flowers_
19.03.2024 15:17

“Google” Nowruz baýramyny gutlady.




Dünýäniň iň köp ulanylýan gözleg saýty hasaplanýan “Google” Nowruz baýramy mynasybetli “doodle” (saýtyň belli seneler mynasybetli nyşanyny üýtgetmegi) taýýarlady. Saýta girilende, onuň nyşanynyň ýerinde bu baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan kompozisiýany görmek bolýar.

Bu saýt belli şahsyýetleriň doglan günlerinde, haýsydyr bir edilen ähmiýetli açyş ýa-da baýramçylyklar mynasybetli nyşanynyň deregine surat taýýarlaýar.




zamanturkmenistan.com.

30
97
flowers_
19.03.2024 09:09

Sen bar diýip jahanda.


Mahmal sähram Sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum Saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
… A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.


Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

33
55
flowers_
18.03.2024 20:32

SEN MENI BAGYŞLA...


Ýüregim agyrýar...
Bagyşla, serwim,
Men bir heňlän dünýä sepleşip barýan.
Yzymda galdyryp utuşym, görgim,
Göze görünmeýän nätanyş bilen
Bir düşnüksiz dilde gepleşip barýan.

Umytlam titreýär, ysgyn ýok halys
Urulyp-urulyp, egbarlan kalpda.
Höwes ýok, maksat ýok, toý-baýram — alys,
Gözlerim — lezzetde, ýüregim — galpda.

Başym ýaş bolsa-da, arzuwlam — goja,
Ýaza ýaza garaýşym deý bakmaýan.
Derdi dökmek küje, derdinmek küje!
Men olary miras kimin saklaýan.

Bu dostlaryň dost boldugy däl heniz,
Ýansam ýanyp, öçenimde öçmese.
Sen meni bagyşla,
Bagyşla, eziz,
Dözemok men duýgularmy hiç kese.





22.04.2023ý.

✏Sapa HOMMADOW.
34
60
flowers_
18.03.2024 06:31

Ähtimal.


Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal,
Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

Bilýäñ ahyr, duýgylamda meslek ýok,
Arzuwlarma umyt bilen çyrmaşdym,
Başarsañ-a ynamymy berçinläp,
Heşdek ýaly dogumymy ornaşdyr.

Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Garaşma sen çogly günüñ dogarna,
Ykbal, täleý, ýazgyt bile birigip,
Iñ soñunda alyp gider owarra.

A soñra-da ne men, ne-de sen meni,
Tapyşmarys,
Idemersiñ, idemen,
Seniñ üçin tüme dönen dünýäni,
Görmezligi arzuw eder dideleñ.

Öwrenşeris, ,,Ýazgyt\" diýip oñarys,
Başyñ alyp durmazmyşyn ähli zat,
Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal...




Awtory: Baýram Bejidow.
25
28
flowers_
17.03.2024 20:32

Danalaryň paýhasly pentlerinden.


Edepli edebinden gürlemez, edepsiz hem “Men ony gürletmedim” diýip pikir
eder.

#Jelaleddin Rumy.

***

Dil aýdar – gulak diňlär, ýürek aýdar – älem diňlär.

#Ýunus Emre.

***
Söz giden dünýädir, manysy giňdir,
Many aňmadygyň ahwaly teňdir.

#Abdyrahman Jamy.

***
Ümsüm otur, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy!

#Magtymguly Pyragy.

***
Söz – bu gazap bilen çakan ýyldyrym,
Söz – bu gyz näzidir, dürleň – dürüdir.

#Gurbannazar Ezizow.

***
Gürlemek zerurlyk bolsa, dymmak sungatdyr.

#Gýote.

***

Az gürle, uz gürle.

#Türkmen nakyly.

***

Gürleýän wagtyň sözleriň dymanyňdakydan oňat bolmalydyr.

#Arap nakyly.





Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow.
31
69
flowers_
17.03.2024 16:16

Gysga hekaýa.

Aýgytly pursat.


