babalarymyza kitap tapmak kyn düşdi, biz bolsa indi kitap saýlamakda kynçylyk çekýäris» diýipdir.

Sözümiň ahyrynda meşhur rus ýazyjysy Boris Pasternagyň sözlerinden sitata getirmek isleýärin: «Beýik edebiýat diňe beýik okyjylar peýda bolanda ýüze çykýar». Ýurdumyzda kitaplaryň we okyjylaryň barha köpelýändigine begenýäris.



Nargiza HUDAÝBERGENOWA.
41
62
nabat_
31 Yanwar 2024
👍👍😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.