Gyzyň gulagynda ýapylyp gelýän erkinlik derwezesiniň sesi çalaja ýaňlanýardy. Özygtyýarlylyk ony hemişelik terk edipdi, onuň ykbaly keseki ellerdedi, ol indi hiç wagt erkinligi görmez. Häzir nirädir bir ýerlere gaçyp gitseň nähili oňat boljakdygy ýaly pikirler onuň kellesinde at salýardy. Ýöne mundan hiç ýaňa gaçyp bolmajakdygyna gyz düşünýärdi. Ol ýylgyryp öýlenýän ýigidine bakyp gaýtalady: “Hawa, razy”.




😐
Tina Milbern.
32
151
flowers_
16.03.2024 20:26

Iñ gadymy kitaphana.



Häzirki wagta çenli üsti açylan iň gadymy kitaphana bu – b.e.öňki VII asyrda ýaşap geçen Assiriýa patyşasy Aşşurbanipalyň kitaphanasydyr. Bu kitaphana gadymy Assiriýa döwletiniň paýtagty Ninewiýa şäherinde ýerleşen patyşanyň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylýar. Ol diňe bir özüniň gadymylygy bilen tapawutlanman, eýsem onda saklanylan ýazgylar bilen hem tapawutlanýandyr. Iň gadymy kitaphanalaryň nähili bolandygy hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek?! Mälim bolşy ýaly, Aşşurbanipal  döwlet başyna geçmezden ozal din ugry boýunça bilim alypdyr. Ol örän bilimli bolup, birnäçe dillerde geplemegi başarypdyr we matematikadan hem-de dini däp-dessurlardan gowy baş çykarypdyr. Ol tagta geçeninden soň, ylmyň ähli ugurlaryna degişli bolan kitaplary toplap başlapdyr. Kitaplary toplamak işi çärýek asyrlap dowam edip, netijede özünde kitaphananyň we döwlet arhiwiniň wezipelerini jemleýän uly bir toplum emele gelipdir. Klinopis bilen ýazylan ýazgylar palçyk tagtajyklarynda saklanylypdyr. Kitaphanada saklanylan ýazgylar şumer, assir, wawilon we akkad dillerinde ýazylypdyr. Olaryň käbirleri, mysal üçin ensiklopediýalar we sözlükler iki dilde, ýagny şumer we akkad dillerinde bolupdyr. Ýazgylaryň köpüsiniň 6 sany göçürmesi bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda arheologlar tarapyndan üsti açylan Aşşurbanipalyň kitaphanasy we onda saklanylan ýazgylar gadymy Mesopotamiýanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin alymlara uly ylmy gollanma boldy.




Enejan Ýoldaşowa.
33
239
flowers_
16.03.2024 12:37
Ölüme barýan...


Ölüme barýan,
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endik.
Bolşum şo...)
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
Ölüme barýan...

@kyas



REMEZAN MÄMETGURBANOW.
29
50
flowers_
16.03.2024 08:14

DILLER BARADA GYZYKLY FAKTLAR
08/03/2024


Hemmämiz iň bolmanda bir dilde gürleşýäris, köpüsi iki dilde gürleýär, käbirleri aragatnaşyk gurmaga we aragatnaşyk gurmaga aşyk bolmaga we medeniýetleriň we dinleriň syrlaryny öwrenmäge kömek edýän birnäçe daşary ýurt dilini öwrenmek bagtyna eýe. Munuň syrlaryny bilmek isleýärsiňizmi?

▪︎Bütin dünýäde 7000 diliň bardygy, hytaý dilinde 50,000 simwolyň bardygy mälimdir. Şeýle-de bolsa, ene dilinde gürleýänler azyndan 2000 ulanmagy maslahat berýärler.

▪︎Ýer şarynyň dünýä ilatynyň 12,44% mandarin dilinde gürleýär we Aziýada dilleriň sany 2200-e ýetýär.

▪︎Lýuksemburg mekdeplerindäki okuw prosesiniň 50%-i iňlis, fransuz we nemes dillerini öwrenmäge bagyşlanýar.

▪︎Dünýäde ýaşaýan adamlaryň dörtden bir bölegi iňlis dilinde gürleşip bilýär.

▪︎Botswanada, Mbukuşu dili bolup, ol 5 sany meňzeş esasy seslerden we 17 sany baglanşykly çekimli seslerden ybarat.

▪︎Bu aralykda, fransuz dilinde göz öňüne getirip bolmajak bir zat bolup geçýär: fransuz dilinde “O” harpyny 13 görnüşde aýdyp bolar.

▪︎Dünýä kartasynyň 2 400-den köp dilleri howp astyndadyr. 231 dil düýbünden ýok bolup gitdi, şol sanda Alderneý fransuz (Kanal adalary), Soýot (Burýatiýa respublikasy) we Togoýo (Günorta Sudan) dilleri hem.

▪︎Meksikada Aýapaneko dili ýok bolmak howpy astyndadyr. Şol dili gowy gürläp bilýän iki adam biri-biri bilen gürleşmekden düýbünden ýüz öwürýärler.

▪︎XIX asyrda döredilen , Esperanto 500,000 bilen 2 million adamlaryň aralygynda gürlenilýär. Iki film tutuşlygyna Esperantoda düşürildi we 1960-njy ýylda görkezildi.

▪︎Ogly dünýä inenden soň, D’Armond Spirs onuň bilen Klinton dilinde üç ýyllap gürleşdi. Soň bolsa ogly bu sapaklary we şoňa görä-de dili düýbünden ýatdan çykardy.

▪︎Talossa dilinde 35,000 söz bar. Bu 1979-njy ýylda Robert Ben Madison 13-nji tarapyndan esaslandyrylan Talossanyň wirtual Patyşalygy bilen baglanyşdyrylan. Bir gün irden, ol öz otagyny Talossanyň Patyşalygy netijesinde ABŞ-dan garaşsyz diýip yglan etdi.

▪︎Furbish çagalar oýnawaçlarynyň täze nesliniň resmi dilidir.

Terjime we hyzmatdaşlyk

▪︎Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy 300 dile terjime edildi. Bu häzirki wagtda dünýäde iň köp terjime edilen resminamdyr.

▪︎Birleşen Milletler Guramasynda resmi taýdan alty dilde gürleşilýär: Arap, Hytaý, Fransuz, Iňlis, Rus we Ispan.

▪︎“Pinokkio” kitaby dünýäniň ähli dillerine diýen ýaly gabat gelýär. Bu 2545 dile terjime edilen Injilden soň, ikinji iň meşhur kitapdyr.

Bu hemmelere degişlidir

▪︎Friz 830 – Papua Täze Gwineýada gürlenýän dilleriň sany.

▪︎Iňlis dilini bilýänler üçin friz dili iň aňsat daşary ýurt dilidir. Ol Gollandiýanyň käbir ýerlerinde doglan we iňlis diline meňzeş seslere eýe.

▪︎Alymlar, uzaklyga garamazdan, ýaponlaryň ýerli Amerikaly Zuni taýpalarynyň diline gaty meňzeýändigini anykladylar.




Orazsoltan ORAZOWA.
31
85
flowers_
16.03.2024 01:33
Güli bolmaly.


Müñ söýseñde ýaryñ,eziz dostlañam
Kalbyñda,törüñde ýeri bolmaly
Gaýgyñda gamlanyp,güleñde gülüp
Käte müñ derdiniñ emi bolmaly


Söýmeli söýen dek bagta çagyryp
Dünýäñ özi söýgä,bagta çakylyk
Hoşluk bilen geçip gidýär çagalyk
Her kimiñ geçmişde ýeri bolmaly


Bir görseñ ertedir,bir görseñ öýle
Käte dyrjaşýarys beýikden-beýge
Ynsan ogly neneñ takatsyz beýle?!
Nebsiñem,gahryñam öz ýeri bolmaly.


Söýgi baky bolar,ölmese ynam
(Ynamsyz,umytsyz ýaşamak ýaman)
Wagt bu bir salgym,geçmiş bir ýalan
Biz öz geljegmiziñ güli bolmaly.


Öwezowa Bilbil Aşyrowna.
38
52